29 Nisan 2015 Çarşamba

Türkmenistanda BMG-niň Sebit Merkeziniň Başlygy Bilen Duşuşyk

2015-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili,  BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit Merkeziniň Başlygy, Ilçi Miroslaw Ýençany kabul etdi.

Duşuşugyň barşynda Ilçi Türkmenistanyň Hökümetine şu ýyllaryň dowamynda beren kömekleri we goldawlary üçin minnetdarlyk bildirdi, çünki bu aladalaryň netijesinde onuň ýolbaşçylyk edýän Merkeziniň işi aýratyn netijeli boldy. Miroslaw Ýença ählumumy abadançylyk we ösüş gyzyklanmalaryna jogap berýän Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde hem dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.    

Bellenilip geçilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy  Türkmenistana ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde garaýar, hut Aşgabatda BMG-niň iri sebit edarasynyň ştab-kwartirasynyň ýerleşdirilmegi hem munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Şu ýyllaryň dowamynda BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit Merkezi ýüze çykýan meseleleriň parahatçylykly çözülmegi boýunça sebit hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna we açyk gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam berip geldi.    

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Miroslaw Ýença uzakmöhletleýin açyk özara hereketleriň pugtalandyrylmagyna we giňeldimegine goşan ägirt uly şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi we onuň geljekki işinde üstünlikleri arzuw etdi. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder