21 Şubat 2015 Cumartesi

Merdana Nesiller

Hormat Garawulynyň orkestriniň we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi Serkerdeler öýüniň “Merdana nesiller” aýdym we tans ansamblynyň bilelikdäki döredijilik topary – umumylykda elli töweregi harby gullukçylar Balkan welaýatynyň garnizonlarynyň ählisi boýunça aýlanyp, konsert programmalary bilen çykyş etdiler. 

Konsertler Türkmenistanyň baky bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmeginiň 20 ýyllygynyň hormatyna yglan edilen Bitaraplyk we parahatçylyk ýylyna bagyşlandy. Maýor Muhammet Akmuhammedowyň ýolbaşçylygyndaky birleşdirilen topar harby bölümlerde harby gullukçylaryň öňlerinde, şeýle hem Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutnda okaýan ýaşlaryň öňünde çykyş etdiler. Konsert programmasy iň gowy aýdym we saz kompozisiýalaryndan, şol sanda ilkinji sapar geçirilýän gastrol üçin ýörite taýýarlanan aýdym-sazlardan ybarat boldy. 

Bu ilkinji nobatda harby-watanperwerlik temasyna degişli bolan aýdymlardan we ýörüşe bagyşlanan sazlardan, şeýle hem häzirki zaman gaýtadan işlenen türkmen sazlaryndan ybaratdyr. Sebäbi orkestriň saz gurallarynyň düzüminde türkmen milli saz gurallary bolan dutardyr gyjak hemişelik ulanylýar. Şeýle hem toparyň düzüminde akkordeonçy Kemal Orazalyýew, şeýle hem dürli žanrlar bilen çykyş edýän ýaş artist, möhletli harby gullukçy Döwran Mätiýew çykyş etdiler. Ol öz çykyşlarynda degişme pantomimalaryň we akrobatikanyň elementleri bilen çykyş edýär. 

Bu orkestr Hormat garawulynyň Rotasynyň düzüminde 1992-nji ýylda döredildi. Türkmenistanyň hormatly myhmanlaryny we hökümet wekilýetlerini dabaraly garşylamak, dabaraly çärelere we dabaraly ýörüşlere gatnaşmak bu orkestriň wezipesi bolup durýar. 

Bu döredijilik topar hemişe gözlegde. Ol özüniň döredileli bäri aýdym we dabaraly ýörüşlere bagyşlanan sazlaryň giň repertuaryny döretdi hem-de täze kompozisiýalar bilen onuň ýylba-ýyl üsti ýetirilip durulýar. Ýeri gelende aýtsak, köp ýyllardan bäri orkestr üçin sazy maýor Nurygandym Hojamuhammedow ýazýar. Hormat garawulynyň Rotasynyň orkestri köp sanly estrada kompozisiýalaryny, dünýä nusgawy saz medeniýetiniň kolleksiýasyndan eserleri hem ýerine ýetirýär.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder