22 Mayıs 2015 Cuma

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda gök-bakja, miwe we beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, olary talaba laýyk saklamak hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigine welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň her birinde gök-bakja, miwe we beýleki oba hojalyk önümlerini saklamaga niýetlenen bir sany döwrebap sowadyjy ammaryň taslamasyny düzmek hem-de olary gurmak barada degişli ýerli kärhanalar bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2015-nji ýylyň iýun aýynda başlamak we sowadyjy ammarlary 2016-njy ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi. 

*** 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek hem-de “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda” ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň    öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konsernine Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň ugrunda Okuw merkeziniň binasynyň we 8-nji kiçi etrapçasynda umumy ýaşaýyş jaýynyň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserni bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. 

Gurluşyk işlerine 2015-nji ýylyň maý aýynda başlamak hem-de binalary 2016-njy ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi. 

*** 

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” ugur alyp, “Býujet ulgamy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň 2016-njy ýyl üçin  Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Türkmenistanyň maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny öz wagtynda taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti  Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Maliýe ministrligine hem-de Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligine: 

Türkmenistanyň 2016-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Türkmenistanyň maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny taýýarlamak işlerini guramak we olary 2015-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek; 

taslamalary düzmek üçin hasaplama görnüşlerini we usulyýet görkezmelerini ministrliklere, pudak edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine 2015-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli ibermek tabşyryldy. 

Şeýle hem resminama laýyklykda, Türkmenistanyň 2016-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Türkmenistanyň maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny taýýarlamak üçin, Türkmenistanyň Maliýe ministrligi Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi bilen bilelikde hünärmenlerden ybarat iş toparyny döretmäge we onuň işini netijeli guramaga borçly edildi. 

*** 

Türkmenistanyň Prezidenti  Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, ata-babalarymyzyň beýik ynsanperwerlik däplerine we ýokary ahlak garaýyşlaryna esaslanyp, şeýle hem 2015-nji ýylyň aprel-maý aýlarynda Nepal Federatiw Demokratik  Respublikasynda bolup geçen, köpsanly adam pidalaryna getiren güýçli ýertitreme netijesinde ejir çeken ilata ynsanperwerlik kömegini bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine, Türkmenistanyň  Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigine hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli önümleri we derman serişdelerini ynsanperwer kömegi hökmünde Nepal Federatiw Demokratik Respublikasyna muzdsuz ibermek tabşyryldy. 

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder