24 Mayıs 2015 Pazar

Ak Şäherim Aşgabat

Hormatly sergä gatnaşyjylar!

Sizi «Ak şäherim Aşgabat» atly XIV köpugurly halkara sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Her ýylyň 25-nji maýynyň «Aşgabat şäheriniň güni» diýlip yglan edilmegi bilen, bu baýram indi uly şatlyk-şowhunly aýdym-sazlar bilen giňden bellenip geçilýär.

«Ak şäherim Aşgabat» atly XIV köpugurly halkara sergisi türkmen paýtagtynyň şäher gurluşygy boýunça gazananlaryny we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini, şeýle hem bu ugurda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döreder. Bilşimiz ýaly, bu sergi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaýbaňlandyrylan hem-de Aşgabadyň keşbinde öz beýanyny tapýan özgertmeleriň gerimini aýdyň görkezýär. Häzirki döwürde ajaýyp keşbe eýe bolan paýtagtymyzyň çäkleri täze döredilen etraplaryň, gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň, senagat we seýilgäh zolaklarynyň hasabyna barha giňelýär.

Aşgabat şäheri häzirki wagtda dünýäniň durnukly ösýän şäherleriniň biri hökmünde giňden tanalýar. Soňky ýyllarda bu halkara sergisinde görkezilen taslamalaryň aglabasy boýunça paýtagtymyzy bezeýän ajaýyp binalar guruldy. Şol belent ymaratlar şäheriň görküni has-da artdyrdy. Aşgabat dünýäde ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp toplanan şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Her ýyl Aşgabat şäheriniň häkimligi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralýan sergide gurluşyk we binagärlik, energetika pudaklaryna, gaýtadan işleýän we ýeňil senagatyna, bezeg hem-de şäheriň durmuşyny abadanlaşdyrmaga degişli beýleki işler we häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary görkezilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzda bina edilýän täze önümçilik, medeni-durmuş, ylym-bilim, saglyk we sport desgalary, döwrebap ýaşaýyş jaýlary dine bir ak şäherimiziň görküne görk goşmak bilen çäklenmän, eýsem ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagyna, halka edilýän durmuş hyzmatlarynyň elýeterli we ýokary hilli bolmagyna şert döredýär.

Şu gezekki sergide hem halk köpçüligi ýurdumyzyň halk hojalygyna degişli dürli pudaklaryň we düzümleriň täze teklipleri hem-de gazananlary bilen tanyşdyrylar. Bu sergi Aşgabadyň senagat, medeni we aň-bilim kuwwaty, onuň durmuş-ykdysady taýdan örän uly möçberli serişdeleri we mümkinçilikleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.

Hormatly adamlar! 
Gadyrly myhmanlar!

Paýtagtymyzda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasynda Aşgabady dünýäniň in owadan we ýaşaýyş üçin amatly şäherleriniň birine öwürmek göz öňünde tutulýar. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň türkmen paýtagtynda geçirilýän şu serginiň dowamynda hem dolulygyna öz beýanyny tapjakdygyna berk ynanýaryn!

Sizi «Ak şäherim Aşgabat» atly XIV köpugurly halkara sergisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, paýtagtymyzyň barha gözelleşmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder