17 Haziran 2015 Çarşamba

Türkmenistanyň Prezidenti Jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Halifa bin Zaýed Al-Nahaýan, 
Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti:

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Mukaddes Oraza aýynyň ýetip gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy beýan edýärin. 

Beýik Biribardan Size berk jan saglyk we bagt, Türkmenistanyň doganlyk halkyna ýagşylyk we abadançylyk, ähli musulman ymmatyna bolsa rowaçlyk we öňegidişlik dileg edýärin.  

*** 

Şeýh Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabah, 
Kuweýt Döwletiniň Emiri: 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti 
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa  

Siziň Alyhezretiňiz, 

Mukaddes Oraza aýynyň ýetip gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize özümiň mähirli gutlaglarymy hem-de Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, türkmen halkyna mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk baradaky arzuwlarymy ýollaýaryn. Şeýle hem Beýik Alladan bütin musulman ymmatyna abadançylyk dileg edýärin. 

Meniň iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder