19 Haziran 2015 Cuma

Türkmen Bedewi Watanymyzyň Ösüşiň Belentliklerine Tarap Ymtylmasynyň Nyşanydyr

“Türmken atlary” döwlet birleşiginiň Halkara atçylyk sport toplumy “Intellektual eýeçiliginiň çäginde iň gowy kärhana” atly baýraga mynasyp boldy. Bu abraýly halkara baýragy Intellektual eýeçiliginiň bütindünýä guramasy (WIPO) tarapyndan döredildi. Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamynyň bu hökümetara ýöriteleşdirilen guramasy intellektual eýeçilik ulgamynda esasy halkara konwensiýalaryň birnäçesini dolandyrmak bilen meşgullanýar.

Intellektual eýeçiliginiň bütindünýä guramasynyň Baş direktory Frensis Garriniň WIPO-nyň baýragyny gowşurmak dabarasynda eden çykyşynda belleýşi ýaly, bu baýrak Halkara atçylyk sport toplumyna sebitde iň gowy kärhanalaryň biri hökmünde gowşuryldy. Bu toplum özüniň esasy işiniň ugry boýunça, şeýle hem innowasion täjirçilik we marketing strategiýalaryny durmuşa geçirmekde intellektual eýeçilik ulgamynyň, mahabat işiniň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak ulgamynda uly üstünliklere eýe boldy.

Ştab-kwartirasy Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde ýerleşýän Intellektual eýeçiliginiň bütindünýä guramasy 1967-nji ýylda döredildi. Bu guramanyň esasy maksady ähli ýurtlaryň ykdysady, durmuş we medeni  ösüşiniň möhüm guraly bolup durýan intellektual eýeçiligi netijeli ulanmaga we goramaga ýardam etmekden ybaratdyr. WIPO-nyň işinde  intellektual eýeçilik ulgamynda halkara kanunlary we kadalary işläp taýýarlamaga, intellektual eýeçilige degişli meseleleri milli ösüş maksatnamalaryna goşmaga uly üns berilýär. Türkmenistan 1995-nji ýyldan bäri WIPO-nyň agzasy bolup durýar. 

Halkara atçylyk sport toplumy – Merkezi Aziýadaky iň iri atçylyk merkezi diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem daşary ýurtlarda hem uly meşhurlyga eýe boldy.  Bu kanunalaýyk ýagdaýdyr: mälim bolşy ýaly, hut şu ýerde, Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjeklerde müňlerçe ýyl mundan ozal adamzat siwilizasiýasynyň medeni atçylygynyň gözbaşy peýda boldy we meşhur ahalteke atlarynyň taryhy mekany şu ýerler bilen baglanyşyklydyr. Meşhur “ganatly bedewler”  häzir hem türkmenleriň aýratyn buýsanjy, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygy bolmagynda galýar. 

Soňky ýyllarda atçylyk pudagyny ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna goşuldy.   Behişdi bedewlere birnäçe kitaby, şol sanda “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler”  atly kitaplary bagyşlan milli Liderimiziň taýsyz tagallalary we ýakyndan goldaw bermegi netijesinde ýurdumyzda milli atçylyk sungatynyň ösmegine we meşhur tohum atlary giňden wagyz etmäge täze kuwwatly itergi beren ägirt uly işler amala aşyryldy. Olaryň hatarynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi, ýurdumyzda döwrebap aýlawlaryň we iri atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy, abraýly umumy milli  bäsleşikleriň döredilmegi bilen baglanyşykly işler bar. Şol geçirilen çäreleriň netijesinde ganatly bedewleriň şan-şöhraty gün-günden artýar,  dünýäniň ähli künjeklerde ahalteke bedewleriň muşdaklarynyň sany köpelýär. 

Ýurdumyzda tohum atlaryň baş sanyny artdyrmak boýunça geçirilýän giň möçberli we toplumlaýyn işler bilen birlikde ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň halkara atçylyk ulgamyna goşulyşmagyna ýardam etmäge, atçylyk sportuny ösdürmäge, dünýäniň atçylyk sport giňişliginde Türkmenistana mynasyp wekilçilik etmäge ukyply ussat çapyksuwarlary taýýarlamaga, iň esasysy bolsa, ýaş nesli türkmen halkynyň gadymdan gelýän döredijilik däpleriniň esasynda terbiýelemäge uly üns berilýär. 

Halkara atçylyk sport toplumynda ylgaw ýodajyklarynyň döwrebaplaşdyrylmagy bu ugurda ädilen möhüm ädimleriň biri boldy. Şol ýodajyklara döwrebap sintetiki toprak –politrek düşeldi.  Ulanyş häsiýetnamalarynyň gowulandyrylmagy islendik howa şertlerinde atçylyk ýaryşlarynyň netijelliligini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.  Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda Okuw merkezi we ýapyk manež guruldy, şol ýerde türgenler  at çapyşyklary, marafon, konkur we atçylyk sportunyň beýleki görnüşleri boýunça okuw taýýarlygyny geçýärler. Mundan başga-da, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Gökdere obasynda tohum ahalteke bedewleriniň 600-sini ýetişdirmek üçin niýetlenen döwrebap atçylyk toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar. 

Ýurdumyzda ahalteke bedewlerine bagyşlanyp geçirilýän halkara sergileri we maslahatlary hem atçylyk we atçylyk sporty ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge ýardam edýär. Däp bolşy ýaly, aprel aýynda bellenilip geçilýän Türkmen bedewiniň baýramyna gabatlanylýan bu forumlar ýurdumyzyň atçylyk ulgamynyň ösüşiniň özboluşly görkezijisine öwrülip, onuň ýörelgelerini hem-de bu ulgamdaky täzelikleri şöhlelendirýär. Olar atçylyk pudagynyň esasy hünärmenleriniň,  bu ulgamda işleýän iri kompaniýalaryň ünsüni özüne çekýär. 

Häzirki wagtda dünýäniň dürli künjeklerinde atçylyk zawodlaryny, bu ulgamyň ylym we okuw binýadyny, atçylyk sport klublaryny we şunuň bilen baglylykda türkmen atçylygynyň ajaýyp däplerini  dikeltmäge gyzyklanma artýar. Atlara baş öwretmegiň milli mekdebi ussat hünärmenleriň ünsüni özüne çekýär. Türkmenler halk seçgiçileriniň ajaýyp sungatynyň täsin eseri bolan ahalteke bedewini dünýä peşgeş bermek bilen çäklenmän, eýsem, bu bahasyna ýetip bolmajak atlaryň arassalygyny saklap galmagy hem başardylar. Uly seleksion –genetiki kuwwata eýe bolan ýurdumyzyň tohumçylyk atçylygynda täze ylmy usullar we guramaçylyk çemeleşmeleri, dünýäniň öňdebaryjysy tejribesi işjeň ornaşdyrylýar. Täsin genefonduň aýawly saklanjakdygy we milli taryhy gymmatlyk hökmünde geljekki nesillere geçiriljekdigi şübhesizdir. 

Türkmenistanyň Germaniýada geçirilýän “Spoga horse”  we “Equitana” halkara sergilerine  we  Belgiýada guralýan “Flanders Horse Expo”  atly gözden geçirilişe gatnaşmagy ýurdumyzyň bu ulgamda ysnyşykly we netijeli gatnaşyklary ýola goýmak babatdaky ýene-de bir ädimi boldy. Beýleki şanly wakalaryň hatarynda türkmen çapyksuwarlarynyň “Triumfalnaýa arka-2012”  atly halkara bäsleşigine gatnaşmagyny, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna bolan döwlet saparynyň çäklerinde 2014-nji ýylda Pekin şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň göçme mejlisiniň geçirilmegi görkezmek bolar. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň  aprel aýynda HHR-iň paýtagtynda “Ahalteke bedewi-parahatçylyk ilçisi”  şygary  astynda geçirilen ägirt uly dabarany görkezmek bolar. Ony Hytaýyň Atçylyk assosiasiýasy we Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasy guradylar.                   

Türkmen jigitleriniň daşary ýurtlardaky haýran galdyryjy çykyşlaryny hem ýatlaman geçmek bolmaz. “Galkynyş”  milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan ýeňşi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu topar 2013-nji ýylyň oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen Sirk sungatynyň bütindünýä festiwalynyň, şeýle hem 2014-nji ýylda Italiýada geçirilen XVI Halkara sirk sungatynyň festiwalynyň  ýeňijisi boldy.  

Ýurdumyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna giňden taýýarlyk görülýär. Bu oýunlar 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçiriler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi boýunça Aziada—2017-niň maksatnamasyna atçylyk sportunyň konkur görnüşi hem girizildi. 

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy tarapyndan neşir edilýän “Ganatly ahalteke bedewleri”  atly ýöriteleşdirilen, suratlar bilen bezelen žurnal, şeýle hem Türkmen döwlet habarlar agentliginiň (TDH) ählumumy Internet ulgamynda açan adybir web-saýty bütindünýäde ýurdumyzyň atçylyk sungatyny giňden wagyz etmäge ýardam etmelidir. TDH-nyň web-saýty eýýäm dünýäniň onlarça ýurdunyň okyjylarynyň ünsüni çekdi. Olar türkmen bedewleriniň gözelligine haýran galýarlar. 

Şeýlelikde, täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýadawsyz aladasy we taýsyz tagallalary netijesinde atçylyk pudagyny ýokary sport netijeleriniň kuwwatly, döwrebap hem-de netijeli ulgamyna öwürmek üçin zerur bolan binýat döredilýär. Ahalteke bedewleri türkmen halkynyň taryhynyň täze eýýamynyň -- Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyp nyşanyna öwrüldi. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder