20 Nisan 2015 Pazartesi

Milli Sport we Syýahatçylyk Institutynda Ylmy-Amaly Maslahat Geçirildi

“Sagdynlyk we bagtyýarlyk” bir aýlygynyň çäklerinde Türkmenistanyň bitaraplygynyň 20 ýyllygy we 2015-nji ýylyň “Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu ýokary okuw mekdebiniň Sport baradaky döwlet komiteti, Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleri bilen bilelikde guran bu maslahatynyň gün tertibine Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe biziň ýurdumyzda köpçülikleýin sporty we bedenterbiýäni ösdürmek meseleleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi. 

Maslahatyň çäklerinde ýörite meýdançalarda görkezme sport çäreleri geçirildi, institutyň eýwanynda bolsa Türkmenistanda ösýän dermanlyk ösümler esasynda taýýarlanan adam bedeni üçin peýdaly bolan içgiler hödürlenýän fito-bar işledi. 

Şeýle hem şol gün talyplaryň sportda gazanan üstünliklerini görkezýän sergi hem guraldy. TMSweSI talyplarynyň sportuň dürli görnüşleri boýunça ýurtda we daşary ýurtlarda geçirilen ýaryşlarda gazanan köp sanly kuboklary, dürli derejeli medallary, hormat diplomlary we hatlary serginiň esasy eksponatlary boldy.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder