20 Nisan 2015 Pazartesi

Merkezi Aziýa Boýunça Ýörite Wekil Aşgabatda Içerki we Sebit Meselelerini Ara Alyp Maslahatlaşdy

ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň (PA) Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Týerri Mariani (Fransiýanyň Milli Assambleýasynyň deputaty) 13-14-nji aprelde Aşgabatda birnäçe işjeň ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi we Türkmenistanyň pudaklaýyn edaralarynyň we halkara guramalarynyň wekilleri bilen içerki we sebit ähmiýetli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdy.  

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy we ÝHHG-niň PA-nyň ýanyndaky Wekiliýetiniň başlygy A.Nurberdiýewa bilen duşuşygynyň barşynda parlamentara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň möhüm ähmiýetini belläp geçdi hem-de şu hepdäniň dowamynda Mejlisde PA-nyň işi boýunça seminary geçirmäge döredilen mümkinçilikler üçin minnetdarlygyny bildirdi. Taraplar şeýle hem konstitusion özgertmeleri, ýygnaklary we toplanyşyklary geçirmek hakynda golaýda kabul edilen Kanuny hem-de Ombudsmenyň postynyň esaslandyrylmagyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýörite wekil Mariani sebitara gatnaşyklary pugtalandyrmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen bäş sany Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlamentariýleri üçin maslahat guramagy teklip etdi. A.Nurberdiýewa bu teklibe gyzyklanma bildirdi we soňra ÝHHG-niň PA-nyň beýleki çäreleriniň hem Türkmenistanda geçirilmegine Hökümetiň gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi.

Týerri Mariani şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary institutynyň direktory bilen hem duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda wekil institutyň işini, Türkmenistanmyň raýatlary bilen alnyp barylýan işleri, şol sanda hukuk meseleleri we adam hukuklary boýunça raýatlardan gelip gowuşýan arzalara seretmek işini, şeýle-de Institutyň kanunçylyk tejribesiniň kämilleşdirilmegine gönükdirilen işlerini ara alyp maslahatlaşdylar. 

Ýörite wekil BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit Merkeziniň wekilleri bilen hem serhet howpsuzlygyny, has takygy Türkmenistanyň Owganystan bilen serhetine gatnaşykdaky meseleleri, energetika we suw meselelerini, şeýle hem Merkez tarapyndan golaýda kabul edilen Çäreleriň 2015-2017-nji ýyllar üçin Meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen duşuşdy.

Týerri Mariani şeýle-de ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezinde hem duşuşyk geçirdi, oňa Gyrgyzystanyň Milli parlamentiniň deputaty, ÝHHG-niň PA-nyň ykdysady meseleler, ylym, tehnologiýa we daşky gurşaw boýunça umumy komitetiniň Başlygy R.Aknazarowa hem goşuldy. Duşuşygyň barşynda wekil Merkeziň işi hem-de golaýda başy başlanan tasalamlar barada giňişleýin maglumatlary aldy. Ýörite wekil barha giň gerime eýe bolýan Merkeziň işine kanagatlanma bildirdi. 

Saparyň çäklerinde şeýle-de jenap Marianiniň ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň birnäçe taslamalar boýunça işleşen Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jmegyýetiniň başlygy bilen hem duşuşgy geçirildi. Ýörite wekil Jemgyýetiň işiniň esasy ugurlary, şol sanda ýurtda inçekesele we beýleki kesellere garşy göreşmek işleri, psihologik ýardam bermek we ilkinji kömek bermegiň endiklerini okatmak maksatnamalary bilen tanyşdyryldy.


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder