6 Şubat 2015 Cuma

Türkmen-horwat işewürler maslahaty.

Türkmen paýtagtynda geçirilen türkmen-horwat işewürler maslahatynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi hakynda pikir alşyldy. Işewür duşuşyga gatnaşmak üçin Horwatiýa Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, sebitleýin ösüş we Ýewropa Bileleşigi gaznasy ministri jenap Branko Grçiçiň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Türkmenistana geldi. Maslahata gatnaşyjylaryň hatarynda dostlukly ýurduň döwlet düzümleriniň, şeýle hem gämi gurluşygynda, energetika, nebitgaz senagaty, ulag, gurluşyk we beýleki ugurlarda ýöriteleşdirilen esasy kompaniýalarynyň wekilleri bar. 

Duşuşyga türkmen tarapyndan ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar. 

Nobatdaky işewürler maslahatynyň geçirilmegi okgunly ösýän ikitaraplaýyn gatnaşyklar babatda ägirt uly ähmiýete eýe bolup, olara soňky ýyllarda hil taýdan täze mazmun we kuwwatly itergi berildi. Iki ýurduň arasynda haryt dolanyşygynyň artan möçberi we dürli ugurlarda amala aşyrylýan bilelikdäki maýa goýum taslamalary munuň adýyň mysalydyr. 

Horwatiýa Respublikasynyň wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň çykyşynda horwat tarapynyň Türkmenistan bilen özara gatnaşyklaryny giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigi aýratyn bellenildi. Çünki Türkmenistan milli ykdysadyýetiniň ýokary ösüş depginlerini dünýä görkezip, geljegi uly we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ýokary halkara abraýyna eýe bolup durýar. Şu günki maslahat hem iki ýurduň dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr diýip, jenap Branko Grçiç onuň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de üstünlikli giňeltmäge ýardam etjek täze işewür gatnaşyklaryň ýola goýuljakdygyna ynam bildirdi. 

Şunuň ýaly bilelikdäki işewür duşuşyklar netijeli döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň netijeli usuly bolup durýar. Myhman maslahata gatnaşýan esasy horwat kompaniýalary bilen tanyşdyryp, Horwatiýanyň işewür toparlarynyň dürli ugurlarda täze taslamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy. Türkmen we horwat wekiliýetleriniň tanyşdyrmalarynda milli ykdysadyýetleriň hem-de häzirki ýagdaýlary nazara almak bilen, iki ýurduň we halklaryň bähbidine laýyk gelýän mümkinçiliklere syn berildi. 

Çykyş edenler Türkmenistanyň döwlet ösüşiniň strategiýasynyň möhüm ugurlary barada aýtmak bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny bellediler. Şol özgertmeler ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwatynyň doly we hemmetaraplaýyn amala aşyrylmagynyň hasabyna türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Türkmen döwletini ösdürmegiň konsepsiýasy milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, ähli pudaklara täze tehnologiýalaryň we dolandyrmagyň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagyna, bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçilmegine, hususy telekeçilige giňden goldaw berilmegine esaslanýar. 

Şunda birek-birege hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgelerinde gyzyklanma bildirýän taraplar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň ykdysadyýetine maýa goýumlaryny artdyrmak maksady bilen degişli düzüm ösdürilýär, maýadarlaryň hukuklaryny goramak boýunça halkara talaplaryny nazara almak arkaly, maýa goýum işiniň kanunçylyk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. 

Işewürler maslahatyna gatnaşyjylara Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň ykdysady kuwwaty we gazanan üstünlikleri, döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hakynda maglumat berildi. 

Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, telekeçilik düzümleriniň derejesindäki söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk uly mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, horwat wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanda milli ykdysady strategiýanyň möhüm tarapy bolup durýan hususy ulgamy ösdürmegiň ugurlary bilen tanyşdyryldy. 

Maslahatyň çäklerinde görkezilen wideofilm horwat wekiliýetiniň agzalaryna Türkmenistanlda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň gerimi hakynda aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berdi. Şol özgertmeler bolsa ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyna gönükdirilendir we iki döwletiň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. 

Türkmenistanyň ministrlikleriniň, edaralarynyň we hususy ulgamynyň hem-de Horwatiýa Respublikasynyň döwlet düzümleriniň we kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň barşynda bilelikdäki taslamalar hem-de özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder