17 Haziran 2015 Çarşamba

Türkmenistanyň Mary Şäheri

Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde “Syýahatçylyk –parahatçylygyň ilçisi we gatnaşyklaryň çeşmesi” atly halkara maslahaty açyldy, oňa dünýäniň 20-ä golaý ýurdundan syýahatçylyk we dynç alyş ulgamynyň hünärmenleri gatnaşýar. Ispaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Rumyniýanyň, Bolgariýanyň, Çehiýanyň, Slowakiýanyň, Russiýanyň, Ukrainanyň, Türkiýäniň, ABŞ-nyň, Awstraliýanyň, Täze Zelandiýanyň, Ýaponiýanyň, Malaýziýanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Pakistanyň, Eýranyň we beýleki ýurtlaryň wekilleri bu ýere ýygnandylar.

2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäreleriň maksatnamasyna laýyklykda guralýan maslahat, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň bu pudagynyň ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilik syýasatynyň we syýahatçylyk, işewür gatnaşyklary giňeltmek nukdaýnazaryndan halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek babatynda ösüşiniň strategiki maksatlaryna we wezipelerine bagyşlanýar.

Parahatçylyk söýüjilik, özara ylalaşyk we birek-birege hormat goýmak we ynsanperwerlik esasynda jemgyýeti ösdürmek ýörelgesini yglan edip, türkmen döwleti bu ýörelgeleri halkara gatnaşyklarynyň tutuş toplumynda hem ugur edinýär. Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň konsepsiýasy hem şundan ugur alýar, ol işewürlik bähbitleri we ruhy gymmatlyklary özünde jemlemek bilen, milli mirasa daýanýar we syýahatçylygy ýurtlary we halklary tanamagyň we ýakynlaşmagyň iň netijeli usuly hökmünde dünýä syýahatçylyk ulgamyna doly derejede goşulyşmagy maksat edip goýýar.

“Mary” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilýän maslahatyň dabaraly açylyşynda bu duşuşygyň möhüm ähmiýeti nygtaldy, ol Türkmenistan bilen daşary ýurtlaryň dünýä syýahatçylyk pudagynda toplanylan tejribeleri we iň täze işläp taýýarlamalary alyşmaga hem-de özara hyzmatdaşlygy baýlaşdyrmaga we çuňlaşdyrmaga ýardam berer.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanda bäsdeşlige ukyply syýahatçylyk toplumyny kemala getirmek biziň ýurdumyzyň daşary syýasy konsepsiýasynyň we durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu pudagyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet bermek bilen, ony ýurdumyzda we sebitlerde amala aşyrylýan özgertmeler maksatnamalaryna kuwwatly itergi bermäge, döwletimiziň halkara abraýynyň mundan beýläk-de artmagyny üpjün edýän parahatçylyk we dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmekde bu ulgamyň mümkinçiliklerine ünsi çekýär. 

Milli Liderimiz bu pudagyň ykdysady we durmuş esaslarynyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmagy, tebigy we taryhy-medeni serişdelere aýawly we netijeli peýdalanmagy, şeýle hem dünýä derejesinde ýurdumyzyň täze syýahatçylyk keşbini kemala getirmegi esasy wezipe hökmünde öňde goýdy.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda yzygiderli ýagdaýda geçirilýän dürli maslahatlar, sergiler we beýleki çäreler, tanyşdyryş we maglumat-mahabat işleri ýurdumyzyň özüne çekiji syýahatçylyk keşbini döretmäge öňyn ýardam edýär.

Bularyň ählisi täze geljegi uly işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga ýardam etdi, olaryň oňyn häsiýeti bu çäreleriň dowam etdiriljekdigine hem-de iş ýüzünde netijeli boljakdygyna şaýatlyk edýär. Şunuň ýaly işler şu gezekki halkara maslahatynyň çäklerinde hem geçirilýär, maslahatyň esasy maksady hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we giňeltmek, ýurdumyzda we dünýäde innowasiýa işläp taýýarlamalary üstünlikli ornaşdyrmaga ýardam bermek, Türkmenistanyň halkara syýahatçylyk giňişliginde täze geljegi uly  merkez hökmündäki ornuny  berkitmäge ýardam bermekdir. 

Maslahata daşary ýurtly gatnaşyjylar öz çykyşlarynda dürli meselelere: Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek, Türkmenistana syýahat etmäge isleg bildirýänleriň möçberlerini seljermek, bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary guramak, şeýle hem hünär bilimi ulgamynda hyzmatdaşlyk ýaly meseleleriň giň toplumyna degip geçdiler.

Hususan-da, maslahatda BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň Ýewropa maksatnamasynyň utgaşdyryjysy Beka Jakeli, Ýaponiýanyň “JATA” syýahatçylyk agentlikleriniň assosiasiýasynyň wekili, Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministriniň  Türk hyzmatdaşlyk we utgaşdyryjy agentliginiň wekili, Gyrgyz Respublikasynyň, Bolgariýanyň we Rumyniýanyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary, Çehiýanyň Syýahatçylyk we sport akademiýasynyň, Russiýanyň Syýahatçylyk tehnologiýasy institutynyň, Ukrainanyň Poltawa söwda-ykdysady uniwersitetiniň, şeýle hem hususy syýahatçylyk, mahabatçylyk-marketing kompaniýalaryň wekilleri öz çykyşlarynda pudagyň öňünde durýan wezipeleriň giň toplumynyň üstünde durup geçdiler.

Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli toparynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň wekilleriniň giňişleýin maglumatlary maslahata gatnaşýan daşary ýurtly wekillerde uly gyzyklanma döretdi.

Özara pikir alyşmalar bu pudagy ösdürmäge dürli çemeleşmeleri aýan etmäge, şeýle hem öňdebarajy tejribeleri görkezmäge we bu ugurda hyzmatdaşlygyň has netijeli mysallaryna, şol sanda milli iş tejribesinde gazanylan tejribä garamaga mümkinçilik berdi. 

Bu maslahatda döwlet we işewürlik toparlaryň, ylym we söwda-ykdysady ulgamyň, bilim edaralarynyň gatnaşýandyklary aýratyn ähmiýete eýedir – munuň özi taraplaryň garaýyşlaryny ýakynlaşdyrýar, pudaklaryň we döwlet-hususy düzümleriň tagallalaryny birleşdirip, syýahatçylygyň ýurdumyzda we dünýä tejribesinde gazananlaryny, innowasiýa çemeleşmeleri we işläp taýýarlamalary üstünlikli durmuşy geçirmäge ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlaryň arasynda syýahatçylyk ulgamynda has işjeň maglumatlar alyşmagy ýola goýmak baradaky teklip aýdyldy we ara alyp maslahatlaşyldy.

Maslahatda bellenilişi ýaly, syýahatçylyk halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolmak bilen, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ösüşi höweslendirýär. Şonuň üçin hem häzirki wagtda Türkmenistanda bu örän möhüm pudaga innowasiýa ösüş babatynda hem, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakda, ýurdumyzyň medeni özboluşlylygyny saklamak, halklaryň arasynda  medeni gatnaşyklary ösdürmek we dünýäde ynam we dostluk ýagdaýyny kemala getirmek babatynda hem uly ähmiýet berilýär.

Şu gün maslahata gatnaşyjylar Mary welaýatynyň taryhy-medeni we ülkäni öwreniş muzeýine, Mary welaýat kitaphanasyna baryp gördüler, belli aýdymçylaryň we folklor-etnografiýa toparlarynyň gatnaşmagynda getirilen çykyşlara tomaşa etdiler, türki dünýäsi-2015-iň paýtagtynyň ajaýyp künjeklerine gezelenç etdiler.

Ertir maslahat öz işini dowam eder. Onuň çäklerinde syýahatçylyk pudagynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakda taryhy ylmy-barlag işleriniň ähmiýeti, syýahatçylyk düzümleriniň ösdürilmeginiň ugurlary, syýahatçylyk hyzmatlaryna täzeçe çemeleşmeler ýaly meselelere garalar. Şeýle hem ikitaraplaýyn gepleşikleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar, olarda hyzmatdaşlygyň ugurlary we görnüşleri anyklaşdyrylar.

Bu çärelerden ozal bolsa, maslahata gatnaşyjylar üçin “Gadymy Merw” taryhy-medeni goraghanasyna we “Baýramaly” şypahanasyna gezelenç guralar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder