6 Ocak 2015 Salı

Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Iş maslahatynyň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meselelere we döwlet durmuşyna degişli ileri tutulýan wezipelere garaldy. 

Milli Liderimiz iş maslahatyny açyp, ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowa söz berdi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça işlenip taýýarlanylan meýilnamanyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda agrotehniki çäreleriň berjaý edilişi barada hasabat berdi. Esasan hem ol welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, binalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagy we ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada aýratyn durup geçdi. 

Hormatly Prezidentimiz sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, welaýatda oba hojalyk tehnikalaryny we ýerleri ýazky möwsüme taýýarlamak babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň hemişe gözegçilikde saklanmagynyň zerurdygyny belledi. 

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda mallaryň baş sanyny artdyrmak we maldarçylyk önümleriniň öndürilişini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleri görmegi talap etdi hem-de bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Welaýatyň medeni-durmuş ulgamyny yzygiderli ösdürmegiň zerurdygyny bellemek bilen, milli Liderimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk gelmelidigini we netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny aýratyn belledi. Sebitiň ilatynyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir we bu babatda alnyp barylýan işlere örän jogapkärçilikli hem-de toplumplaýyn esasda çemeleşilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow özüniň çykyşyny welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň barşy, şeýle hem sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda durmuşa geçirilýän agrotehniki çäreler baradaky hasabatdan başlady. Şeýle hem ol şu ýyl Balkan welaýatynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ýaşulular maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça ýörite maksatnamanyň işlenip taýýarlanmagyna girişilendigini habar berdi. 

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň, aýratyn-da, möhüm ähmiýetli binalaryň gurluşygynyň berk gözegçilikde saklanmagynyň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi sebitiň ilatynyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyny, welaýatyň ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagyny şertlendirer diýip belledi. 

Milli Liderimiz welaýatyň oba senagat toplumynda durmuşa geçirilýän çärelere ünsi çekip, ekiş möwsümine şu günlerden hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň, bu babatda ähli zerur çäreleri durmuşa geçirmegiň hem-de oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak boýunça ähli işleriň ýokary derejede guralmagynyň zerurdygyny nygtady. 

Ýaşulular maslahaty barada aýdylanda bolsa, döwletiň we jemgyýetçiligiň durmuşynyň okgunly ösüşi üçin uly ähmiýeti bolan bu syýasy-jemgyýetçilik çäräniň guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça taýýarlyk işlerine aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz mallardan alynýan önümiň möçberlerini artdyrmak bilen baglanyşykly wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmelidigini tabşyrdy. 

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Oba milli maksatnamasynda öňe sürülýän wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem sebitiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işiň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ilatynyň durmuş taýdan üpjünçiligini, esasan-da, adamlaryň öndürijilikli zähmet çekmekleri we oňaýly dynç almaklary üçin zerur şertleriň döredilmegini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň oba hojalyk pulagynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk gelmelidigini, oba hojalyk tehnikalarynyň we beýleki gurallaryň ýazky möwsüme göwnejaý taýýarlanmalydygyny belledi. 

Sebitiň maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan işlere häkimiň ünsüni çekmek bilen, milli Liderimiz maldarçylyk düzümlerini ösdürmek, olaryň önümliligini ýokarlandyrmak, bu babatda gaýtadan işleýän pudagy has-da kämilleşdirmek boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi. 

Welaýatyň çäklerinde häzirki döwürde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýyna ünsi çekmek bilen, milli Liderimiz dürli maksatly binalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagynyň we olaryň ýokary hil derejesine eýe bolmagynyň, ozal bar bolan desgalaryň göwnejaý derejede saklanmagynyň zerurdygyny aýratyn belläp, häkime degişli tabşyryklary berdi. 

Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew öz gezeginde häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, sebitiň obasenagat toplumynda durmuşa geçirilýän çäreler we maldarçylyk hojalyklarynda bar bolan mallary dok we ýyly gyşlatmak boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol sebitiň senagat düzümini yzygiderli ösdürmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada aýratyn durup geçdi. 

Milli Liderimiz Oba milli maksatnamasynda öňe sürülýän wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi welaýatyň hemmetaraplaýyn ösüşi bilen, sebitiň ilatynyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyny şertlendirýär diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz welaýatda gurulýan desgalaryň, aýratyn-da, möhüm ähmiýeti bolan binalaryň gurluşygynyň berk gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. 

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz gowaçanyň we beýleki ekinleriň ekişine häzirki günlerden ykjam taýýarlyk görülmelidigini, möwsümiň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegi ugrunda agrotehniki çäreleriň depginleriniň ýokarlandyrylmalydygyny belläp, häkime ekerançylaryň netijeli işini üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri göz öňünde tutmagy tabşyrdy. 

Welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda işi ýöretmegiň oňyn usullaryny, öňdebaryjy tejribeleri giňden ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny we olaryň ylmy esasda peýdalanylmalydygyny aýratyn belledi. 

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, mallary dok we ýyly gyşlatmak boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamanyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem sebitiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň işiniň depginini ýokarlandyrmak babatda durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Mundan başga-da, häkim ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny ýazky möwsüme taýýarlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler hakynda aýratyn durup geçdi. 

Hormatly Prezidentimiz sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda we maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan işlere ünsi çekmek bilen, bu işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Meýilleşdirilen çäreleriň ýokary derejede geçirilmegi oba hojalyk we maldarçylyk önümleriniň bolçulygynyň baş şertidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we sebitiň maldarçylyk pudagyny ösdürmek boýunça anyk çäreleri işläp taýýarlamagy tabşyrdy. 

Welaýatyň çäklerinde gurulýan dürli maksatly binalarda alnyp barylýan işlere ünsi çekmek bilen, milli Liderimiz desgalaryň, aýratyn-da möhüm ähmiýetli desgalaryň gurluşygynyň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi, olaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň möhüm wezipeleriniň biridigini nygtady we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämedowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Häkim häzirki döwürde paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, şäheri abadanlaşdyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

Şeýle hem ol hasabatyň çäklerinde paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, şäheriň durmuş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça gurulmagy meýilleşdirilýän birnäçe awtoduralgalaryň we beýleki ugurdaş düzümleriň taslamalaryny, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylaryny görkezdi. 

Ak mermere beslenýän Aşgabadyň dünýäniň ösen şäherleriniň hatarynda ornuny pugtalandyrmagy ugrunda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz görkezilen taslamalara, çyzgylara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Şonuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Aşgabady sazlaşykly ösdürmek boýunça meýilleşdirilen çäreleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýratyn belledi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şol bir wagtyň özünde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Türkmenistanyň Prezidentiminiň diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýewi we wise-premýer B.Artykowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýerler öz gezeginde gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we häzirki döwürde paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, onuň çäklerinde dürli maksatly binalary gurmak boýunça alnyp barylýan işler, binalaryň ýerleşjek ýerleri barada hasabat berdiler. 

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň paýtagtynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleriň hemmetaraplaýyn nusgalyk derejede bolmalydygyna ünsi çekip, şäheri abadanlaşdyrmak, onuň durmuş ulgamyny kämilleşdirmek, jemagat hojalygynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça wise-premýerlere we Aşgabat şäheriniň häkimine birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň täze döredilen etraplarynda adamlaryň netijeli işlemekleri, amatly dynç almaklary üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmelidigini belläp, seýilgäh zolaklarynyň, ýol-ulag desgalarynyň, yşyklandyryjylar ulgamynyň we beýleki ugurdaş düzümleriň şäheriň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirmelidigini tabşyrdy. 

Milli Liderimiz ýurdumyzyň sebitlerini we paýtagtymyzy ösdürmek babatda öňdebaryjy tejribeleriň, kämil tehnologiýalaryň netijeli ulanylmalydygyny, şonuň bilen bir hatarda daşky gurşawy aýawly goramak maksady bilen ekologiýa taýdan ähmiýetli desgalaryň gurluşygyna ähmiýet berilmelidigini belledi we göni aragatnaşykda geçirilen wideoşekilli iş maslahatyna gatnaşyjylara bu ugurda alnyp barylýan işlere döwrüň baş meselesi hökmünde garamagy tabşyrdy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly geçirilen wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara ýurdumyzyň mundan beýläk-de abadançylygyna, halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilen giň möçberli işlerde uly üstünlikler arzuw etdi.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder