27 Nisan 2015 Pazartesi

Türkmenistanyň Prezidenti Nepalyň Prezidentine Gynanç Bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Ram Baran Ýadawa köpsanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de weýrançylyklara getiren ýer titremesi zerarly çuňňur gynanç bildirdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna tüýs ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini, şeýle hem ejir çekenlere tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny beýan etdi.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder