22 Mayıs 2015 Cuma

Türkmen Mekdep Okuwçylary - Halkara Olimpiadalaryň Ýeňijileri

Paýtagtyň mekdep okuwçylarynyň halkara derejesindäki predmet olimpiadalarynda üstünlikli çykyş etmekleri biziň ýurdumyzyň intellektual gazananlarynyň toplumynyň üstüne ýene-de dürli derejedäki medallaryň sekizisini goşdy. Olaryň biri Tbliside (Gruziýa) geçirilen ýaş oýlap tapyjylaryň ylmy taslamalarynyň halkara olimpiadasydyr. Bu olimpiada dünýäniň otuz döwletinden mekdep okuwçylarynyň 300-si töweregi gatnaşdy. Olar alty ugur boýunça ylmy taslamalaryň ýüzden gowragyny görkezdiler. 

Bu awtorlyk oýlap tapmalar bäsleşigine Türkmenistanyň biologiýa, himiýa, fizika, matematika, informatika we innowasion tehnologiýalar ulgamlary boýunça tekliplerini we tehniki çözgütlerini aşgabadyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň bäşisi görkezdiler. Olaryň taslamalary baýrakly orunlara hem mynasyp boldular. 

97-nji orta ýöriteleşdirilen mekdebiň dokuzynjy synp okuwçylary Selbi Öwezmyradowa we Aýnur Aşyrowa degişlilikde altyn we kümüş medaly gazandylar. 86-njy ýöriteleşdirilen mekdebiň okuwçylary Maksat Meredow we Mergen Annaýew, şeýle hem Aýratyn zehinli döwlet mekdep internatynyň okuwçysy Batyr Ataýew bürünç medallara mynasyp boldular. 

Türkmen mekdep okuwçylary şu ýyl Ermenistanyň paýtagty Ýerewan şäherinde geçirilen 49-njy halkara Mendeleýew olimpiadasyna gatnaşyp, üçünji sapar bürünç medala eýe boldular 

Her ýylda geçirilýän bu intellektual bäsleşik dünýäniň elli döwletinden, şol sanda Belarusdan, Bolgariýadan, Wengriýadan, Saud Arabystandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, litwadan, Moldowadan, Russiýadan, Täjigistandan, Özbegistandan, Ukrainadan hem, ýüzden gowrak ýokary synp okuwçylaryny bir ýere jemledi. 

Bu intellektual bäsleşiklerde biziň ýurdumyza 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň we Aýratyn zehinli döwlet mekdep-internatynyň okuwçylary mynasyp wekilçilik etdiler. Myrat Meredow, Guwanç Gurbandurdyýew we Öweznepes Orazgeldiýew dagylar bürünç medalyň eýesi bolmagy başardylar. Biziň ýygyndy toparymyzyň dördünji agzasy Aýdogdy Bazarow bolsa höweslendiriji baýragy almagy başardy. 

Türkmen toparynyň ýolbaşçysy – Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa-biologiýa fakultetiniň organiki we fizkoloid himiýa kafedrasynyň uly mugallymy Durdymyrat Gadamowyň aýdyşy ýaly, türgenleriň hemmesi örän üstünlikli çykyş etdiler. Bu gözden geçirilişiň çäklerinde geçirilen hem-de himiýa ylymlaryny okatmak mekdebini kämilleşdirmegiň meselelerine bagyşlanan "tegelek stoluň" başyndaky maslahatda aýratyn nygtaldy. 

Maslahata gatnaşyjylar – milli toparlaryň ýolbaşçylary, olimpiadanyň eminler ýolbaşçysy – Moskwanyň M.W.Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetiniň dekany Waleriý Lunin her ýylda Türkmenistandan gatnaşýanlar gowy netijeleri görkezýärler. Bu bolsa ýurtda innowasion bilim özgertmeleriniň üstünlikli amala aşyrylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär diýip, bellediler. 

Oňat däbe öwrülen bu bäsleşigiň ýeňijileri MDU ýobaşçylygy tarapyndan ýörite çakylyga mynasyp boldular Onuň esasynda bäsleşigiň ýeňijilerine geljekki okuw ýylynda Russiýanyň bu baýry we meşhur ýokary okuw mekdebine giriş synaglaryny tabşyrmasyzdan himiýa fakultetiniň talyplary bolmaga mümkinçilik berilýär.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder