19 Mayıs 2015 Salı

Prezidentimiz Söwda-senagat Edarasynyň Täze Binasynyň Açylyş Dabarasyna Gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.Bu bina paýtagtymyzyň günorta böleginde, edara binalarynyň toplumlaýyn gurulýan ýerinde bina edildi.

Aşgabatda amala aşyrylýan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasy ýaşaýyş jaýlaryny hem-de ýaşyl zolaklary, medeni, sport we işewürlik merkezlerini, saglygy goraýyş hem-de bilim desgalaryny öz içine alýan ajaýyp binagärlik toplumlaryny döretmäge mümkinçilik berdi. Paýtagtymyzdaky iň owadan we döwrebap şaýollaryň biri bolan Arçabil şaýoly şol özgertmeleriň aýdyň beýany boldy. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda bu şaýoluň ugrunda ak mermerli binalaryň onlarçasy – dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň binalary hem-de daş-töweregi bagy-bossanlyga öwrülen beýleki desgalar peýda boldy. Döwrebap awtoulag ýoly – Çandybil şaýoly şäheriň gündogar böleginiň täze ýol ulgamyna öwrüldi. Bu gün bolsa Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy täze jaý toýuny tutýar.

Ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde bu edara möhüm orun degişlidir.  Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň esasy wezipesi durmuş ugurly milli ykdysadyýetimiziň ösmegine, onuň dünýä hojalyk ulgamyna goşulyşmagyna, bazar gatnaşyklarynyň kemala gelmegine ýardam etmekden, işjeň başlangyçlary hem-de telekeçiligi höweslendirmekden ybaratdyr. 

Daşary ykdysady aragatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Soňky ýyllarda bu ulgamda oňyn ösüşleriň üpjün edilýändigi äşgärdir. Munuň özi milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmakda oňyn ösüşler, hususan-da,   senagat önümleriniň öndürilişiniň artmagy, maýa goýumlarynyň hem-de daşary söwda dolanyşygynyň, aýratyn hem onuň eksport böleginiň ýokarlanmagy bilen şertlendirilendir. Mundan başga-da,  ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli durmuş-ykdysady özgertmeleriň netijesinde köpsanly täze kärhanalar döredildi. Häzirki wagtda olarda marketing we guramaçylyk, öňdebaryjy tejribäni, şol sanda öz önümlerini daşary bazarlarda ýerlemek babatdaky tejribäni öwrenmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. 

Türkmenistanyň  Söwda-senagat edarasy  ýurdumyzyň dürli eýeçilikdäki kärhanalarynyň we guramalarynyň köpşahaly ulgamyny utgaşdyrýan merkez bolmak bilen, halkara bazarynda türkmen önüm öndürijileriniň hem-de senagatçylarynyň bähbitlerine  wekilçilik edýär, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ýola goýmakda we çuňlaşdyrmakda möhüm orun eýeleýär, dürli forumlaryň, sergileriň, duşuşyklaryň hem-de maslahatlaryň guraýjysy bolup çykyş edýär. 

Onuň esasy wezipeleri häzirki zaman senagat, maliýe we söwda düzümini ösdürmäge gatnaşmakdan, maýa goýum serişdelerini çekmekden eksport kuwwatymyzy ýokarlandyrmakdan, döwlet-hususy  hyzmatdaşlygyň netijeli gurallaryny işläp taýýarlamakdan, Türkmenistanyň dünýäniň köp döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmekden, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň we hyzmatlary amala aşyrýan edaralarynyň abraýyny artdyrmakdan ybaratdyr. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, döwletimiz mundan beýläk hem bu ulgamdaky ähli oňyn başlangyçlary,  şol sanda kanunçylyk taýdan hemmetaraplaýyn goldar. Şu ýylyň mart aýynda “Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hakyndaky”  Kanunyň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu Kanunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň işiniň hukuk we ykdysady esaslary kesgitlenilýär.

... Täze desganyň öňündäki meýdançada hakyky baýramçylyk we ruhubulentlik ýagdaýy emele geldi. Baýramçylyk dabarasy mynasybetli bu ýere hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň ýolbaşçylary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri,  talyp ýaşlar ýygnandylar. 

Dabaranyň  başlanmagyna ähli zat taýýar edilipdir. Ýygnananlar bu ýere gelen milli Liderimizi ruhubelentlik bilen garşyladylar. Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurdylar. 

Ajaýyp däbe görä, din wekilleri we hormatly ýaşulular milli Liderimizi  duz-çörek bilen garşylaýarlar. Olar ýurdumyzyň abadançylygy, halkymyzyň bagtyýarlygy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň janynyň sag, ömrüniň uzak we belent tutumlarynyň rowaç almagy barada doga-dileg etdiler.  

Döwlet Baştutanymyz ýaşulular bilen bolan söhbetdeşlikde ýurdumyzyň we döwletimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalara işjeň gatnaşýandyklary, ýaş nesilleriň watançylyk ruhunda terbiýelenmegine möhüm goşant goşýandyklary üçin olara minnetdarlyk bildirdi. Öz nobatynda, dabara gatnaşýan ýaşulular ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, adamlaryň göwnejaý ýaşamagy hem-de döredijilikli işlemekleri ugrunda edilýän tagallalalryň bimöçberdigini belläp, munuň üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar. Milli Liderimiz döwletimiziň bu meselä hemişe uly üns berjekdigini belledi. Ýurdumyzda amala aşyrylýan şähergurluşyk maksatnamasy hem bu meseläni çözmäge gönükdirilendir. Bu maksatnama türkmenstanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, olaryň döredijilikli zähmeti we oňat dynç almagy üçin ähli şertleri döretmäge ýardam edýär. 

Sungat ussatlary özleriniň döredijilik sowgadyny taýýarladylar—meşhur türkmen artistleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne bagyşlanan edebi-sazly kompozisiýany ýerine ýetirdiler. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda täze binanyň toý bagyny kesdi we  Söwda-senagat edarasynyň binasyna girdi. 

Bu desgany Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryş müdirliginiň buýurmasy boýunça Fransiýanyň meşhur “Buig Batiman Internasional”  kompaniýasy gurdy. Desganyň umumy meýdany 56,6 müň inedördül metrden gowrakdyr. Binanyň daşy häzirki zaman bezeg talaplaryna laýyklykda,  ak mermer, aýna  hem-de beýleki serişdeler bilen örtüldi.  Onuň esasy girelgesi däp bolan altynsow nagyşlar bilen bezeldi. 

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň esasy merkezleriniň birine öwrüljek  binanyň içki bezegi hem-de abadanlaşdyrylyşy bilen tanşyp,  onuň eýwanyna bardy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz binanyň  sergi zalyna  baryp, onuň enjamlaşdyrylyşy, zalda döredilen şertler bilen tanyşdy. Bu ýerde söwda-senagat edarasynyň işgäri milli Liderimizi bu zalyň enjamlaşdyrylyşy,  birnäçe bölümleriniň aýratynlyklary, dürli derejedäki sergileri guramak üçin döredilen şertler bilen tanyşdyrýar. Hünärmen  dürli çäreleri geçirmek üçin ýokary derejedäki şertleriň, mümkinçilikleriň üpjün edilendigini, häzirki zaman tehnikalary bilen enjamlaşdyrylandygyny aýdyp, özleri üçin döredilen oňaýlyklar üçin hormatly Prezidentimize sagbolsun aýtdy.

Umuman, köpugurly zal 8,2 müň inedördül metrden gowrak meýdan eýeleýär, onuň beýikligi bolsa 13 metre barabardyr. Bu zalyň çäginde birwagtyň özünde sergini ýa-da ýokary derejedäki maslahaty guramak bolýar. Onuň meýdançalary lybaslaryň nusgalarynyň görkezilişini we konsert çykyşlaryny, beýleki medeni çäreleri guramaga mümkinçilik berýär. Bu ýerde 4 müň adamyň gatnaşmagynda iri forumlary, maslahatlary geçirmek üçin şertler döredilipdir.   

Bu ýerde ýurdumyzda dürli ýöriteleşdirilen halkara sergilerini guramagyň tejribesi boýunça geçirilen işler, neşir önümleriniň sergisini guramagyň aýratynlyklary görkezilýär. Şeýle hem sergi zallarynyň bölümlerinde hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň, nusgawy şahyrlaryň eserleri we beýleki işleriň, sowgatlyk neşirleriň goýlandygyny bellemeli. Bu ýerde hünärmenler we talyplar üçin ylmy gollanmalardan başlap, mekdep ýaşyndaky çagalar üçin niýetlenen kitaplara çenli okuw-usulyýet edebiýatynyň köp görnüşleri görkezilýär.   

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu jaýy gözden geçirip, sergi işinde täze tehniki serişdeleri, häzirki zaman ýokary tehnologiýalary işjeň ulanmagyň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz edaranyň ýolbaşçylaryna gözegçilik edýän ulgamynda döwrebaplaşdyrmak işlerini mundan beýläk-de işjeňleşdirmek we höweslendirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.  

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow islendik desganyň iş aýratynlyklary hem-de wezipeleri bilen tanşanda, onuň enjamlaşdyrylyşyna hem-de inženerçilik-tehniki üpjünçiligine aýratyn üns berýär we desgalaryň gurluşygynda hem-de abadanlaşdyrylyşynda innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagynyň esasy wezipesiniň binalaryň ygtybarlylygyny üpjün etmekden hem-de adamlar üçin has oňaýly şertleri döretmekden, öňdebaryjy guramaçylyk usullaryny ornaşdyrmagyň esasynda olaryň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmakdan ybaratdygyny nygtaýar. 

Söwda-senagat edarasynyň täze binasynyň aýratynlyklary barada aýdylanda bolsa, sergi zolagynyň onuň esasy bölegi bolup durýandygyny bellemelidiris. Türkmenistanda her ýyl ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň esasy ugurlary boýunça halkara sergileriniň onlarçasy geçirilýär. Munuň özi ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň önüm öndürijileri üçin önümleriň täze nusgalaryny we täze hyzmatlary hödürlemek, işewür gatnaşyklary giňeltmek, bähbitli şertnamalary baglaşmak, geljekki maýadarlary tapmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Sergileriň çäklerinde halkara kongresler, maslahatlar we okuw maslahatlary geçirilýär. Olaryň  maksatnamasynda milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri göz öňünde tutulýar. 

Türkmenistanda gepçirilýän sergileriň hem-de olara gatnaşýan daşary ýurtlularyň sany ýylsaýyn artýar, hödürlenýän sergi hyzmatlaryna bildirilýän talaplaryň derejesi hem ýokarlanýar. Munuň özi işgärleriň hünäriniň ýokarlandyrylmagyny, döwrebap maglumat tehnologiýalarynyň, bezeg çözgütleriniň ornaşdyrylmagyny talap edýär. Bu Türkmenistanyň milli ekspozisiýalaryny daşary ýurtlarda geçirilýän iri sergi meýdançalarynda, mysal üçin, Milanda guralan “EKSPO-2015” ýaly sergide mynasyp görkezmek üçin hem wajypdyr. Şeýlelikde, biziň sergi-ýarmarka işini guraýjylarymyz üçin täze ekspo-merkez mundan beýläk-de hünär taýdan ösmek babatda uly ähmiýete eýe bolar.     

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň täze binasy, edaranyň işgärleri üçin döredilen şertler barada gürrüň berýän wideorolik hem bu meselä bagyşlandy. Edaranyň işgärleriniň üstüne ýurdumyzyň söwda toplumyny ösdürmek, Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň  döwletara gatnaşyklaryny we daşary ykdysady işini belent sepgitlere çykarmak wezipeleri ýüklenendir. Bu wezipeler bolsa ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirilendir. 

Döwlet Baştutanymyz söwda-senagat edarasynyň täze binasy bilen tanyşlygy dowam edip, onuň daşarky sergi meýdançasyny gözden geçirdi. Binanyň daşyndaky sergi zolagynyň meýdany 10 müň inedördül metre barabardyr.  Bu ýerde dürli göwrümli tehnikalardan, häzirki zaman enjamlaryndan ybarat iri göwrümli sergileri guramak üçin ähli zerur şertler, mümkinçilikler üpjün edilipdir. 

Milli Liderimiz bu künjegiň örän netijeli ulnalylmagy babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.  

Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň banket zalyna baryp gördi. Ýol ugrunda döwlet Baştutanymyz bu ýerdäki çaýhanada dermanlyk ösümliklerden taýýarlanýan melhemlere, çaýlaryň görnüşlerine üns berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem bezelişi bilen haýran galdyrýan maslahatlar zalyna syn etdi. Bu zal häzirki zaman bezeginiň aýratynlyklaryny özünde jemläp, däp bolan türkmen nagyşlary bilen bezelipdir. Maslahatlary, duşuşyklary, okuw hem-de iş maslahatlaryny geçirmek üçin niýetlenen bu zal zerur bolan döwrebap tehniki serişdeler, telewizion monitorlar bilen üpjün edilipdir. Binada 600 orunlyk uly maslahatlar zalyndan başga-da, 50 orunlyk maslahatlar zaly, şeýle hem işewür duşuşyklary, tanyşdyryş we beýleki çäreleri geçirmek üçin niýetlenen otaglar bar. 

Hormatly Prezidentimiz bu ýerde döredilen mümkinçilikleriň we şertleriň netijeli ulanylmalydygyny belläp, degişli ýolbaşçylara Türkmenistanyň “Saglyk”  döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy, şeýle hem ýurdumyzyň Bitaraplayk derejesiniň 20 ýyllyk baýramy mynasybetli halkara maslahatlarynyň geçirilmegi bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi. 

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzdaky hereket edýän Sergi köşgüniň  ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ygtyýaryna geçirilmelidigini,  indiki ýyldan ähli derejedäki sergileriň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylaryna aýratyn görkezmeler, hususan-da, halkara forumlary we gözden geçirilşleri guramak babatda tabşyryklar berildi.   

Bu ýerde milli Liderimiz hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.  

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň işinde öňde goýlan wezipeleri çözmegiň hem-de işewürligi ösdürmegiň zerur şerti hökmünde maglumatlar ulgamyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şoňa görä-de, täze binada köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin döwrebap tehniki serişdeler bilen üpjün edilen metbugat merkezi göz öňünde tutulypdyr. Şol ýerde birwagtyň özünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň täze binasynda guralýan sergileri, duşuşyklary we beýleki çäreleri beýan edýän adamlaryň  200-si  – žurnalistler, fotohabarçylar we teleoperatorlar işläp biler.                                        

Söwda-senagat edarasynyň täze binasynda öňdebaryjy önümçilik ulgamyna eýe bolan çaphana hem bar. Onda ýokary hilli neşirýat önümlerini çykarmak üçin ähli şertler döredilipdir. 

Edaranyň işgärleri üçin iş otaglarynyň 22-si enjamlaşdyrylypdyr. Şeýle hem naharhana, kafeteriý, açyk we ýapyk awtoulag duralgalary işgärleriň hyzmatyndadyr. 

Soňra döwlet Baştutanymyz täze işewürlik merkeziniň otaglarynyň birinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna ýakyn wagtda uly Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriljek çärelere taýýarlyk görmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Wise-premýerler häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň netijeleri, Söwda-senagat edarasynyň täze binasyndaky sergi zalyny işjeň ulanmak maksady bilen meýilleşdirýän çäreler, guralmagy göz öňünde tutulýan sergiler barada hasabat berdiler. 

Hormatly Prezidentimiz ak mermerli paýtagtymyzyň soňky ýyllarda dünýäniň  işewürlik merkezine öwrülýändigini, şol sanda sergi işiniň ornuny pugtalandyrmagyň hasabyna bu maksada üstünlikli ýetilýändigini belledi. 

Aşgabatda halkara derejesindäki çäreleri guramakda uly tejribe toplanyldy, ýurdumyzyň baş şäheri her ýyl tehniki we tehnologiki babatda gazanan üstünliklerini, daşary ýurtlaryň esasy kompaniýalarynyň tekliplerini we geljegi uly taslamalaryny hödürlemek üçin bize gelýän sergä gatnaşyjylaryň müňlerçesini kabul edýär. 

Häzirki ykdysady şertlerde sergi çäresi baradaky düşünjäniň özi düýpli özgerýär. Häzirki wagtda munuň özi diňe bir önümleriň we harytlaryň gözden geçirilişi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, innowasion çözgütleriň görkezilmegini hem alamatlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, sergileri guramaga aýratyn talaplar bildirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we döwrebap tehniki serişdeleri hem-de sergi enjamlaryny, paýtagtymyzyň durmuşynyň bu ulgamyndaky möhüm şerti hökmünde Söwda-senagat edarasynyň binasynyň meýdançalaryny netijeli ulanmagyň wajypdygyny belledi. 

Aşgabatda täze halkara sergi-işewürlik merkeziniň peýda bolmagy bilen birlikde ýurdumyzyň sebitlerinde hem şeýle meýdançalary ösdürmek barada ýatdan çykarmaly däldiris. Olarda hem daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda iri forumlary, wekilçilikli çäreleri guramak üçin ähli şertler döredildi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we degişli ýolbaşçylara bu babatda anyk tabşyryklary berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňdebaryjy tejribäniň we netijeli tehnologiýalaryň ulanylmagynyň Türkmenistanyň kongres-sergi işinde gazananlarynyň esasy strategiýasy bolup durýandygyny aýratyn nygtady. Söwda-senagat edarasynyň täze toplumy hem şu babatda oňat görelde bolmalydyr. 

Hormatly Prezidentimiz täze binanyň ulanmaga berilmegi mynasybetli Söwda –senagat edarasynyň işgärlerini ýene bir ýola  gutlap, bu ulgamda dünýä tejribesine, ýurdumyzyň iň gowy tejribesine daýanmak arkaly öňde goýlan wezipeleri çözmäge degişli ähli meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy hem-de olaryň ählisine täze binada işlemekde  üstünlikler arzuw etdi. 

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylary we işgärleri hemmetaraplaýyn alada edýändigi üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynyň we milli Liderimiziň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanan taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň bähbidine ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar. 

Hormatly Prezidentimiz ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.  

Şu gün dabaraly ýagdaýda ulanmaga berlen ajaýyp bina ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň üstünlige eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamalarynyň biridir. Munuň özi bütin dünýäde Türkmenistanyň abraýynyň barha artmagyny şertlendirýär. Şol özgertmeleriň  esasy bölegi bolsa ak mermerli paýtagtymyzda amala aşyrylýar. 

Bu ýerde, ýurdumyzyň baş şäherinde ykbalçözüji çözgütler kabul edilýär we jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetli wakalar bolup geçýär, ýurdumyzyň sazlaşykly ösmegini üpjün edýän beýik işler amala aşyrylýar. Paýtagtymyzyň binagärlik keşbinde öz beýanyny tapýan düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Paýtagtymyzyň keşbiniň gözelligi bolsa onuň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli babatda sazlaşykly ösýändigi bilen baglanyşyklydyr. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder