15 Ocak 2015 Perşembe

Türkmenistanyň iň gowy türgenleriniň onusy.

Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan berlen sanawa görä, hut şol sport ýaryşlarynyň ýeňijileri we baýrakly orunlara mynasyp bolanlar 2014-nji ýylda has tapawutlanan türgenleriň onlugyny kesgitlemek boýunça bäsleşigiň jemleri jemlenildi. Elbetde, halkara ýaryşlarynda ýeňiji bolanlaryň örän köp bolandygy sebäpli iň gowy türgenleri kesgitlemek hünärmenlere aňsat bolmady. 

Iň güýçli türgenleriň onlugyyna girmek hukugyna eýe bolmak bäsleşigi örän güýçli boldy we bu hormatly sanawa taekwondoçylar (ITF görnüşi) hem girmediler, olar dünýäniň kubogy ugrundaky ýaryşlarda, dünýä we Aziýa çempionatlarynda çykyş edip, ähli derejedäki medallaryň 24-sine mynasyp bolupdylar, abraýly halkara ýaryşlarynyň üçüsinde ýeňiş gazanyp, jemi 17 medala, şol sanda 10 altyn medal bilen Watanymyza gaýdyp gelen kikboksýorçylar hem bu sanawa düşüp bilmediler. 

Bäsleşigiň guramaçylary geçen ýylyň güýzünde degişlilikde biziň ýurdumyzda we Koreýa Respublikasynda geçirilen guşakly göreş boýunça dünýä çempionatynda hem-de Aziýa oýunlarynda gazanylan ýeňişleri esas hökmünde aldylar. Şol ýaryşlarda ýeňiş gazananlar we baýrakly orna eýe bolan türgenler Sport baradaky döwlet komitetiniň hödürlemegi boýunça 2014-nji ýylyň iň güýçli türgenleriniň onlugyna grizildi. 

Tapawutlanan türgenleriň sanawynda birinji orny halkara derejeli sport ussady Gülbadam Babamyradowa eýeleýär, ol guşakly göreş boýunça dünýä çempionatynda we Koreýa Respublikasynda geçirilen Aziadada tapawutlandy. Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebiniň wekili dünýä çempionatynda altyn medala eýe boldy. Aziýa oýunlarynda bolsa G.Babamyradowa dzýudo boýunça bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edip, ikinji orny eýeledi. 

Göreşiň ýapon görnüşi boýunça ýaryşda gazanylan netijeler örän möhüm ähmiýete eýedir, çünki häzirki wagtda Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Dörtguly Tejenowyň we Çemengül Geldibaýewanyň tälim berýän bu türgeni 2016-njy ýylda Braziliýada geçiriljek olimpiada gatnaşmak üçin esasy dalaşgär bolup durýar. Geçen ýylda G.Babamyradowa diňe bir Aziadada däl-de, Grand Slam tapgyrynyň abraýly halkara ýaryşlarynda hem üstünlik gazandy, bu bolsa dzýudoçylara Olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda geçirilýän saýlama ýaryşlarynda artykmaçlyk gazanmaga mümkinçilik berýär. Gülbadam dünýäniň ähli künjeklerinden güýçli türgenleriň gatnaşmagynda Ýaponiýada we Täjigistanda geçirilen ýaryşlarda degişlilikde, ýedinji we bäşinji orunlary eýeledi. Şeýle ýokary görkeziji türkmen türgeniniň dünýädäki reýtingine hem öz täsirini ýetirdi: häzirki wagtda Gülbadamyň 552 oçkosy bar we ol 29-njy orny eýeleýär. Indi ol awgustda Gazagystanyň paýtagty Astanada saýlama dünýä çempionatyna gatnaşmaga taýýarlyk görýär, bu ýerde ol dünýäniň esasy ýaryşlaryna gatnaşmaga hukugy gazanyp biler. 

Ýurdumyzyň tapawutlanan türgenleriniň onusynyň sanawunda ikinji we üçünji orunlary boksçylar – Koreýadaky Aziýa oýunlarynda bürünç medallara eýe bolan halkara derejeli sport ussatlary Serdar Hudaýberdiýew we Aziz Bebitow eýeleýärler. 

Olaryň hem olimpiýa ýygyndy toparynyň düzümine goşulmaga amatly mümkinçilikler bar: Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Şöhrat Gurbanowdan we Sabir Kseýhanowdan tälim alýan türgenler güýzde Kataryň paýtagty Doha şäherinde boks boýunça geçiriljek 18-nji dünýä çempionatyna ykjam taýýarlyk görýärler. 

28-nji ýanwar -- 2-nji fewral aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkekde D.Şopokowyň hormatyna geçiriljek adaty, hasap boýunça 38-nji halkara ýaryş, dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda Tailandda geçiriljek Aziýa çempionaty bu jogapkärli bäsleşiklere ykjam taýýarlyk görülmegine badalga berer. 

Tapawutlanan türgenleriň onlugynda 4-nji orny Aziýa oýunlarynda grek-rim göreşi boýunça bäsleşiklerde bürünç medala eýe bolan, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Rozy Rejebowdan tälim alýan Şermet Permanow eýeledi. Ol Özbegistanda geçirilen dünýä çempionatynda-da göwnejaý çykyş edip, göreşiň bu nusgawy görnüşi boýunça tapawutlanan pälwanlaryň ýediligine goşuldy. 

Şu ýylda grek-rim göreşi boýunça ussatlar 2016-njy ýylda geçiriljek olimpiada gatnaşmak üçin hukuk gazanmak boýunça köpsanly saýlama oýunlara gatnaşarlar. Şunda halkara ýaryşlarynyň birnäçesi, Katarda Aziýanyň çempionaty we Amerikada dünýä çempionaty geçiriler. Bir söz bilen aýdanyňda, Ş.Permanowyň olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagy üçin oňaýly mümkinçilikleri bar. 

Ýurdumyzyň tapawutlanan türgenleriniň onlugynda bäşinji orny uşu boýunça aşgabatly türgen Salahetdin Baýramow eýeledi. Türkmenistanyň Uşu boýunça federasiýasynyň başlygy Ýazmyrat Annamyradowdan tälim alýan bu türgen Koreýada geçirilen Aziadada bürünç medala eýe boldy. 

Onlukdaky altynjy orny onuň topardaşy Jennet Aýnazaroya eýeleýär. Jennet Koreýadaky toplumlaýyn oýunlarda üçünji orny eýeledi. 

Müňýyllyklaryň dowamynda başa-baş göreşiň bu görnüşi Aziýada meşhurlyga eýedir. Onuň Aziýa oýunlaryna goşulmagy hem hut şunuň bilen düşündirilýär, ýogsam bu oýunlarda esasan sportuň olimpiýa görnüşleri boýunça ýaryşlar guralýar. Şunda gazanylan her bir üstünlik örän ýokary netijä deňelýär. Uşu boýunça ussatlaryň Türkmenistanyň tapawutlanan türgenleriniň onlugyna goşulmagy muňa aýdyň mysal bolup biler. 

Häzirki wagtda türkmen türgenleri halkara derejeli ýene bir ýaryşa -- uşu boýunça Günbatar Aziýanyň çempionatyna taýýarlyk görýärler. Bu bäsleşikler 8-12-nji fewral aralygynda Eýranyň Zahedan şäherinde geçiriler. Aziýanyň Uşu boýunça federasiýasy çempionata gatnaşýanlaryň hataryna Merkezi Aziýa sebitindäki ýurtlaryň türgenlerini-de goşmak baradaky çözgüdi kabul etdi. Munuň özi ýaryşlaryň täsirliligini artdyryp, söweş sungatynyň bu görnüşini yklymyň Aziýa böleginde wagyz edilmegine degerli ýardam berer. 

Ýurdumyzyň tapawutlanan türgenleriniň onlugynda Ahal welaýatyndan gökdepeli Tirkeşgeldi Aýazow ýedinji orny eýeleýär. Ol guşakly göreş boýunça dünýä çempionatynda ol 62 kilograma çenli agramda täsirli we ynamly ýeňiş gazanyp, birinji orny eýelemegi başardy. 

Setdarberdi Rejepberdiýewden tälim alýan bu türgen 2014-nji ýylda başga-da birnäçe gezek ýeňiji boldy. Ol dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda Ýekaterinburgda guşakly göreş boýunça Ýewraziýanyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşda ikinji orny eýeledi. Şu ýylda-da T.Aýazow munuň bilen çäklenmän, halkara sport ýaryşlarynda ýene-de üstünlikli çykyş etmek arkaly türkmen sport muşdaklaryny begendirmegi maksat edinýär. 

Ahal welaýatyna wekilçilik edýän Saparmyrat Atabaýew hem tapawutlananlaryň onlugynda sekizinji orny eýeleýär. 

Bu 16 ýaşly türgen küşt boýunça dürli bäsleşiklerde köpsanly ýeňişleri gazandy. Ol iýun aýynda Russiýanyň paýtagty Moskwada geçirilen iri halkara ýaryşynda altyn medala eýe bolmak bilen çäklenmän, halkara derejeli sport ussadynyň ikinji ballyny gazandy. Ussatlyk derejesine ýetmek üçin Saparmyrada ýene-de 1 ball toplamak ýeterlikdir. Eger şu ýylda muny gazanmak başartsa, S.Atabaýew sport boýunça şeýle ýokary derejä ýeten iň ýaş türkmen küştçüsi bolar. 

2014-nji ýylda bu türgen güýz aýynda Hazaryň kenaryndaky "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna goşulýan ýurtlaryň mekdep okuwçylarynyň medeni-sport festiwalynda-da ýeňiş gazanmagy başardy. Ýöne Saparmyrat esasy üstünligini 2012-nji ýylda Bütindünýä küşt olimpiadasynda gazandy, ol şonda 16 ýaşa çenli küştçüleriň arasynda tapawutlanyp, altyn medala eýe boldy. 

Ýaş türgen Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Orazly Annageldiýewden we Aýdogdy Atabaýewden tälim alyp, uly ýaşlylaryň arasynda iň oňat küştçi diýen ada eýe bolmaga örän ýakynlaşdy: 2014-nji ýylda ýurdumyz boýunça ýokary liganyň çempionatynda S.Atabaýew kümüş medala eýe boldy. Türkmenistanda ýetginjekleriň arasyndaky ýaryşlarda gazanan baýraklarynyň sany boýunça Saparmyrada taý gelýän ýok. Ol altyn medallaryň 18-sine mynasyp boldy. 

Ýurdumyzyň tapawutlanan türgenleriniň sanawynda 9-njy we 10-njy orunlary pauerlifting boýunça ussatlar Walentina Simakowa we Sergeý Meladze eýelediler. Olar adaty Aziada tamamlanan badyna Koreýanyň Inçhon şäherinde geçirilen Aziýanyň paralimpiýa oýunlarynda kümüş medallara eýe boldular. 

W.Simakowa paýtagtymyzyň sport baradaky komitetiniň maýyplaryň ýurdumyz boýunça ýeke-täk sport mekdebine wekilçilik edýär, bu türgen Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Ýusif we Adyl Adyýewleriň ýolbaşçylygynda türgenleşýär. Ol geçen aprelde Birleşen Arap Emirliklerinde paralimpiýa maksatnamasyna görä pauerlifting boýunça dünýä çempionatynda çykyş edip, 61 kilograma çenli agramlyk derejesinde dünýäniň tapawutlanan türgenleriniň 5-siniň hataryna goşulmagy başardy. S.Meladze hem şol sport mekdebiniň uçurymydyr. Häzirki wagtda ol Türkmenistpanyň Milli paralimpiýa komitetiniň sport mekdebiniň tälimçisidir. 

Şu ýylda kimiň has-da tapawutlanjakdygyny wagt görkezer. Häzirlikçe bolsa 2015-nji ýylyň ilkinji günlerinde dünýäniň sport ýaryşlarynda eýe bolnan ilkinji medallar Türkmenistanyň sport boýunça gazananlarynyň toplumyna goşuldy. 17-20 ýaş aralygyndaky türgenleriň arasynda Aziýanyň çempionatynda hem-de Kataryň paýtagty Doha şäherinde geçirilen halkara ýaryşynda agyr atletika boýunça ussat türgenlerimiz kümüş medallarynyň 3-sine we bürünç medallarynyň 6-syna eýe boldular. Şunda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi I.Matkarimowdan we K.Amanowdan tälim alýan M.Jannyýew, N.Toýçyýew, M.Döwranow we D.Aşyrow tapawutlandylar. 


Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzyň tapawutlanan türgenleriniň dördüsi-de Lebap welaýatyndandyr. Bu welaýat göreşiň dürli ugurlar boýunça türkmen ussatlarynyň taýýarlanýan ýerine öwrüldi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe lebaplylar diňe bir milli däl-de, halkara derejesinde-de özlerini görkezmegi başarýarlar. 

Munuň özi soňky ýyllarda gündogap sebitde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça köpsanly döwrebap sport toplumlarynyň we sport mekdepleriniň gurulmagy bilen düşündirilýär, bularda ýaş zehinleriň müňlerçesi sport bilen meşgullanýarlar. Häzirki wagtda lebaply türgenler öňdäki orunlary eýelemek ugrunda yhlaslylyk görkezýärler. Munuň özi sportuň beýleki görnüşlerine-de degişlidir. 

2011-nji ýylda Türkmenabatda 5-nji ýöriteleşdirilen mekdebiň açylmagy bilen, sport gimnastikasy boýunça ozal diňe paýtagtda geçirilen ähli milli ýaryşlar Lebap welaýatynyň merkezinde-de guralyp ugrady. Lebap welaýatynyň ýygyndy topary sportuň şu görnüşi boýunça ençeme ýyllaryň dowamynda öňdeligi eýeläp gelen aşgabatly gimnastikaçylar bilen bäsleşmäge ukyplydygyny görkezýärler. 

2014-nji ýylyň iň güýçli türgenlerini gutlap, olara we ýurdumyzyň ähli türgenlerine täze rekordlary, medallary we iri ýaryşlarda baýrakly orunlary eýelemegi arzuw edýäris!

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder