27 Nisan 2015 Pazartesi

TürkmenÄlem 52oE

Milli Liderimiz Türkmenistanyň “TürkmenÄlem 52oE” emeli hemra aragatnaşygynyň kosmos giňişligine çykarylmagy bilen watandaşlarymyzy gutlap, Bitarap döwlet bolan ýurdumyzyň halkara giňişligine parahatçylyk söýýüjilikli we ynsanperwer başlangyçlar hem-de hoşniýetli goňşuçylyk dost-doganlyk gatnaşyklaryna eýermek arkaly çykýandygyny belledi.

Biz hemra aragatnaşyk ulgamyny ösdürmekde hem parahatçylygyň we ynsanperwerligiň asylly maksatlaryndan ugur alýarys. Şoňa görä-de, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge ýardam berjek hemra ulgamy boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda giň gerimli işleri alyp barýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Bu aragatnaşyk hemrasy milli tele- we radioýaýlymlarymyzyň alnyp görkezilişiniň hem-de eşitdirilişiniň hilini ýokarlandyrmaga uly itergi berer. Göni ýaýlymda wideogepleşikleri alyp barmaga, ýokary hilli Internet ulgamyny, göni ýaýlymda teleokuwlary we telelukmançylyk aragatnaşygyny ýola goýmaga şert döreder diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder