2 Ocak 2015 Cuma

Köýtendag we Badhyz.

Köýtendag we Badhyz döwlet goraghanalaryny ÝUNESKO bütindünýä miras sanawyna goşmak üçin nominasiýa maglumatlar taýýar edildi. Bu barada Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi bilen 2104-nji ýylyň ýanwar aýynda gol çekilen Memorandum esasynda Türkmenistanda geçirilen işler hakynda Beýik Britaniýanyň guşlary goramak boýunýa korol jemgyýetiniň (RSPB) hasabatynda habar berilýär. Golaý wagtda “Badhyzyň sähra ekoulgamy” we “Köýtendagyň dag ekoulgamy” maglumatlar dosýesi ÝUNESKO-nyň Türkmenistandaky jogapkär kätibine berler. 



Bu wakanyň öňünden RSPB-ň hünärmenleriniň garnaşmaklarynda nominasiýa resminamalaryny, tebigatyň ýyl ýazgysynyň takyklanan magumatlaryny taýýarlamak, 2015-nji ýyl üçin maksatnamalary we goraghanany doandyrmagyň meýilnamasynyň meseleleri boýunça milli we halkara bilermenleriniň bilelikdäki işleri, goraghanalaryň işgärleri we ýerine ýetirji häkimiýetiň wekilleri bilen iş duşuşyklary geçirildi. 2014-nji ýylyň mart aýyndan dekabr aýyna çenli OOPT-y dolandyrmagyň meýilnamasyny taýýarlamak boçunça doktor Džeff Uelç, toýnaklylar boýunça halkara bilermenleri d-r Pýotr Kaženskiý we d-r Jonn Linnel, şeýle hem Merkezi Aziýanyň sebit maksatnamalary boýunça halkara bölüminiň sebitleýin utgaşdyryjysy hanym Stefani Uard Türkmenistanda boldular. 



Milli we halkara bilermenleri ÝUNESKO-nyň talaplaryna laýyklykda, ekoulgamyň we biodürliligiň ýagdaýy bilan tanyşmak, dosýe üçin magumatlary ýygnamak üçin ýokarda agzalan goraghanalara ekspedisiýa saparlaryny amala aşyrdylar. Alymlar Çemenabat we Gyzyljar çäkli goragnahalara, Badhyz goraghanasynyň Ýeroýlanduz çöketligine, şeýle hem Köýtendagyň tebigy desgalaryna baryp gördüler. Guşlara, şol sanda ýyrtyjy; süýdemdirijiler, aýratyn hem gulanlar, beýleki toýnaklylar barada maglumatlar ýygnaldy, GPS we surata düşüriji enjamlaryň kömegi bilen olaryň ýaýrawy we ýaşaýan ýerleri, lokal göçýän ýollary, toplanýan ýerleri öwrenildi. 



Goraghanalaryň ylmy bölümleri tarapyndan haýwanlaryň seýrek duş gelýän görnüşleriniň monitoringiniň we hasabatynyň häzirki zaman usullary görkezildi, şular ýaly görnüşleriň magumatlarynyň elektron binýady döredildi, aýratyn goralýan tebigy çäkleriň netijeliligini gýüçlendirmek boýunça GEF/BMGÖM taslamasy formatda goraghanalaryň çäklerini dolandyrmagy kämilleşdirmek boýunça tanyşdyrylyş çäreleri geçirildi. RSPB-hünärmenleri Badhyz we Köýtendag goraghanalaryna baryp görmegiň dowamynda olary ýörüteleşdirlen meýdan enjamlarynayň wekillrine berdiler. 



Tebigy şertlerde duş geýän gaplaň, türkestan garagulagy, zolakly syrtlan, gum pişigi we beýlekiler ýaly seýrek duş geýän haýwanlary suratlandyrýan suratlar we wideoşekiller toplandy.




Hiç yorum yok:

Yorum Gönder