7 Şubat 2015 Cumartesi

Ulag we Energetika Diplomatiýasy Atly Maslahat Geçirildi.

2015-njy ýylyň Bitaraplyk we asudalyk ýyly hökmünde yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň Baýdak baýramyna bagyşlanyp geçirilen dabara türkmenistanly we türkiýeli alymlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanda iş alyp barýan türk işewürleri we Türkiýede bilim alýan türkmen talyplary bilen metbugatyň wekilleri gatnaşdylar. 
Bitaraplyk we sebitde parahatçylyk, Ulag we energetika diplomatiýasy atly maslahatda, adyndan hem belli bolşy ýaly Türkmenistanyň alyp barýan işweň bitaraply syýasaty, onuň sebitleýin parahatçylygyna goşantlary, ulag we energetika diplomatiýa barada maglumatlar berilip, Türkmenistanyň sebitinde hem-de dünýäde eýeleýän möhüm pozisiýasyna üns çekildi. 
Mälim bolşy ýaly 2015-nji ýyl Türkmenstanda Baky bitaraplyk we asudalyk ýyly hökmünde yglan edildi. Şol çäkde dünýäniň köp sanly ýurtlarynda Türkmenistanda döwlet syýasaty, onuň sebitleýin hem-de dünýä ähmiýeti, dünýä parahatçylygyna goşýan goşandy barasynda köp sanly çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. 
Türkmenistanyň daşary syýasatynyň aýrylmasyz bölegini emele getirýän ugurlardan biri hem ulag we energetika diplomatiýasy. Energetikanyň howpsyzlygynyň üpjün edilmegi boýunça Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasyna teklip hödürläpdi we ol biragyzdan kabul edilipdi. 
Maslahatyň Türkiýede geçirilmeginiň ähmiýeti barada aýdylanda bolsa; Türkmenistanyň garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji ýurt bolmagy we gatnaşyklaryny ähli taraplaýyn ösdürýänligi oňa özboluşly äheň çaýýar. Onuň şeýledigi maslahata gatnaşyjylar tarapyndan hem aýratyn nygtalyp geçildi.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder