30 Nisan 2015 Perşembe

Medeniýet Parahatçylygyň we Agzybirligiň Nyşany

Şu günler Aktauda — Gazagystan Respublikasynyň Mangistau oblastynyň paýtagtynda Türkmenistanyň medeniýet işgärleriniň wekiliýeti saparda bolýar. Onuň düzüminde belli artistler, Balkan welaýatynyň “Dagdan” döredijilik topary, Aşgabadyň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary bar. Doganlyk ýurda sapar Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky konsullygy hem-de ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan kabul edýän tarapyň goldaw bermeginde guraldy. Ynsanperwer çäre Türkmenistanda giňden bellenilýän Bitaraplyk we parahatçylyk ýylyna bagyşlanan çäreleriň maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýär.

Türkmenistany we Gazagystany   milli medeniýetleriň umumy çuňňur kökleri, taryhy geçmiş, dil, özara bähbitli hyzmatdaşlyga, ynanyşmaga we özara düşünişmä esaslanan köpýyllyk dostlukly gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Bularyň hemmesi türkmen wekiliýetiniň goňşy ýurtda bolýan günleri, Žana Uzen serhetýaka gazak şäheriniň häkimligi we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan 27-nji aprelde guralan türkmen-gazak serhedinde dabaraly kabul etmekden başlap, beýleki wakalarda öz aýdyň beýanyny tapdy.  Türkmenistanyň wekillerini duz-çörek, milli tagamlar, gazak döredijiliginiň äheňleri boýunça guralan konsert bilen mähirli garşyladylar.  Türkmenistanyň wekilleriniň hormatyna şäheriň meri S.Turumow, ýaşulularyň ýerli geňeşiniň başlygy, “Uzenmunaýgaz” nebitgaz çykaryjy kompaniýanyň baş direktory we beýlekiler gutlag sözleri bilen çykyş etdiler. Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasynda medeni alyşmalaryň möhümdigi bellenildi. Olar milli we umumyadamzat ruhy gymmatlyklarynyň esasynda iki doganlyk halkyň özara baýlaşmagyna gönükdirilendir. 

Türkmenistanyň wekiliýeti Aktau şäherinde bolmagynyň ikinji güni Akşükür obasynyň golaýyndaky Týubkaragan raýonynda ýerleşýän “Koşkar Ata” aramgähine zyýarat etdiler.   Bu ýerde köpüsi türkmen topragyndan bolan dindarlaryň ruhy aram tapdy...

Biziň wekiliýetimiz tanyşlyk saparyny dowam edip,  Týubkaragan raýonynyň dolandyryş merkezine Fort  —  Şewçenko şäherine we Bautino deňiz portuna baryp gördüler. Bu ýerde olar Hazaryň gazak bölegindäki deňiz ýalpaklygynda we gury ýerlerindäki uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň häzirki zaman taryhy bilen tanyşdylar. Önümçilik düzümini we ýöriteleşdirilen floty synladylar. Tanyşlygyň ahyrynda Týubkaragan raýonynyň häkimi T.Asauowyň we Fort  —  Şewçenko şäheriniň meri A.Nurdöwletowyň ugratmagynda “Tulpar” gämisinde Bautin aýlagy boýunça gezelenji amala aşyryldy. 

29-njy aprelde Aktaunyň  Nurmuhan Žanturin adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň eýwanynda “Men Parahatçylyga ses berýärin” diýen at bilen çagalaryň çeken suratlarynyň sergisi guraldy. Ol Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna we ýurdumyzda yglan edilen Bitaraplyk we parahatçylyk ýylyna bagyşlandy. Sergä Türkmenistanyň, Gazagystanyň Mangistau we Atyrau oblastlarynyň  umumybilim berýän we çeperçilik mekdeplerinden oglanlar we gyzlar gatnaşdylar. Ýaş suratkeşler  tomaşaçylary işleriniň 100-den gowragy bilen tanyşdyrdylar. Mundan başga-da, bu ýerde ýaş türkmen suratkeşleriniň  —  Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň çeken suratlarynyň bäsleşikden daşgary sergisi ýaýbaňlandyryldy. Sergi işlerinde deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleriniň, türkmen tebigatynyň gözelligi, milli baýramçylyklar, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda senagat we ýaşaýyş jaý gurluşyklarynyň çäklerinde senagat peýzažlary şekillendirildi. 

Dabaraly ýagdaýda bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamagyň baýramçylyk çäresi geçirildi. Ozalky Şota Rustaweli adyndaky Türkmen çeperçilik mekdebiniň uçurymy, Gazagystanyň sungat akademiýasynyň akademigi Aýtbaý Kulbaýyň ýolbaşçylyk eden eminler toparynyň çözgüdi boýunça baýrak eýelerini kesgitlemek iki ýaş toparlary boýunça bäş bölümde internet  —  ses bermegi nazara almak bilen geçirildi. Uly ýaş toparynda ikinji orny eýelän, Aşgabadyň çeperçilik mekdebiniň okuwçysy M.Myradow hem-de aýry-aýry ýaş toparlarynda tomaşaçylaryň söýgüsini  gazanan A.Kulyýewa “Men Parahatçylyga ses berýärin” diýen at bilen geçirilen çagalaryň çeken suratlarynyň halkara bäsleşiginiň ýeňijileri boldular. Bäsleşigiň baş baýragy Aktau şäheriniň 3-nji orta umumybilim berýän mekdebiniň okuwçysy E.Konysbaýewe gowşuryldy. Çagalaryň çeken suratlarynyň halkara bäsleşiginiň ýeňijilerine we baýrak eýelerine Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky konsullygynyň diplomlary we Mangistau oblastynyň häkimliginiň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Sylaglamak çäresine Aktau şäheriniň we Mangistau oblastynyň ýolbaşçylary hem-de Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow gatnaşdylar. 

Medeni çäreler şol gün Türkmenistanyň we Mangistau oblastynyň döredijilik toparlarynyň N.Žanturin adyndaky sazly-drama teatrynyň sahnasynda guran konserti bilen dowam etdi. Türkmenistanyň halk artistleri—Balkan welaýatyndan aýdymçy A.Mämmedowa we aşgabatly bagşy P.Hamydow üstünlikli çykyş etdiler. Opera sahnalaryny ýerine ýetirijiler—Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy A.Seýtkulyýewa we Mangistau oblastynyň Murat Oskimbaýew adyndaky filarmoniýanyň aýdymçysy Ş.Saparowa şowhunly el çarpyşmalara mynasyp boldular. Aýdymçylara  gazak saz ussady,  halkara bäsleşikleriniň ýeňijisi pianinoçy E. Begendikow sazandarlyk etdi. Balkanly we Mangistauly tansçylaryň tomaşaçylaryň el çarpyşmagynda ýerine ýetiren küşt depdi tansy konsert maksatnamasynyň içinden erş-argaç bolup geçdi. 

Türkmen wekiliýetiniň sapary gazak milletiniň Lideri, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýaly “açyk gapylar” syýasatyny ýöredýän , sebitde parahatçylygy we halklaryň arasynda agzybirligi berkarar edýän Gazagystanyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň döwlet Baştutanynyň wezipesine resmi taýdan girişmegi  mynasybetli geçirilen çärä gabat geldi. Balkan welaýatynyň Mangistau oblastyndaky ynsanperwer çäresi Türkmenistanda yglan edilen Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynyň nyşany astynda, Gazagystanyň halklarynyň Assambleýasynyň 20 ýyllygynyň, ýurduň milli baýramy  —  Agzybirlik gününiň we Beýik Ýeňşiň 70 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilýär. Bularyň hemmesi kabul edýän tarapyň wekilleriniň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň döredijilik wekiliýetiniň saparyna aýratyn öwüşgin çaýýar. 

Diňe geografik serhetleri däl-de, eýsem, ruhy ýakynlygy birleşdirýän doganlyk ýurtlaryň arasyndaky medeni alyşmalar Türkmenistanyň we Gazagystanyň   Liderleriniň netijeli syýasaty netijesinde ýylsaýyn giňelýär, milletleriň ýakynlaşmagyna we iki döwletiň netijeli hyzmatdaşlygyna hyzmat edýär. “Demirgazyk-Günorta” transmilli demir ýolunyň gurulmagy munuň aýdyň mysallarynyň biri bolup durýar. Ýewropanyň üstaşyr ýükleriniň Ýakyn we Orta Gündogaryň  ýurtlaryna gysga ýol hökmünde demir ýolunyň hereket etmegi Türkmenistanyň, Gazagystanyň, we olar bilen çäkleşýän ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň we durmuş derejeleriniň ýokarlanmagyna ýardam eder. 

30-njy aprelde türkmen wekiliýeti Aktau şäherinden Žan Uzen şäherine bardy, bu ýerde paýtagtymyzyň artistlerinden we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň “Dagdan” döredijilik toparynyň agzalaryndan ybarat döredijilik işgärleri uly konsert bilen çykyş etdiler. 1-nji maýda bolsa  türkmen wekiliýeti Gazagystanyň halklarynyň Agzybirlik Gününe  bagyşlanan baýramçylyk çäresine gatnaşar.






Hiç yorum yok:

Yorum Gönder