11 Haziran 2015 Perşembe

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyzy senagat taýdan öňdebaryjy, kuwwatly döwlete öwürmäge gönükdirilen uly möçberli özgertmelere esaslanýan ylmy-tehniki syýasaty durmuşa geçirmek, ösen innowasiýa ulgamyny döretmek we innowasiýa işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda innowasiýa işini ösdürmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin maksatnamasy hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna, ministrliklere we pudak edaralaryna maksatnamanyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

*** 

Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti  Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ulag babatynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-pakistan iş toparynyň Türkmen bölegi döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder