15 Ocak 2015 Perşembe

Türkmen sporty täze belentliklere galýar.

9-njy ýanwarda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde geçen ýylyň netijeleri jemlenildi, şol sanda, sport hereketini ösdürmek boýunça hem görkezijiler barada habar berildi: biziň türgenlerimiz halkara derejesindäki ýaryşlaryň 150-den gowragyna gatnaşyp, 400-e golaý medala eýe boldular! 

Şeýle ýokary üstünligi biziň ýurdumyz henize çenli gazanmandy. Mundan bary-ýogy on ýyla golaý öň hem biziň türgenlerimiziň halkara ýaryşlarynda gazanýan aýry-aýry ýeňişleri uly üstünlik diýlip hasap edilýärdi. Indi bolsa soňky birnäçe ýylyň içinde milli sportymyz haýran galdyryjy belentliklere göterilip, gazanylan üstünlikler ýüzlerçe medallar bilen hasaplanylýar. 

Eger-de, hasaby ýurdumyzyň täze ösüş ýoluna düşen wagty bolan 2007-nji ýyldan başlasak, şonda türkmen türgenleri halkara ýaryşlarynda diňe on medala eýe boldular, olaryň arasynda bir altyn medal hem ýokdy—üç kümüş we ýedi bürünç medal bardy. Şondan bary-ýogy ýedi ýyl soň, 2014-nji ýylda biziň ildeşlermiziň iri halkara ýaryşlarynda gazanan meadllarynyň sany kyrk esse diýen ýaly köpelip, 393-e ýetdi, olaryň üçden bir bölegi altyn medallardyr! 

Türkmen sportunyň şonuň ýaly haýran galdyryjy üstünliginiň syry nämedekä? 

Nämäniň netijesinde biziň türgenlerimiziň sport ussatlygy şeýle ýokary derejä ýetdi? 

Onuň jogaby aýdyňdyr: hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan geçirilýän sporty ösdürmek boýunça syýasat öz netijelerini berýär we ýylyň - ýylyna gazanylýan ýeňişleriň sany köpelýär. 

Milli Liderimiziň köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça syýasaty uzakmöhletleýin umumymilli maksatnamanyň çäklerinde üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onuň iň möhüm ugurlarynyň biri sportuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmakdyr we maksada okgunyny giňeltmekdir. 

Ilatyň saglygyny berkitmäge, sagdyn bedenli we ruhy taýdan baý ýaş nesli kemala getirmäge gönükdirilen bu syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň barşynda diňe bir paýtagtymyzda däl-de, eýsem ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, sebitlerinde sport desgalary bina edilýär we ýöriteleşdirilen sport mekdepleri açylýar. Eger-de, 2008-nji ýylda 365 orunlyk ilkinji sport mekdebi açylan bolsa, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, ýedi ýyl geçenden soň, alysda ýerleşýän şäherçeleri hem hasaba almak bilen, Türkmenistanda tutuşlygyna 40 müň adamy okatmaga niýetlenen 112 sany sport mekdebi açyldy. 

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sport desgalarynyň açylmagy hem şeýle batly depginde alnyp barylýar. Mysal üçin, 2009-njy ýylda täze sport desgalarynyň üçüsi gurlan bolsa, 2014-nji ýylda olaryň sany eýýäm altmyşdan geçýär. 



Türkmenistanda her ýylda gurulýan sport mekdepleriniň we desgalarynyň sanynyň artyş depginlerini biziň türgenlerimiziň dünýä derejesinde sport ýaryşlarynda gazanan medallaryň sany bilen deňeşdirilende, türkmen türgenleriniň şunuň ýaly haýran galdyryjy üstünlikleriniň sebäbi düşnüklidir. 

Şeýlelikde, biziň ýurdumyzyň sport ulgamynda gazanan netijeleriniň gözbaşy-- hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça alyp barýan syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegindedir. Şunda, haçan-da Türkmenistanda eýýäm täze ýöriteleşdirilen sport mekdepleriniň we desgalaryň 40-synyň hereket edýän döwri bolan 2011-2012-nji ýyllarda halkara ýaryşlarynda alnan medallaryň sany mese-mälim artdy. 

Gazanylýan medallaryň sanynyň artmagy bilen bir hatarda sport ussatlygynyň ösüşiniň hil derejesi hem ýokarlanýar, bu gazanylýan altyn medallaryň sanynyň has artandygy bilen subut edildi. Mysal üçin, 2009-njy ýyldan başlap, altyn medallarynyň sany her ýylda iki-üç esse, haçan-da täze sport mekdepleriniň we desgalaryň sany 50-ä ýetende—2013-nji ýylda türkmen türgenleri 2012-nji ýyl bilen deňeşdirilende altyn medallaryň sanyny dört esse artdyrdylar. Diňe munuň bilen hem çäklenilmedi. 

Möhüm pursaty bellemelidiris: biz öňki ýyllarda milli derejedäki sport ýaryşlarynda paýtagtymyzyň türgenleriniň üýtgewsiz üstün çykýandyklarynyň şaýady bolupdyk, emma indi sebitlerde sport mekdepleriniň we desgalaryň küpçülikleýin ulanmaga berilmegi bilen ýurdumyzyň içinde geçirilýän çempionatlarda sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşikler çekeleşikli häsiýete eýe bolup, hil taýdan täze derejä çykdy. 

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň deputatlarynyň öňünde çykyş etmek bilen, 2015-nji ýylda kabul edilmegi göz öňünde tutulýan kanunçylyk taslamalarynyň hatarynda “Bedenterbiýe we sport hakyndaky” we “Professional sport hakyndaky” kanunlary hem atlandyrdy. 

Türkmenistanda professional sportunyň kemala gelmegi täjirçilik ugrunda sporty ösdürmäge kuwwatly itergi berip, ýurdumyzyň sport ulgamyny hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam eder.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder