27 Mayıs 2015 Çarşamba

Buharada Bitaraplyga Bagyşlanyp Ylmy Maslahat Geçirildi

2015-nji ýylyň 23-nji maýynda Ilçihananyň başlangyjy bilen Özbegistan Respublikasynyň Turkmen medeniýet merkeziniň Buhara bölüminiň guramagynda 2015-nji ýylyň "Bitaraplyk we Parahatçylyk ýyly" diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreleriň çäklerinde Buhara inzenerçilik-tehnologiýa institutynda ylmy maslahat geçirildi.

Maslahatyň işine Buhara welaýat häkimliginiň wekilleri, Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi, Buhara inzenerçilik-tehnologiýa institutynyň ýolbaşçylary we mugallymlary, Buhara şäherinde ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekilleri we Buhara şäherinde bilim alýan türkmenistanly talyplar gatnaşdylar.

Çykyşlaryň dowamynda Bitarap Türkmenistanda bu gün Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýöredilýän hoşniýetli goňşuçylyk, açyklyk, özara hormat goýmak we hoşniýetli erk-isleg syýasatynyň sebitleýin we global hyzmatdaşlyga ýetirýän oňyn täsiri hem-de onuň halklaryň arasyndaky ynanyşmak we düşünişmek ýagdaýyny kemala getirmäge hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmaga berýän ýardamy barada bellenildi. 

Maslahat tamamlanandan son çärä gatnaşyjylar üçin Buhara şäheriniň taryhy ýadygärliklerine baryp görmeklik guraldy.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder