14 Haziran 2015 Pazar

Tagtabazar Etraby Galla Ýygnamak Baradaky Borçnamasyny Ilkinji Bolup Ýerine Ýetirdi

Mary welaýatynyň Tagtabazar etraby galla ýygnamak baradaky borçnamasyny ýurtda ilkinji bolup ýerine ýetirdi. Bu ýerde 19 müň 852 tonna hasyl ýygnaldy. Bu bolsa borçnamanyň 101,3 göterim ýerine ýetirilendigini görkezýär. 

Umuman, Türkmenistan boýunça 860 müň gektara ekilen bugdaýdan 1 million 600 müň tonna hasyl ýygnamak bellendi. Her günde harmanyň üsti 60 müň tonna töweregi bugdaý bilen ýetirilýär. 

Sebitler boýunça bugdaýy ormagyň depgini barada aýdanyňda häzirki günde Lebap welaýaty öňde barýar. Welaýatda göz öňünde tutulan 350 müň tonna bugdaýyň 30 göteriminden gowragy ýygnaldy.

Bugdaý oragy Ahal we Mary welaýatlarynda deň derejede diýen ýaly alnyp barylýar. Olaryň her birinde degişlilшkde ýygnalmaly 450 we 380 müň tonna bugdaýyň 27 göterimi ýerine ýetirildi. Balkan welaýatynyň ekerançylary hem ýygnalmaly 120 müň tonna bugdaýyň 16 göterimden gowragyny ýygnadylar. 

Daşoguz welaýatynyň gallaçylary bugdaý oragyna 14-nji iýunda girişdiler. Bu ýerde şu ýyl 300 tonna bugdaý ýygnamak göz öňünde tutulýar. Gubadag etrabynyň Gökçäge daýhan birleşiginde bu pudagyň hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen maslahat bu möhüm çärä bagyşlandy. 

3-nji iýunda badalga alan galla oragynyň ilkinji netijeleri oba hojalyk möwsüminiň ýokary derejede gurnalandygyna şaýatlyk edýär. Galla oragynda “Türkmenobahyzmat” Döwlet birleşiginiň oba hojalyk tehnikalary işledilýär – umuman Claas, John Deer, Case kysymly däne orujy kombaýnlarynyň 1700 sanysy netijeli işledilýär. Göçme mehanizmleşdirilen toparlaryň 350-si tehnikalara hyzmat edýär. Ýük daşaýan ulaglaryň 6 müň 800 sanysy bugdaýy kabul ediş nokatlaryna we elewatorlara daşaýarlar. 

Bugdaý meýdanlarynda işler gije-gündшzleýin alnyp barylýar. Galla oragyna gatnaşýanlar üçin dynç almak üçin meýdançalar, gyzgyn nahar, medeni-dynç alyş maksatnamasy guraldy. 

“Türkmengallaönümleri” DB galla kabul ediş nokatlarynyň 155-nde, elewatorlarda, Watanyň harmanlaryna gelip gowuşýan bugdaýlaryň hiline baha berýän “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň barlaghanalarynda işler gyzgalaňly alnyp barylýar. 

Galla oragyna gatnaşýanlaryň her biriniň zähmeti öňde goýlan esasy wezipä – ýetişdirilen bol hasyly ýitgisiz we gysga möhletde ýygnamaga gönükdirilendir.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder