31 Mayıs 2015 Pazar

Türkmenistan Nepala YnsanperwerKömegini Iberdi

Türkmenistan tebigy weýrançylyk sebäpli ýitgi çeken halklara wagtly-wagtynda goldaw berýär. Ynsanperwerlik nusgalaryň tarapdary bolan Türkmenistan   ata-babalarymyzyň hoşniýetli goňşuçylyk we özara goldaw bermek wesýetine eýerip, elmydama agyr ýagdaýda galan halklara özüniň dostluk  kömegini bermäge  taýýardyr.

Bilşimiz ýaly, şu ýylyň aprel-maý aýynda Nepalda müňlerçe pida getiren, weýran ediji ýer titreme boldy.

2015 ýylyň 26-nji maýynda Türkmenistanyň Nepal halkyna ýörite ynsanperwer kömegi ýörite uçar bilen Katmandu şäheriniň “Tribhuan” Halkara howa menziline getirildi we Nepal hökümetiniň  resmi wekillerine gowşuryldy. Ýer titremesinde zyýan çekenlere dürli dermanlar, sargy serişdeleri, ýorganlar, çadyr gurmaga niýetlenen berk jinsi matasy, azyk önümleri, agyz suwy we arassaçylygy saklamaga niýetlenen serişdeler gowşuryldy. 

Nepal döwletiniň Daşary işler ministri Mahendra Bahadur Pandeý türkmen halkyna, şeýle hem hut Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa eden kömegi we tiz wagtda dikelmeklerine islegi üçin özüniň tüýs ýürekden minnetdarlygyny bildirdi.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder