21 Şubat 2015 Cumartesi

“Ahal” – AFK-nyň Kubogynyň Eýesi Bilen Bir Toparda

AFK-nyň Kubogynyň häzirki eýesi “Al-Kadsiýa” (Kuweýt), şu ýaryşyň iki gezek finalçysy “Erbil” (Yrak) we Täjigistanyň üç gezek çempiony “Istiklol” toparlary Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň Kubogynyň toparlaýyn tapgyrynda Türkmenistanyň Kubogynyň iki gezek eýesi we wise-çempiony “Ahalyň” bäsdeşleri bolarlar. Bu barada Çempionlar ilgasynyň we AFK-nyň Kubogy ugrunda geçirilen oýunlarynyň jemleri boýunça mälim boldy. Şondan soň ähmiýeti boýunça Aziýanyň birinji we ikinji toparlarynyň ýaryşlaryna gatnaşyjylaryň doly sanawy belli boldy. 

Kuweýtiň alty gezek çempiony “Al-Kadsiýa” AFK-nyň çempionlar ligasynyň oýunlarynda Jiddada “Al-Ahli” (Saud Arabystany) topary bilen duşuşdy. Bu oýunda üstünlik gazanan ýagdaýynda Kuweýtiň topary AFK-nyň çempionlar ligasynda çykyş etmäge hukuk gazanyp bilýärdi. Emma bu başa barmady. “Al-Ahli” toparyndan 1:2 hasaby bilen ýeňlip, “Al-Kadsiýa” netijede 2015-nji ýylyň AFK-nyň Kubogynyň toparlarýyn tapgyrynyň “C” toparyna düşdi. Bu topara myhmançylykda Omanyň Kubogynyň häzirki dokuz gezek eýesi we sekiz gezek çempiony “Fanja” toparyny 3:2 hasaby bilen ýeňen “Ahal” topary hem düşdi. 

2015-nji ýylyň AFK-nyň Kubogynyň toparlarýyn tapgyrynda “Ahal” topary öz ilkinji oýnuny 25-nji fewralda Kuweýtde “Al-Kasiýa” topary bilen geçirer. Ikinji duşuşygyny bolsa 11-nji martda Aşgabatda “Istiklol” täjik topary bilen geçirer, 18-nji martda bolsa öz meýdanynda “Erbil” yrak toparyny kabul eder. 

AFK-2015 Kubogynyň “C” toparynda geçiriljek duşuşyklaryň doly sanawy: 

1-nji tapgyr, 25-nji fewralda 

“Istiklol (Täjigistan) – “Erbil” (Yrak) “Al-Kadsiýa” (Kuweýt)- “Ahal” (Türkmenistan) 

2-nji tapgyr, 11-nji martda 
“Ahal” - “Istiklol 
“Erbil” - “Al-Kadsiýa” 

3-nji tapgyr, 18-nji martda 
“Al-Kadsiýa” - “Istiklol 
“Ahal” - “Erbil” 

4-nji tapgyr, 15-nji aprelde 
“Istiklol” - “Al-Kadsiýa” 
“Erbil” - “Ahal” 

5-nji tapgyr, 29-njy aprelde 
“Erbil” - “Istiklol” 
“Ahal” - “Al-Kadsiýa” 

6-njy tapgyr, 13-nji maýda 
“Istiklol” - “Ahal” 
“Al-Kadsiýa” - “Erbil”

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder