19 Haziran 2015 Cuma

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýeniň Prezidentine Gynanç Hatyny Iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana ozalky Prezident Süleýman Demireliň biwagt aradan çykmagy zerarly Türkmenistanyň halkynyň adyndan we hut öz adyndan çuňňur gynanjyny beýan etdi.

“Süleýman Demirel görnükli syýasatçy we döwlet işgäri bolup, Türkiýäniň we onuň halkynyň abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda örän uly işleri bitirdi” diýlip, hatda bellenilýär.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder