20 Haziran 2015 Cumartesi

Putin Asada Goldaw Bermäge Dowam Edýär

San Peterburg şäherinde geçirlen Halkara ykdysadiýet forumynda çykyş eden Russiýanyň Prezidenti Wladimit Putin, Siriýadaky çaknyşyklaryň bes edilmegi üçin daşary ýurtlaryň harby operasiýa guramagyna garşydygyny aýtdy.
Siriýada dowam edýän çaknyşyklaryň has-da agyrlaşyp biljekdigini aýdan Putin, Siriýanyň Liwiýa meňzemegine alada bildirýändigini nygtady.
Ukraina krizisi barada hem durup geçen Putin dartgynlygy başladanyň Russiýa bolmandygyny, ABŞ-nyň krizisiň möwjemeginde esasy rol oýnandygyny belledi.
Ukraina krizisini Günbatarly ýurtlaryň çözüp biljekdigini aýdan Putin, Günbatarly ýurtlar bilen Russiýanyň arasyndaky dartgynlyga garamazdan ýurdunyň hyzmatdaşlyga taýardygyny ýatlatdy.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder