16 Şubat 2015 Pazartesi

Emeli Hemra Mart Aýynda Uçurulýar

Türkmenistanyň öz Garaşsyzlygynyň taryhynda ilkinji milli emeli hemrasy 2015-nji ýylyň mart aýynda äleme uçurylar. Mälim bolşy ýaly, bu babatynda görülýän taýýarlyk işleri barada şu ýylyň 6-njy fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer S.Stalykow maglumat berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu wakanyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, milli emeli hemranyň bolmagynyň ýurdumyzda aragatnaşyk ulgamynyň we telewideniýäniň ösüşini çaltlandyrjakdygyny belledi.

"Türkmen Älem 52.OE" milli aragatnaşyk hemrasy Ýeriň üstünden takmynan 36 müň kilometr uzaklykda ýerleşýän, geostasionar orbitasyna çykarylar. Şunuň ýaly belentlikde hereket etmek bilen, emeli hemra 24 sagadyň dowamynda-- Ýeriň gije-gündiziň dowamynda aýlanyş döwründe planetanyň daşyndan bir gezek aýlawy amala aşyrar. Onuň üstündäki radioenjamlar ýerüsti radiostansiýalarynyň tolkunlaryny güýçlendirip, beýleki ýerüsti radiostansiýalaryna alyp eşitdirer.

Biziň hemramyz milli telewideniýäniň teleradio ýaýlymlaryny alyp eşitdirmek üçin peýdalanylar. Hemra ýaýlymlarynyň ýokary eşitdiriş we görkezijilik taraplary, şeýle hem ýokary goýberiş ukybyna eýe bolan teleýaýlymlarynyň onlarçasyny tolkuna goýbermäge mümkinçilik berer.

Hemra biri-birinden birnäçe müň kilometr uzaklykda ýerleşýän ýerüsti stansiýalarynyň arasynda maglumatlary geçirmäge, giň göwrümli Internet hyzmatlaryny bermäge, uzak aralykdan okuwlary guramaga, lukmançylyk hyzmatlaryny bermäge, şol sanda dürli wideoşekilli maslahatlary geçirmäge, şeýle hem aragatnaşyk hyzmatlarynyň beýleki görnüşlerini amala aşyrmaga ýardam berer.

Türkmenistanyň milli emeli aragatnaşyk hemrasy orbita çykarylandan soň ony dolandyrmak Ahal welaýatyndaky milli hemra ulgamyny dolandyryş merkezinden we Daşoguz welaýatyndaky ätiýaçlyk dolandyryş merkezinden amala aşyrylar.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder