21 Haziran 2015 Pazar

Dünýä Jemgyýetçiligi Türkmenistanyň Neşekeşlige Garşy Göreş Baradaky Tagallalaryny Goldaýar

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesiniň golaýynda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan geçirilen birnäçe ýörite işleriň barşynda ele salnan neşe serişdelerini ýok etmek boýunça çäre geçirildi. Munuň özi neşe serişdeleriniň ulanylyşyna, ýaýradylyşyna we onuň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça Halkara gününe bagyşlanyldy.

Türkmenistanyň Hökümeti, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky neşekeşlige garşy göreş boýunça utgaşdyryjy topar we Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugy tarapyndan guralan hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugy bilen tassyklanan “Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we seri dumanladyjy serişdeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreş boýunça çäreleriň meýilnamasyna” laýyklykda geçirilen bu çäre häzirki döwrüň howply wehimlerine döwletimiziň we jemgyýetimiziň barlyşyksyz garşy durýandygynyň anyk subutnamasydyr.

Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy düzümleriniň ýolbaşçylary, halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň neşekeşlik we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň, ÝHHG-niň, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýeçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri  200 kilogramdan gowrak neşe serişdeleriniň ýok edilişiniň şaýady boldular. 

Çäre başlamazdan öňürti oňa gatnaşyjylara dürlii ölçegdäki gaplanan, ýörite haltalara salnan neşe serişdeleri görkezildi. Isleg bildirenleriň her biri öz elleri bilen neşe serişdeli gaplary, haltalary  uly göwrümli  ýörite peçlere okladylar. Bu çäräniň başdan- aýak geçişine hukuk goraýjy düzümleriň işgärleri, ýörite ygtyýarly bilermenler gözegçilik etdiler. 

Oňa gatnaşyjylar bu çäräniň örän uly ähmiýetiniň bardygyny nygtap, neşekeşlige we neşe serişdeleriniň ýaýradylmagyna garşy göreşiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini nazarlaýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny bellediler. Neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalarynyň bikanun dolanyşygyna garşy göreş baradaky halkara konwensiýalaryna gatnaşýan Türkmenistan  BMG-niň 2012-2015-nji ýyllarda neşe serişdeleri boýunça toparynyň agzasy hem bolup durýar. 

Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça  neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygynyň öňüni almaga gönükdirilen döwlet syýasatyny has netijeli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugy döredildi. Munuň özi milletiň ruhy we beden taýdan saglygyny goramagyň ýolundaky netijeli ädimi alamatlandyryp, “Döwlet adam üçindir!”  diýen şygary baş ýörelge edinýän döwlet syýasatynyň tapgyrlaýyn hem maksatnamalaýyn esasda durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr. 

Häzirki döwürde Türkmenistanda “2011-2015-nji ýyllarda neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek, neşe serişdelerine we psihotrop maddalara garaşly adamlara kömek bermek boýunça Milli maksatnamasy” durmuşa geçirilýär. Oňa laýyklykda, neşe serişdeleriniň ýurdumyza getirilmeginiň öňüni almak, neşekeşligi ýüze çykarmak we ony bejermek babatda giň möçberli işler alnyp barylýar.  

Sagdyn durmuş ýörelgesini işjeň wagyz etmek boýunça maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine döwlet tarapyndan goldaw berilmegi neşekeşlik ýaly wehimiň derejesiniň peselmegine oňyn täsirini ýetirýär. Şunda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  dürli sport çärelerine işjeň gatnaşmak bilen, jemgyýetimiz, ilkinji nobatda bolsa ýaşlar üçin nusgalyk görelde görkezýär.  

Bu çärä gatnaşan daşary ýurtlular onuň ähmiýetini belläp, munuň  Türkmenistanyň parahatçylygyň, durnukly ösüşiň berkidilmegine ygrarlydygynyň, häzirki zamanyň wehimlerine garşy durmak boýunça ählumumy tagallalaryna anyk goşant goşýandygynyň aýdyň subutnamasydygyny nygtadylar. Dünýä jemgyýetçiligi Türkmenistanyň neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygynyň öňüni almaga, bu ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine bolan gyzyklanmalaryny oňlaýar. 

Bu ýerde geçirilen çärä gatnaşyjylar ählumumy howpa garşy durmakda möhüm ähmiýeti bolan we sebitde hem-de tutuş dünýäde howpsuzlygyň üpjün edilmegine gönükdirilen asylly çärä gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder