30 Nisan 2015 Perşembe

ÝHHG (Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy) Serhetleri Dolandyrmak we Howplary Anyklamak Boýunça Türkmenistanyň Serhetçileriniň Okuwyny Geçirýär

2015-nji ýylyň 29-njy aprelinde türkmen-owgan serhediniň Ymamnazar gözegçiik-goýberiş nokadynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň on sekiz işgäri ÝHHG-niň (Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy)  serhetleri dolandyrmak we howplary anyklamak boýunça okuw kursuny tamamladylar.

Okuwyň maksady Döwlet serhet gullugynyň maglumat ýygnamakda, operatiw-agtaryş çärelerini geçirmekde we gözegçilik etmekde, şeýle hem serhetde döremek mümkinçiligi bolan howplary we wehimleri anyklamakda şahsy düzüminiň kuwwatyny ýokarlandyrmak boldy.

«Şul okuw kursy döwlet serhetinde howpsuzlygy üpjün etmäge jogapkär türkmen harby gullukçylarynyň hünär taýýarlygyny we tejribeleýin endikerini kämmileşdirmekde biziň Türkmenistandaky hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikdäki tagallalarymyzyň dowamy bolup durýar», diýip ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň başlygynyň wezipelerini ýerine ýetirýän Riçard Uiler belledi. «Bu kursy biziň bu wajyp ugurda ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygymyzy ösdürmekde ýene bir ädim öňe bolup durýar. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna tehniki we beýleki ýardamlaryň berilmegi biziň bilelikdäki maksatlarymyza – Merkezi Aziýada we onuň daşynda sebitleýin howpsuzlygyny üpjün etmäge gulluk edýär».

Kursa gatnaşyjylar bolup, 2014-nji ýylyň awgust-oktýabr aýlarynda serhetlerde patrullyk etme boýunça umumy okuw kursunyň dowamynda okadylan serkerdeler bolup durýar. Olar şeýle hem, indiki aýda instruktorlary taýynlamak maksatnamasy boýunça iki hepdelik kursuny geçerler. 

Agzalan kursy durmuşa geçirilmegi geçen ýylda başlan Türkmenistandaky serhetçilerini hünär taýdan taýýarlygyny kämilleşdirmek boýunça ÝHHG-niň býujetinden daşary taslamasynyň çäginde geçirildi.
Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrligi 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder