23 Nisan 2015 Perşembe

Yzgantda Sambo Boýunça Jemleýji Duşuşyk Geçirildi

Gökdepe etrabynyň Yzgant obasyndaky sport mekdebinde ýurdumyzda her ýylda geçirilýän Umumymilli spartakiadanyň sambo boýunça jemleýji duşuşyklar geçirildi. Bu ýaryşlar köp sanly janköýerleri, sportuň bu özüne çekiji we owadan görnüşiniň hakyky muşdaklaryny we oňa uly baha berýänleri jemledi. 

100 kg çenli agram derejede geçirilen ýarym final duşuşykda Gadam Ýazyýewiň netijeli ulanan usulyny has aýdyň pursat diýip hasap etse bolar. Onuň ýanbaşdan aýlap ulanan usuly oňa arassa ýeňşi getirdi. Begaliýewiň ulanan usuly hem ýaryşyň bezegi boldy. Arzuw Ýalkabowanyň ulanan usuly hem tomaşaçylaryň uly el çarpyşmalary bilen garşylandy. 

Erkek adamlaryň arasynda geçirilen birinjilikde 49 bal bilen Aşgabat şäheriniň topary öňdeligi eýeledi. Ikinji we üçünji orunlary, degişlilikde, Lebap (42 bal) we Balkan (32 bal) welaýatlarynyň wekilleri eýelediler. 
 Zenanlaryň arasynda birinji orny 44 bal toplan Mary welaýatynyň topary eýelemegi başardy. Ikinji orny 38 bal bilen lebabyň topary eýeledi, bu ýerde Aýna Zaripowa tapawutlanmagy başardy. Üçünji orny 32 bal toplap, Daşoguz welaýatynyň topary eýeledi.
Samboda türkmen türgenleri dünýäniň çempionatlarynda hem ynamly pozisiýalary eýeleýärler. Türkmenistanyň Söweş sungaty boýunça milli federasiýasynyň başlygy Ata Adaýewiň belleýşi ýaly, diňe şu ýylyň özünde samboçylar abraýly halkara ýaryşlarynda altyn medallaryň 19-ny, kümüş medallaryň 6-ny we bürünç medallaryň 10-ny eýelemegi başardylar. Ýöne Umumymilli spartakiadasy tälimçiler üçin ýaş, geljegi uly bolan pälwanlaryň täze atlaryny ýüze çykardy.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder