26 Mayıs 2015 Salı

Türkmen-owgan Hyzmatdaşlygynyň Kuwwaty we Geljegi

Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly üns bermegi netijesinde ýurdumyzyň senagatynyň ähli pudaklary, şol sanda elektroenergetika pudagy çalt depginler bilen ösýär. Onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy bolsa eýýäm ýakyn geljekde onuň kuwwatlyklarynyň ençeme esse artjakdygyny tassyklamaga mümkinçilik berýär.

Şeýlelikde, «Türkmenistanyň elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň 2013—2020-nji ýyllar döwür üçin Konsepsiýasyna laýyklykda, 2020-nji ýyla çenli ýurdumyzda gaz trubinaly elektrik stansiýalarynyň jemi 14-sini gurmak meýilleşdirilýär. Olaryň ulanmaga berilmegi ýurdumyzda sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmäge, şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyza elektrik energiýasynyň eksportunyň möçberlerini artdyrmaga ýardam eder. 

Mälim bolşy ýaly, türkmen energiýa serişdeleriniň daşary ýurtly sarp edijiler üçin elýeterli bolmagy, olaryň eksport ugurlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy milli Liderimiziň durmuşa geçirýän energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. 

Owganystan Yslam Respublikasyna eksport edilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen, 500 kilowoltlyk elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygy alnyp barylýar. Häzir onuň gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Şunuň bilen birlikde, bu giň möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen türkmen elektrik energiýasyny Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Täjigistana eksport etmek üçin tehniki mümkinçilik peýda bolar. 

Ýurdumyzyň eksport edýän elektrik energiýasynyň uly möçberini kabul etmäge ukyply energiýa ulgamyny döretmek üçin Owganystan Yslam Respublikasynyň çäginde ýokary woltly asma elektrik geçiriji ulgamy gurmak meýilleşdirilýär. Munuň özi eýýäm ýakyn geljekde elektrik energetikasy ulgamynda diňe bir Owganystan bilen däl, eýsem, sebitiň beýleki ýurtlary bilen hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik berer. 

Hormatly Prezidentimiz bilen duşuşygyň öň ýanyndaky gününde  elektrik energetikasy ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini hem-de Türkmenistanyň Hökümetiniň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda elektroenergetika ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri boýunça özara düşünişmek hakyndaky Jarnamanyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşmak üçin Aşgabada gelen owgan wekiliýeti Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň we «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşygyň çäklerinde elektroenergetika ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygynyň geljegi, hususan-da, uzakmöhletleýin satyn almagyň-satmagyň  şertlerine we iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.  

Biraz öňki wakalara gaýdyp gelmek bilen, şu ýylyň ýanwar aýynda Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki türkmen-owgan gepleşikleriniň barşynda hut ulag-aragatnaşyk ulgamynda, hususan-da, täze ulag geçelgelerini döretmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezilendigini bellemelidiris. Munuň üçin ähli zerur şertler bar, ilkinji nobatda bolsa, Türkmenistanyň hem, Owganystanyň hem geografiki, geosyýasy we geoykdysady taýdan amatly ýerleşýändigini bellemelidiris. 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani bular barada aýtmak bilen, ýokarda agzalyp geçilen taslamalardan başga-da, owgan tarapynyň Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe geçelgesini döretmek baradaky teklibiniň hem geljeginiň uludygyny bellediler. 

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, dünýä hojalyk gatnaşyklaryny ösdürmek babatda owgan tarapy üçin ulag geçelgesiniň mümkin bolup biläýjek ýene-de bir täze ugry gyzyklanma döredýär. Bu ugry geçen hepdede Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarifiň arasynda   geçirilen gepleşikleriň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň esasynda ösdürmek göz öňünde tutulýar. 

Hususan-da, gürrüň söwdany ösdürmek maksady bilen Türkmenistandaky Türkmenbaşy we Pakistandaky Gwadar deňiz portlaryndan peýdalanmaga özara gyzyklanma bildirilýändigi barada barýar. Munuň özi Aziýa — Ýewropa ugry boýunça ulag gatnawlarynyň täze mümkinçilikleriniň peýda bolmagyny  şertlendirer. Owganystanyň bu geçelgäni döretmegiň, oňa owgan ýol düzümini  birleşdirmegiň geljegine işjeň çemeleşen ýagdaýynda goňşy ýurduň söwda-ykdysady kuwwatyny artdyrmagyň ýene-de bir möhüm şerti üçin şeýle hyzmatdaşlygyň  netijeli boljakdygy äşgärdir. 

Ýakyn geljekde gurulmagy meýilleşdirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň ikitaraplaýyn gatnaşyklarda ägirt uly ähmiýete eýedir. Bu giň möçberli energetika taslamasynyň durmuşa geçirilmegi owgan ykdysadyýetiniň ösdürilmegine, maýa goýumlaryny çekmäge, ileri tutulýan durmuş meselelerini çözmäge, şol sanda täze iş orunlaryny döretmäge ýardam eder.  

Hyzmatdaşlygyň ýene-de bir ugry gumanitar ulgam bilen baglanyşyklydyr. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň golaýda bolan mejlisiniň barşynda ýurdumyzyň türkmen halkyna gadymdan bäri mahsus bolan belent ynsanperwerlik gymmatlyklaryna ygrarly bolmak bilen, goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömegini yzygiderli berýändigi, onuň durmuş-ykdysady düzümini dikeltmäge ýakyndan goldaw berýändigi bellenildi. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça türkmen tarapynyň serişdeleriniň hasabyna Owganystanda, hususan-da, saglyk öýi we mekdep guruldy.

Doganlyk ýurda yzygiderli ynsanperwerlik kömegini bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan beýleki döwlet edaralary bilen bilelikde ýörite maksatnama işlenip taýýarlanyldy. Onda degişli çäreleriň toplumy, şol sanda durmuş maksatly desgalaryň gurulmagy, söwda merkeziniň açylmagy, ynsanperwerlik ýükleriniň iberilmegi we beýleki çäreler göz öňünde tutulýar. Bu maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça  Hyrat welaýatynyň serhetýaka Turgundy obasynda 20 orunlyk çaga dogrulýan öýüň gurluşygyna girişmek boýunça işler alnyp barylýar. 

Ýokarda beýan edilişi ýaly, doganlyk halklaryň bähbidine iki dostlukly goňşy ýurtlaryň arasyndaky özara bähbitli we netijeli gatnaşyklaryň giňelýändigi bilen baglylykda, türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegi aýratyn ähmiýete eýe bolýar. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder