28 Nisan 2015 Salı

Älem Giňişligine Tarap

Bu sene Türkmenistanyň garaşsyz taryhynyň senenamasynda aýratyn orun eýelär: 2015-nji ýylyň 28-nji ýylyň aprelinde Aşgabat wagty bilen 4 sagat 03 minutda Kanaweral burnundaky kosmodromdan (Florida ştaty, ABŞ) Türkmenistanyň «TürkmenÄlem 520 E» ilkinji aragatnaşyk hemrasy uçuryldy. Ýurdumyzyň buýurmasy boýunça Fransiýanyň «Thales Alenia Space» kompaniýasy tarapyndan gurlan emeli hemra «Falcon 9» göterijisi tarapyndan älem giňişligine çykaryldy.

Bu wakanyň möçberine we ähmiýetine düşünmek üçin, birnäçe ýyl mundan öňki wakalara gaýdyp gelmelidiris. Mälim bolşy ýaly, baryp 2007-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň belent münberinden ýurdumyzyň dünýä üçin açykdygyny hem-de ähli ugurlar boýunça halkara bileleşigi bilen giň hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny beýan etdi. Innowasion we tehnologiki ösüş şol hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Kosmos aragatnaşygynyň we kommunikasiýalaryň mümkinçiliklerini ulanmak onuň möhüm bölegi bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň çözgüdi boýunça 2011-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentligi esasy halkara hyzmatdaşlary bilen ysnyşykly gatnaşyklara girişdi. Bu işiň aýdyň netijesini gazanmak – ilkinji milli aragatnaşyk emeli hemrasyny uçurmak üçin dört ýyldan hem azrak wagt gerek boldy. 

Häzirki wagtda bu üstünligiň uly ähmiýete eýedigi äşgär görünýär. Bu waka barada birnäçe deslapky netijäni çykarmak bolar. 

Birinji. Türkmenistan tehnologiki ösüş babatda uly ädim ätdi. Şeýle ädim ätmek diňe okgunly ösýän ykdysadyýete, takyk uzakmöhletleýin wezipelere hem-de ösüş meýilnamalaryna eýe bolan, guramaçylyk, intellektual, maliýe serişdelerini öňde goýlan maksada ýetmäge gönükdirmäge ukyply döwlete başardýar. 

Ikinji. Bu kosmos taslamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň esasy şertleriniň biri-de ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň toplumlaýyn uzakmöhletleýin maksatnamasynyň bardygy we onuň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Bu maksatnamada innowasion ugra, ýokary tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagyna, hemmetaraplaýyn kompýuterleşdirmäge, ýurdumyzyň durmuşynyň dürli ulgamlarynda dünýäniň iň gowy tejribesini özleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Döwletimiz bilimiň derejesine we hiline uly ähmiýet berip we adamlary, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlary häzirkizaman dünýä ylmyny we tehnologiýalary, tebigy ylymlary, jemgyýeti öwrenişi ösdürmegiň esasy ugurlaryna çekip, bu ulgamlarda giň halkara gatnaşyklaryny höweslendirip, maýa goýumlarynyň geljegi uly ugruna – adamyň döredijilik mümkinçiliklerini açmaga maýa goýumlaryny goýýar. Munuň özi ýurdumyzyň geljegine gönükdirilen maýa goýumlarydyr, milletiň iň gymmatly strategiki serişdesiniň – onuň aň-paýhasynyň üstüniň ýetirilýändiginiň kepilnamasydyr. 

Üçünji. Türkmen aragatnaşyk emeli hemrasynyň uçurylmagy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistany ösen döwletleriň derejesine çykarmak barada yglan eden strategiki ugrunyň esaslydygyny we aýdyňdygyny görkezdi. Türkmenistanyň köp babatda çig mal ýurdy hökmünde kabul edilen döwri geçmişde galdy. Ýokary tehnologiýalara we ösüşiň geljegi uly ulgamlaryna daýanylyp, ykdysadyýetiň hem-de senagatyň diwersifikasiýa edilmegi  häzirki Türkmenistanyň hakyky ýagdaýydyr we köp babatda ýurdumyzyň ösüşini hem-de abadançylygyny üpjün edýän ertirki güne bolan anyk ugurdyr. Şunda adamlaryň ýaşaýyş – durmuş derejesiniň hilini ýokarlandyrmak, daşky gurşawy goramak, önümçiligi dolandyrmagyň häzirkizaman usullaryny ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri çözmegiň möhüm ähmiýeti bardyr. Şunuň bilen baglylykda, kosmos aragatnaşygynyň we kommunikasiýalaryň hem ösüşiň geljegi uly ulgamlaryna degişlidigini bellemelidiris. 

«Açyk gapylar» syýasatynyň maksadalaýyk durmuşa geçirilmegi milli kosmos taslamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhüm şerti boldy. Bitarap daşary syýasat ugry, dünýäniň onlarça ýurtlary bilen oňyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagy Türkmenistana dünýä derejesindäki ösen kompaniýalar, hususan-da, kosmos barlaglary we işläp taýýarlamalary bilen meşgullanýan kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri üpjün etdi. Biziň ýurdumyz dürli pudaklarda, şol sanda ýokary tehnologiýaly ulgamlarda uzakmöhletleýin daşary ýurt maýa goýumlary üçin özüne çekiji döwlete öwrüldi. Içerki durnuklylyk, döwrebap maýa goýum kanunçylygy, halkara abraýy we ygtybarly hem-de açyk hyzmatdaş hökmünde abraýynyň barha artmagy Türkmenistana öňdebaryjy döwletler we iri ykdysady hem-de maliýe, ylym we bilim edaralary bilen ysnyşykly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýär. Türkmen hünärmenleri ylym we ylmy-tehniki alyşmalar çärelerine işjeň gatnaşýarlar, daşary ýurtlaryň ylmy-önümçilik merkezlerinde ýokary hilli taýýarlyk geçýärler. 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň bilim ulgamynda başyny başlan özgertmeleri aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Halkara ylmy we talyplar alyşmalary onuň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz dürli ýurtlaryň iri ylmy edaralarynda eden köpsanly çykyşlarynda dünýäniň bilim we barlag merkezleri bilen giň hem köpugurly hyzmatdaşlygyň ileri tutulýandygyny aýratyn nygtaýar. Häzirki wagtda türkmen ýigitleriniň we gyzlarynyň müňlerçesi Ýewropanyň, Amerikanyň, Aziýanyň, GDA ýurtlarynyň iň gowy ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar. 

Milli aragatnaşyk emeli hemrasynyň uçurylmagyna Türkmenistanyň häzirkizamanyň düýpli meselelerini çözmek boýunça köptaraplaýyn tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen daşary syýasat strategiýasyny, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň BMG-niň belent münberinden durnukly energetika, ulag we kommunikasiýalar, ekologiýa, ýaragsyzlanmak ýaly ulgamlarda öňe süren başlangyçlaryny durmuşa geçirmek babatda hem garamak wajypdyr. Hut kosmosdaky bilelikdäki halkara işi häzirki wagtda halkara derejesinde energiýa serişdeleriniň iberilmegine, ulag kommunikasiýalaryna netijeli gözegçiligi amala aşyrmaga, tebigy we tehnogen betbagtçylyklaryň döremek howpuny, köpçülikleýin gyryş ýaragynyň bikanun ýaýradylmak howpuny aradan aýyrmaga, ägirt uly çäkleriň ekologiýa goraglylygynyň derejesine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. 

Türkmen aragatnaşyk emeli hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy diňe bir tehnologiki babatda öňegidişlik bolmak bilen çäklenmeýär. Munuň özi ägirt uly syýasy-psihologiki ähmiýetli wakadyr. Türkmenistanyň halky, ilkinji nobatda, parasatly hem-de öňdengörüji Lideriň ýolbaşçylygynda aýdyň maksatlaryň töwereginde jebisleşip, häzirki wagtda islendik, iň çylşyrymly we giň möçberli wezipeleri çözmäge ukyplydygyny subut etdi. 

Emeli hemranyň ýurdumyzda Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilen ýylynda uçurylmagynyň çuňňur manysy bardyr. Türkmenistan belent we päk tutumlar hem-de niýetler bilen älem giňişligine çykýar. Biziň döwletimiz älemiň tutuş adamzadyň geljeginiň bähbidine parahatçylygyň, özara düşünişmegiň we bähbitleriň sazlaşygynyň çägidigine oňat düşünýänleriň ählisine dostluk we hyzmatdaşlyk goluny uzadýar. 


Hiç yorum yok:

Yorum Gönder