21 Nisan 2015 Salı

Türkiýäde Okaýan Talyplara Bildiriş

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanda dowam edýän "Saglyk we bagtyýarlyk" atly köpçülikleýin sport, bedenterbiýe-sagaldyş we jemgyýetçilik çäreleriň bir aýlygynyň çäginde, 2015-nji ýylyň 26-njy aprelinde sagat 10:00 da Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Stambul Baş Konsullygynyň guramagynda sport çäreleri geçiriljek. Sportyň şaşka, küşt we beýleki görnüşleri boýunça ýaryşlar guraljak. 
 
Isleg bildirýän talyplary ýaryşa gatnaşmaga we tomaşa etmäge çagyrýarys. 
Ýaryşyň  soňynda oňa gatnaşyjylara Baş Konsullyk tarapyndan türkmen milli tagamlary hödür ediler.
Sport ýaryşlary Konsullygyň Stambuldaky binasynda geçiriler
Habarlaşmak üçin
Azat Jepbarow 05546918775  E-mail azat.jepbarow@mail.ru
Seyit Haknazarow 05364484478  E-mail seyithaknazarov14@gmail.com 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder