26 Mayıs 2015 Salı

Sport Syny

Geçen dynç alyş günleri paýtagtymyzda guralan köp sanly sport çäreleriniň hatarynda Tailandyň Pattaýa şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda ýeňiji bolan türkmen küştçilerini sarpalamak dabarasyny bellemelidiris. Gadymy oýnuň ýaş mukşdaklary dünýä çempionatynda iki altyn we bir bürünç medala mynasyp boldular.

Ýaşajyk küştçileri sarpalamak çäresi ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde geçirildi. Dünýä çempionatyna 30-dan gowrak ýurtdan ýüzlerçe küştçiniň gatnaşandygyny ýatladýarys.

... Geçen dynç günleriniň sport çäreleriniň hatarynda awtomobil sporty we hokkeý boýunça   bäsleşikleri görkezmek bolar. Ýaryşlaryň ikisi hem Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň kubogy ugrundaky ýaryşlaryň çäklerinde geçirildi. 

Awtomobil ýaryşlarynda türgenler medallaryň 2 toplumy ugrunda hereketlendirijileriniň göwrümi 125 kub santimetr bolan “Halkara” derejeli kartingde we “Volkicar” awtoulaglarynda bäsleşikler geçirildi. Ýaryşlara IIM-niň awtomobil sporty merkeziniň, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň we Aşgabadyň “Pit stop” sport klubynyň toparlary gatnaşdylar.

Düzgüne laýyklykda, ýeňijiler üç gezek geçirilen bäsleşigiň netijesinde kesgitlenilýär, olaryň hersi umumy uzynlygy 10 kilometre deň bolan 6 aýlawa bölünýär. Her aýlawyň pellehanasynda türgeniň görkezen wagty hasaplanyp, degişlilikde utuklar berilýär. Şu gezekki bäsleşikde ýaryşlaryň iki görnüşi boýunça hem ikinji  aýlawdan soň birinji orna eýe bolanlar kesgitlenildi. Şeýlelikde, türgenleriň arasynda esasy çekeleşik kümüş we bürünç medallaryň ugrunda boldy. 

Bäsleşikleriň jemleri boýunça Wýaçeslaw Şkunow birinji orna, Guwanç Hommadow ikinji orna we Annamuhammet Mejekow üçünji orna eýe boldular. 

Kartingde ikinji orny eýelän G.Hommadow “Volkicarda”  altyn medala we kuboga mynasyp boldy. Ikinji orny Myrat Mahtumow we üçünji orna Parahat Garlyýew eýe boldular. Baýrakly orna eýe olan türgenler Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Marks Orazmämmedowyň ýolbaşçylygynda tälim alýarlar.

... Hokkeý boýunça ýaryşlar IIM-niň sport toplumynda geçirildi. Baýrakly orunlar ugrunda 5 topar – “Galkan”, “Nesil”, “Şir”, “Oguzhan” we “Bürgüt” bäsleşdiler we ýeňijiler aýlaw görnüşli oýunlar boýunça kesgilenildi. 

IIM-niň kubogy ugrunda 2013 we 2014-nji ýyllarda ýeňiş gazanan “Galkan” topary tapawutlanar diýlip garaşylýar. Emma öňünden çaklaman, 27-nji maýa çenli dowam etjek ýaryşlaryň tamamlanmagyna garaşalyň.  


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder