12 Şubat 2015 Perşembe

Ukraina Parahatçylyk Ylalaşygy Yglan Edildi

Ukrainanyň, Orsýetiň, Germaniýanyň we Fransiýanyň liderleri Belarusyň paýtagty Minskde 18 sagada çeken gepleşiklerden soň, Ukraina üçin parahatçylyk ýol kartasyna gol çekdiler.

Ukrain prezidenti Petro Poroşenko we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bu şertnamanyň 15-nji fewraldan atyşygyň bes edilmegine, agyr ýaraglaryň söweş zonasyndan yza çekilmegine we aralykda howpsuzlyk zolagynyň döredilmegine çagyrýandygyny aýtdylar.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin gündogar Ukrainadaky konflikti köşeşdirmek boýunça Ukrainanyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň liderleri bilen tutuş gijäniň dowamynda geçirilen gepleşikleriň yz ýanyndan başlanan ertiri "haýyrly" diýip atlandyrdy.
Putin gepleşikler barada şeýle diýdi: "Bu meniň durmuşymda iň gowy gije bolmady, emma meniň pikirimçe, ertesi günüň säheri haýyrly boldy. Sebäbi, gepleşik prosesi bilen bagly kynçylyklara garamazdan, bize esasy zatlar barada ylalaşmak başartdy".

Putin ok atyşygy bes etmek, agyr ýaraglary yza çekmek we gündogar Ukrainanyň käbir böleklerine degişli ýörite status boýunça ylalaşylandygyny aýtdy.
"Kiýew Orsýetiň eden talabyna boýun bolmady"

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko bu dokument separatistler tarapyndan elde saklanýan regionlara hiç hili awtonomiýa bermeýär we 2015-nji ýylyň aýagyna çenli Ukrainanyň öz serhetlerine kontrollugyny dikeltmegini nazarda tutýar diýdi. Şeýle-de Poroşenko Kiýewiň Ukrainanyň federallaşmagy barada Orsýetiň eden talabyna boýun bolmandygyny belledi.

Germaniýanyň, Fransiýanyň, Orsýetiň we Ukrainanyň arasynda geçirilen gepleşikleriň yzysüre ukrain žurnalistleriniň öňünde eden çykyşynda Ukrainanyň prezidenti Poroşenko, hususan-da, şeýle diýdi: "Başda, [söweş zolagyndan ukrain] goşunlaryny yza çekmek, boýun bolmak ýaly kabul ederlikli bolmadyk dürli teklipleriň öňe sürlendigini aýtmak mümkin. Biz hiç bir ultimatuma boýun bolmadyk we ok atyşygy bes etmek barada jarnamany gazandyk".

Poroşenko bu ylalaşygyň ýesir alnan adamlary iki tarapdan hem üç hepdäniň içinde boşatmaga çagyrýandygyny, Ukrainanyň Howa güýçleriniň piloty, alty aýdan gowrak wagt bäri tussaglykda saklanýan Nadia Sawçenkonyň boşadylmagy barada hem ylalaşyga gelnendigini aýtdy.

Minskde gelnen ylalaşyga Ukrainanyň Lugansk we Donetsk regionlarynyň orsýetçi separatistleriň öz-özlerini baştutan diýip jar eden liderleriniň hem gol çekendigi habar berilýär. Şeýle-de bu şertnamada Ukrainanyň territoriýasyndaky daşary ýurt güýçleriniň ýurduň çäklerinden çykarylmagyna çagyrylýar.

"Illýuziýa"

Günbataryň we Ukrainanyň hökümetleri Orsýeti separatistlere harby, ýarag we beýleki ýardamlary bermekde aýyplaýarlar, Orsýet muny inkär edýär.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel "indi bizde Ukrana boýunça umyt şöhlesi döredi", emma biz "illýuziýanyň" astynda däl we entek Ukrainada "örän, örän köp iş edilmeli" diýdi. Ol Poroşenkonyň Ukrainada "gandöküşikligiň soňuna çykmak" üçin elinde baryny edendigini aýtdy.

Fransiýanyň prezidenti Fransua Holland ylalaşygyň "Ýewropa üçin ýeňillikdigini we Fransiýanyň hem Germaniýanyň parahatçylyk üçin edip biljek hyzmatynyň nusgasydygyny" aýtdy.

Gündogar Ukrainadaky söweşler netijesinde aprelden bäri 5350-den gowrak adam öldürildi we ýüzlerçe müň adam öz öýlerinden gaçmaly boldy.
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2727

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder