26 Mayıs 2015 Salı

Prezidentimiz Belarusýanyň Prezidentine Gynanç Bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko ejesi Ýekaterina Trofimowna Lukaşenkonyň aradan çykmagy zerarly, gynanç hatyny iberdi.

“Şu agyr pursatda Size ruhy durnuklylyk we mertlik dileýärin” diýlip, gynanç hatynda aýdylýar.

Türkmen döwletiniň Baştutany merhumyň maşgalasyna we dogan-garyndaşlaryna gynanjyny hem-de ýürekden duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder