15 Haziran 2015 Pazartesi

Birža Täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýdan işleýän zawodynda öndürilen M-100 kysymly mazudy satyn aldylar. Bulardan başga-da, kiprli işewürler “B” kysymly karbamidi (“Türkmenhimiýa” DK), Russiýadan, Owganystandan, Estoniýadan, Täjigistandan we beýleki ýurtlardan gelen wekiller bolsa suwuklandyrylan gazy we tehniki kükürdi (“Türkmengaz” DK) satyn aldylar. Daşary ýurt walýutasyna şeýle hem arassalanan pagta ýagy, nah ýüplük, ýuwlan ýüň, pagta süýümi, şeýle hem portlandsement satyldy. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Beýik Britaniýa, BAE, Türkiýe, Şweýsariýa, Belgiýa, Owganystan, Gruziýa, Ukraina we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 48 million 369 müň dollaryndan gowrak boldy.

Depozit manat serişdelerine Pakistandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler umumy bahasy 1 million 686 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder