28 Kasım 2014 Cuma

Türkmenistanda Portugaliýanyň ilçisi işe başlady.

Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Portugaliýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Jorje Tito de Waskonselos Nogueýra Dias Kabraldan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan myhmany ýurdumyzda diplomatik işine başlamagy bilen gutlap, iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili oňat arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, öz gezeginde Türkmenistanyň Baştutanyna we ähli türkmen halkyna Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Anibal Kawaku Silwanyň mähirli salamyny we arzuwlaryny ýetirdi.

Ilçi öz milli Lideriniň ýolbaşçylygynda ylalaşdyryjylyk we dünýä hojalyk aragatnaşyklaryny ösdürmek ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzyň gazanan üstünliklerine Portugaliýanyň ýokary baha berýändigini nygtap, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy.

Söhbetdeşligiň barşynda ilçä Garaşsyz, Bitarap Türkmenimstanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy we ileri tutulýan ugurlary, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmelerini amala aşyrmagyň barşy hakynda habar berildi. Şol özgertmeler halkyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine we netijeli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, şol sanda Portugaliýanyň agza bolup girýän Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen parlamentara gatnaşyklary boýunça has-da giňeltmäge gönükdirilendir.

Türkmen-portugal gatnaşyklaryny giňeltmäge bolan gyzyklanma barada aýdylanda, energetika ulgamy, dokma pudagy, ýokary tehnologiýalar ulgamy we beýleki ugurlar özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlary hökmünde görkezildi.

* * *

Şu gün Portugaliýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde hem kabul edildi, şonda ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2527

Aşgabatda “Magtymguly nemesleriň gözi bilen” atly kitabyň tanyşdyryş çäresi boldy.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynda Germaniýa Federatiw Respublikasynda neşir edilen “Magtymguly nemesleriň gözi bilen” atly kitabyň tanyşdyryş çäresi geçirildi. 

Täze kitap ýurdumyzda we dünýäniň köp döwletlerinde giňden bellenilýän beýik türkmen şahyrynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanyp çap edildi. Şahyryň çuňňur pelsepä ýugrulan eserleri bütindünýä medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. 

Bu kitap nemes we türkmen alymlarynyň bilelikdäki zähmetiniň netijesi bolup, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň pelsepeli garaýşlaryny we onuň eserleriniň şahyranalygyny düýpli açyp görkezýän, esasan-da, Magtymguly Pyragynyň ýaşan we döreden döwrüniň aýratynlyklaryny beýan edýän makalalary hem öz içine alýar. 

”Magtymguly nemesleriň gözi bilen” atly ýygyndy göwrümli giriş makalasy bilen açylýar, giriş hökmünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Pyragynyň şahyrana dünýäsi müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen pelsepesine, milletiň kalbynyň owazyna, türkmen ruhunyň synmaz sütünine öwrüldi” diýen sözleri getirilýär. Milli Liderimiziň bu sözlerinde türkmen halkynyň beýik şahyryna bolan belent hormat-sarpasynyň özeni jemlenendir, şahyryň eserleri bolsa häzirki wagtda hem möhümligini saklap, şahyranalygy bilen ynsanperwer gymmatlyklary wasp edýär, ruhy, ahlak taýdan terbiýeleýär. 


Täze neşiriň tanyşdyryş çäresine Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň gumanitar ugurly institutlarynyň ylmy işgärleri, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň baştutany we wekilleri, Akademiki alyşmalaryň german gullugynyň, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Onda bilelikdäki işiň iki dostlukly halklaryň soňky ýyllarda barha giňelýän däbe öwrülen ruhy-medeni gatnaşyklarynyň, olaryň özara düşünişmäge we hyzmatdaşlyga bolan çemeleşmeleriniň subutnamasydygy nygtaldy. 

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Wolfgang Brett çykyşynda beýik türkmen şahyrynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli iri möçberli dabaralary geçirmek baradaky başlangyç bilen çykyş eden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, şol çäreleriň dünýäniň dürli ýurtlarynda Magtymgulynyň şahsyýeti we döredijiligi barada adamlaryň gözýetimini has giňeltmäge, şahyryň döredijilik mirasy babatynda täze ylmy barlaglaryň peýda bolmagyna we eserleriniň has köp terjime edilmegine ýardam berendigini nygtady. Diplomatyň belleýşi ýaly, “Magtymguly nemesleriň gözi bilen” atly kitabyň şu ýylyň 23-nji sentýabrynda dabaraly ýagdaýda Berlinde tanyşdyryşynyň bolandygyny we häzirki günde onuň nemes hünärmenleri – gündogary öwrenijiler, giň okyjylar köpçüligi tarapyndan iň köp okalýan kitaplyryň biridigini belledi. 

Täze kitaba girizilen “Magtymguly: şahyryň ukyby” atly makalanyň awtory hanym Annegret Baýer dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, nemes okyjylarynyň Magtymgulynyň döredijiligi bilen tanyşlygynyň taryhy, onuň eserleriniň nemes diline ilkinji gezek terjime edilişi hakynda gürrüň berdi. Ol türkmen we nemes alymlarynyň taýýarlan şu kitabynyň Magtymguly Pyragynyň, şeýle hem türkmen nusgawy edebiýatynyň beýleki meşhur wekilleriniň döredijiligini öwrenmek boýunça mundan beýläk alyp barjak bilelikdäki işlerinde öz dowamyny tapjakdygyna ynam bildirdi. 

Öz döwrüniň ajaýyp wekili, medeni we ruhy gymmatlyklaryň meşhur waspçysy Magtymguly dünýä edebiýatynyň iň meşhur ähmiýetli wekilleriniň biri bolmak bilen, onuň täsiri we ähmiýeti taryhy çygryň hem-de milli ölçegleriň çäklerinden has belende göterildi. Türkmenistanda we dünýäniň köp ýurtlarynda Magtymguly Pyragynyň şygryýetiniň alamaty astynda 2014-nji ýyl tamamlanyp barýar. Şu ýylyň dowamynda guralan köpsanly çäreler, çap edilen täze makalalar we türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň dünýäniň köp dillerine terjime edilen eserleri beýik çeper söz ussadynyň şahsyýetine we döredijiligine täzeden uly gyzyklanma döretdi, beýik şahyryň eserleri diňe bir ýurdumyzyň däl-de, eýsem, dünýä medeniýetiniň buýsanjydyr diýip, ýygnananlar bellediler. 

“Magtymguly nemesleriň gözi bilen” atly ýygyndynyň Gýöttingen şäheriniň “MatriхMedia Verlag” neşirýatynda türkmen, nemes we rus dillerinde ýokary çaphana derejesinde neşir edilmegi bu kitaby okyjylaryň has köpüsiniň okamagyna mümkinçilik berýär. 

Prezidentimiz milli emeli hemranyň Dolandyryş merkezine baryp gördi.

Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynda bina edilen Türkmenistanyň milli hemra ulgamynyň dolandyryş merkezine bardy.

Mälim bolşy ýaly, 2011-nji ýylyň maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Milli kosmos agentligini döretmek hakynda” Permana gol çekdi. Ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyna ylmy gazanylanlary giňden ornaşdyrmak, şeýle hem kosmos işini ösdürmek we kämilleşdirmek onuň ileri tutulýan maksatlaryna öwrüldi. Türkmenistanyň öz Garaşsyzlygynyň taryhynda ilkinji milli emeli hemrasy geljek ýylyň 1-nji ýarymynda äleme uçurylar. Milli kosmos agentligi hemra aragatnaşygyny sazlamak, kosmos giňişligini öwrenmek boýunça, Türkmenistanyň çäginden emeli hemramyzy dolandyrmak boýunça işleri ýerine ýetirer.

Türkmenistanyň milli emeli aragatnaşyk hemrasy orbita çykarylandan soň ony dolandyrmak Ahal welaýatyndaky milli hemra ulgamyny dolandyryş merkezinden we Daşoguz welaýatyndaky ätiýaçlyk dolandyryş merkezinden amala aşyrylar.

Milli hemramyz Türkmenistanyň aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamyny has-da kämilleşdirmek üçin hem ägirt uly ähmiýete eýe bolar. Munuň özi maglumatlar- kommunikasiýa ulgamlaryny, Interneti, hemra telewideniýesini döwrebaplaşdyrmak hem-de ösdürmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipeleri babatda aýratyn möhümdir.

Emeli hemrany Dolandyryş merkezinde milli Liderimizi Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we harby hem-de hukuk gopaýjy edaralaryň ýolbaşçylary garşyladylar.

Dolandyryş merkeziniň zalynda ýaş hünärmen döwlet Baştutanymyzy onuň şleýiş ugurlary bilen tanyşdyrdy.

“Türkmen Älem 52.OE” milli aragatnaşyk hemrasy Ýeriň üstünden takmynan 36 müň kilometr uzaklykda ýerleşýän, geostasionar orbitasyna çykarylar. Şunuň ýaly belentlikde hereket etmek bilen, emeli hemra 24 sagadyň dowamynda-- Ýeriň gije-gündiziň dowamynda aýlanyş döwründe planetanyň daşyndan bir gezek aýlawy amala aşyrar. Şeýlelikde, geostasionar orbitada hereket edýän hemra ýerüstüniň bir nokadynda hereketsiz ýagdaýda “asylyp” durar. Onuň üstündäki radioenjamlar ýerüsti radiostansiýalarynyň tolkunlaryny güýçlendirip, beýleki ýerüsti radiostansiýalaryna alyp eşitdirer.

Biziň hemramyz milli telewideniýäniň teleradio ýaýlymlaryny alyp eşitdirmek üçin peýdalanylar. Hemra ýaýlymlarynyň ýokary eşitdiriş we görkezijilik taraplary, şeýle hem ýokary goýberiş ukybyna eýe bolan teleýaýlymlarynyň onlarçasyny tolkuna goýbermäge mümkinçilik berer.


Hemra biri-birinden birnäçe müň kilometr uzaklykda ýerleşýän ýerüsti stansiýalarynyň arasynda maglumatlary geçirmäge, giň göwrümli Internet hyzmatlaryny bermäge, uzak aralykdan okuwlary guramaga, lukmançylyk hyzmatlaryny bermäge, şol sanda dürli wideoşekilli maslahatlary geçirmäge, şeýle hem aragatnaşyk hyzmatlarynyň beýleki görnüşlerini amala aşyrmaga ýardam berer.

Milli Liderimiz Dolandyryş merkeziniň hünärmenleri bilen bolan söhbetdeşlikde emeli hemrany ýerüstünden dolandyrmagyň aýratynlyklary bilen gyzyklandy.

Hemranyň ähli enjamlaryndan maglumatlar we gözegçilik ölçegleri Dolandyryş merkeziniň kuwwatly kompýuter ulgamy bilen üpjün edilen merkezi zalynda bellige alnar. Bu ýerde merkeziň hünärmenleri hemranyň hereketine, onuň ulgamlarynyň işleýşine gije-gündiziň dowamynda gözegçiligi alyp bararlar.

Daşoguz welaýatynda bina edilen Hemrany dolandyrmagyň ýerüsti stansiýasy iş häsiýetnamalary boýunça Ahal welaýatyndaky merkez bilen meňzeşdir we ätiýaçlykdaky dolandyryş nokady bolar.

Şeýle hem täze kosmos pudagy üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamaga uly üns berlendigi habar berildi. Merkeziň hünärmenleri—Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uçurymlary, şeýle hem daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerini tamamlan agentligiň işgärleri – fizikler, matematikler, mehanikler, aragatnaşykçylar, awiatorlar we programmaçylar daşary ýurtlaryň degişli merkezlerinde okuw geçdiler, hünärlerini kämilleşdirdiler. Şertnama laýyklykda, tehniki işgärler we operatorlar taýýarlanyldy. Olar ýerüsti stansiýalardan älemiň orbital enjamynyň ölçeglerini yzarlap, gözegçilik ederler we dolandyrarlar.

Merkez bilen tanyşlygyň barşynda Milli Liderimiz hemrany döretmegiň tapgyrlary, dolandyryş merkeziniň iş usullaryny açyp görkezýän wideorollik bilen tanyşdyryldy.

Soňra döwlet Baştutanymyz binanyň ikinji gatyna galdy we işgärleriň işlejek jaýyny, maslahatlar zalyny synlady. Merkeziň enjamlaşdyrylyşy bilen tanşyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy ösdürmek boýunça iri möçberli maksatnamalary çözmek üçin iň öňdebaryjy älem tehnologiýalarynyň peýdalanylmagynyň täze taryhy eýýamda durmuşa geçirilýän iri özgertmelere sazlaşykly goşulýandygyny nygtady. Äleme çykarylmagy geljek ýylyň birinji ýarymyna meýilleşdirilen köpugurly älem enjamymyzyň peýdalanylmagy diňe bir ýokary hilli we ygtybarly aragatnaşygyň ýola goýulmagyna, ýaýlymlaryň hiliniň ýokarlanmagyna mümkinçilik bermän, ol ykdysady taýdan-da bähbitli ädim bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow özbaşdak hemramyzyň bolmagynyň artykmaçlyklary barada aýtmak bilen, munuň ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, täze ykdysady ulgamlarda aň-düşünje kuwwaty artlyrmaga, ylmy ugurly taslamalary amala aşyrmaga mümkinçilik berjekdigini aýratny nygtady. Bu bolsa tutuşlygyna innowasiýa ugrukdyrylan ykdysadyýeti döretmäge ýol açar. Milli hemramyzyň ýere golaý orbita çykarylmagy ykdysadyýetimiziň telearagatnaşyk zerurlygyny üpjün etmäge we bu ulgamyň düzümlerini kämilleşdirmäge ýardam eder.

Hemranyň ulanylmaga berilmegi, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň ähli çägini ýokary tizlikli Internet ulgamy bilen üpjün etmäge, şeýle hem ýokary çözüjilikli formatda has ýokary hilli sanly telewizion gepleşikleri görkezmäge ýardam berer diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Hatda iň alysda ýerleşýän obalary hem öz içine almak bilen milli emeli hemramyz aragatnaşygyň we dolandyryşyň innowasiýa ulgamyny döretmek üçin aýratyn ugur bolar. Mundan başga-da, hemra aragatnaşygy Türkmenistanda älem bilen baglanyşykly barlag işlerini ösdürmäge we kämilleşdirmäge ýardam berer, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da ýokary galdyrmaga gulluk eder.

Milli Liderimiz bu ýerde işlejekleriň netijeli zähmet çekmegi üçin amatly şertleriň döredilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylara birnäçe belliklerini we tekliplerini aýtdy hem-de ähli taslamalar durmuşa geçirilende hem-de merkeziň öňünde goýlan wezipeleri çözmekde öňdebaryjy inžener-tehniki oý-pikirlerden, innowasion tehnologiýalardan, toplumlaýyn we ulgamlaýyn çeşmelerden ugur alynmalydygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Milli hemra agentliginiň dolandyryş merkezinde alnyp barylýan işler bilen tanyşlygyny tamamlap, dolandyryş merkeziniň bökdençsiz we howpsuz işlemegini üpjün etmegiň, şeýle hem onuň töweregindäki ýerleriň abadanlaşdyrylmagyna, gök zolaklaryň, döredilmegine oýlanyşykly çemeleşmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz dolandyryş merkezi bilen tanyşlygynyň netijelerini jemläp, kosmos pudagyny has-da ösdürmek boýunça bellenen meýilnamalary durmuşa geçirmek meselelerini berk gözegçilikde saklamak barada degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara işlerinde üstünlik arzuw edip, olar bilen hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.  

http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2530

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Gün tertibine çykarylan aýry-aýry meseleleriň wajypdygy we uly taryhy ähmiýetlidigi göz öňünde tutulyp, mejlise ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we käbir etraplaryň häkimleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary çagyryldy. 

Milli Liderimiz mejlisiň başynda her ýylyň noýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Hasyl toýunyň giňden we dabaraly bellenilýändigini aýtdy. Hasyl toýy halkymyzyň tutanýerli zähmet çekip, ene ýerden öndüren bol hasylyna buýsanjynyň aýdyň beýanydyr, türkmen daýhanlarynyň halal zähmetine döwlet derejesinde goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara we ähli türkmen halkyna, şeýle hem zähmetsöýer daýhanlarymyza berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, ýerden bol hasyl alyp, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny berkitmek, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de ýokary depginler bilen ösmegi, belent sepgitlere ýetmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

Milli Liderimiz hökümet mejlisini dowam edip, geçen ýekşenbe güni bolup geçen möhüm syýasy çäre – welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlarynyň netijeleri hakynda hasabat bermek üçin Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy G.Myradowa söz berdi. 

Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy welaýat, etrap we şäher halk malshatlarynyň agzalarynyň saýlawlarynyň jemleri barada çykyş etmek bilen, saýlawlaryň Türkmenistanyň demokratik ösüş ýoluna we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynda öňdebaryjy özgertmeler ugruna ygrarlydygynyň nobatdaky aýdyň tassyklamasy bolmak bilen, bäsleşik, aýanlyk we açyklyk ýörelgelerinde geçirilendigini belledi. 

Saýlawçylaryň ýokary işjeňligi bu çäräniň häsiýetli aýratynlygy boldy. Merkezi saýlaw toparynyň maglumatlaryna görä, ses berenleriň sany Türkmenistanyň ses bermek hukugyna eýe bolan ähli raýatlarynyň 92,76 göterimine barabar boldy. Ses bermek saýlaw uçastoklarynyň 2485-sinde geçirildi, şolarda raýatlaryň öz islegini erkin beýan etmegi, şeýle hem göz öňünde tutulan halatlarynda möhletinden öň ses bermegi üçin ähli şertler döredildi. Tutuşlygyna alnanda, ýurdumyzda resmi taýdan bellige alnan dalaşgärleriň 3524-sinden welaýat halk maslahatlarynyň agzalarynyň 240-sy we etrap hem-de şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň 1480-si saýlanyldy. Welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň saýlanan agzalarynyň 1720-siniň hatarynda syýasy partiýalaryň wekilleriniň 668-si, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleriniň 878-si, raýatlar toparlarynyň wekilleriniň 174-si bar. Ähli saýlaw okruglarynda bir ýere iki we ondan köp dalaşgär sese goýuldy. 

Saýlawlaryň ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga we halkara hukugynyň umumylykda kabul edilen kadalaryna laýyklykda geçirilendigi nygtalyp geçildi. Bu möwsümiň ähli tapgyrlarynyň barşyny milli synçylaryň 2826-sy üns berip synladylar, olar saýlaw toparlarynyň mejlislerine, saýlaw gutulary möhürlenende gatnaşdylar. Ses bermegiň başlanmagynyň öňünde saýlawyň barşynda sesleriň sanalan mahaly, şeýle hem okrug boýunça saýlawlaryň netijeleri kesgitlenilen hem-de jemler jemlenilen mahaly saýlaw uçastoklarynyň ählisinde boldular. Wekilçilikli häkimiýet edaralarynyň agzalarynyň bilim we hünär derejesi ýokary boldy. Halkyň saýlanlarynyň hatarynda ýurdumyzda ýaşaýan dürli milletleriň wekilleri bar. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň wekilçilikli häkimiýet edarasy bolan welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary türkmen halkynyň watançylygyny we ruhubelentligini, agzybirliginiň hem-de jebisliginiň, onuň türkmen jemgyeýtiniň durmuşynyň demokratiki ýörelgelerini hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga taýýardygyny görkezip, jemgyýetimizde halk häkimiýetiniň ýörelgelerini durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky çäre bolup, guramaçylykly, bäsleşik esasynda geçirilendigini belledi.

Biziň Watanymyzyň häzirki gününi ruhubelentlik bilen we ynamly gurýan, bu ýolda ýokary üstünlikleri gazanýan zähmetsöýer hem-de parasatly halkymyz bar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdirdi. Türkmen halky bäş müň ýyllyk taryhyna eýe bolup, baý medeni mirasyň eýesi bolmak bilen, öz milli gymmatlyklaryny, öz baý medeniýetini aýawly gorap saklaýar hem-de baýlaşdyrýar. Häzirki eýýam biziň halkymyz tarapyndan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri diýlip atlandyryldy we biz öz gazanýan üstünliklerimize buýsanýarys diýip, milli Liderimiz mähriban halkymyzyň parahatçylyksöýüjilik we ynanperwerlik ýörelgelerini gollanmak bilen hoşniýetliligi döredýändigini we asylly iş bilen meşgullanýandygyny, geljeginiň has-da nurana boljakdygyna ynanýandygyny aýtdy. 

Döwlet Baştutanymyz köpsanly durmuş-ykdysady meseleleriň öňyn çözülmegi halk maslahatlarynyň agzalarynyň netijeli işine baglydygyny nygtap, olara bu ýolda uly üstünlikleri arzuw etdi hem-de olar Garaşsyz Watanymyzy has belent sepgitlere ýeirmek, öz halkynyň bagtly hem-de abadan durmuşyny üpjün etmek üçin öz ähli güýçlerini hem-de bilimlerini sarp etjekdiklerine ynam bildirdi. 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň geçirýän işi hakynda çykyş edip, “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” halkara demir ýolunyň 2014-nji ýylyň 3-nji dekabrynda meýilleşdiriden dabaraly açylyşyna görülýän taýýarlyk hakynda hasabat berdi. 

Bellenip geçilişi ýaly, ulag ulgamynda sebit we halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän döredijilikli daşary syýasat ugrunyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir, munuň özi giň möçberli durnukly ösüşiň aýrylmaz şerti bolup durýar. Şunda “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” halkara demir ýolunyň ýükleri Ýewropadan Merkezi we Günorta Aziýanyň, Ýakyn hem-de Orta Gündogaryň döwletlerine daşamak üçin amatly we ykdysady taýdan peýdaly ugry üpjün etjekdigi nygtalyp geçildi, şol demir ýoly gurmak başlangyjy milli Liderimize degişlidir. Mälim bolşy ýaly, onuň iň uzak bölegi biziň ýurdumyzyň çäklerinden geçýär. Geçen ýylyň maý aýynda bu demir ýol geçelgesiniň türkmen-gazak bölegi ulanylmaga berildi. 

Bu babatda “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” halkara demir ýolunyň açylmagy mynasybetli dabaralara görülýän taýýarlyk hakynda hasabat berildi, şol dabaralaryň çäklerinde türkmen-eýran serhedinde demir ýolunyň türkmen we eýran böleklerini birleşdirmek dabarasy bolar. Bu möhüm halkara demir ýoluny işe girizmek dabarasy Türkmenistanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, degişli maksatnama döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlendi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” demir ýolunyň türkmen-eýran bölegini birleşdirmek mynasybetli guraljak dabarada medeni çäreleriň maksatnamasy barada habar bilen çykyş etdi. Şol dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň hem-de welaýatlaryň birleşen folklor toparlarynyň çykyşlary, amaly-haşam sungatynyň sergisi guralar. Şeýle hem wise-preýmer 13-15-nji dekabr aralygynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli yglan edilen ýylyň ýapylyş dabarasyny geçirmäge we “Magtymguly – köňülleriň küýsegi” atly halkara ylmy maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Maslahatyň açylyşy 13-nji dekabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde bolar. Dabaranyň çäklerinde şeýle hem daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň konsertleri bolar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” demir ýolunyň türkmen-eýran bölegini birleşdirmäge bagyşlanan medeni çäreleriň taýýarlanylyşyna degip geçip, wise-premýere olary hakyky türkmen toýuna mahsus ruhda ýokary guramaçylyk derejesinde guramagy, bu dabara mynasybetli ýurdumyzyň iň gowy döredijilik toparlarynyň, medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda uly konsert maksatnamasyny taýýarlamagy tabşyrdy. 

Milli Liderimiz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygynyň dabaraly bellenýän ýylynyň jemini jemlemek meselesine ünsi çekip, beýik türkmen şahyrynyň hormatyna guraljak dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň wajypdygyny nygtady. 

Magtymguly Pyragynyň şygryýetiniň nyşany astynda ýurdumyzda, şeýle hem dürli ýurtlarda geçen ýubileý ýyly bize dünýäniň ylmy toparlarynyň we giň jemgyýetçiliginiň ünsüni akyldar şahyryň şahsyýetine we döredijiligine çekmäge, onuň filosofiki we şygryýet mirasyny wagyz etmäge mümkinçilik berdi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Ýubileý ýylynda şahyryň durmuş we döredijilik ýoluna, onuň eýýamyna bagyşlanyp geçirilen köpsanly çäreler, şeýle hem täze ylmy barlaglar, türkmen nusgawy şahyrynyň eserleriniň dünýäniň halklarynyň köpüsiniň dillerine terjime edilmegi diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä medeniýetiniň buýsanjy bolan beýik söz ussadynyň şahsyýetine we mirasyna gyzyklanmany has-da artdyrdy. Biz bu işi mundan beýläk hem dowam ederis, çünki beýik Pyragynyň öçmez-ýitmez eserlerinde wasp edilen ynsanperwerlik ýörelgeleri örän gymmatlydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Magtymguly Pyragynyň ýubileý ýylyna bagyşlanan halkara jemleýji çäreleriniň ählisiniň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk toplumynyň pudaklarynda işleriň barşy hakynda hasabat bilen çykyş etdi. Wise-premýer, hususan-da, “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” transmilli demir ýolunyň türkmen-eýran bölegini birleşdirmek mynasybetli öňde boljak dabaraly çärelere görülýän taýýarlyk hakynda hasabat berdi. 

Hasabatyň çäklerinde Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugyna ýolagçy gatnatmak we ýük daşamak üçin niýetlenen “Berkarar” atly täze gäminiň Türkmenbaşy şäherine getirilmegi bilen bagly dabaraly çärä taýýarlyk işleriniň barşy barada hem habar berildi. 

Soňra Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri B.Annameredow gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” halkara demir ýolunyň türkmen-eýran bölegini birleşdirmek bilen bagly geçiriljek dabaraly çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat bermek bilen, ministrligiň ýolbaşçysy iki ýurduň taryhy senenamasyna girjek wakanyň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi. 

Soňra Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy R.Kutlyýew “Türkmenbaşy halkara deňiz portuny we Türkmen deňiz söwda flotuny ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin baş meýilnamasyny” amala aşyrmagyň barşy hakynda hasabat berdi. 

Häzir Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunda “Ro-Rax” kysymly paromlaryň ilkinjisini—“Berkarar” awtoulag-ýolagçy gämisini kabul etmäge taýýarlyk görülýär. Bu gämi döwrebap enjamlar bilen üpjün edilendir hem-de 200 ýolagçyny gatnatmaga we awtoulaglaryň 50-sini, şol sanda ýük awtoulaglaryny daşamaga niýetlenendir. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygyna ýurdumyzyň baş deňiz menzilini döwrebaplaşdyrmagyň depginlerini artdyrmak, täze gämini dolandyrjak ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň mejlisine çagyrylan Balkan welaýatynyň häkimi B.Hojamämmedow “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” demir ýolunyň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Häkimiň habar berşi ýaly, häzirki wagtda günbatar sebitde abadanlaşdyryş işlerine hem-de bu dabaranyň çäklerinde guraljak medeni çäreleri geçirmäge işjeň taýýarlyk görülýär. Olar türkmen halkynyň ruhuna kybap gelýän ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriler. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirip, dürli ulgamlarda, şol sanda ulag ulgamy ýaly ileri tutulýan ugurda möhüm düzümleýin taslamalaryň başyny başlamak bilen, sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň meselelerine oňyn çemeleşýändigini nygtady. Biziň ýurdumyz amatly geografiki ýagdaýy eýelemek bilen, ägirt uly ulag-üstaşyr kuwwatyna eýedir. Döwlet Baştutanymyz bu barada aýtmak bilen, yklymüsti ulag düzümleriniň aýrylmaz bölegi, sebitde we tutuşlygyna alnanda, Ýewraziýa giňişliginde dostlugyň hem-de özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň hakyky köprüsi boljak “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” demir ýolunyň möhüm halkara ähmiýetini nygtady. 

Mälim bolşy ýaly, Merkezi Aziýanyň çäkleri iri dünýä bazarlaryna çykmagy üpjün edýän Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça ulag gatnawynyň tebigy geçelgesi bolup durýar. Bu babatda “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” halkara demir ýolunyň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi ykdysady nukdaýnazardan hem, wagt nukdaýnazaryndan hem ýükleri daşamak üçin has peýdaly ugry üpjün eder. Onuň ulanylmaga berilmegi ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer, täze iş orunlaryny döreder. Bularyň hemmesi adamlaryň maddy hal-ýagdaýyny hem-de durmuş derejesini ýokarlandyrmaga we hilini gowulandyrmaga ýardam eder diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. 

Şunuň bilen baglylykda, bu demir ýoly diňe bir ykdysady taýdan esaslandyrylan taslama bolman, eýsem, sebitde we onuň çäklerinden uzakda umumy ýagdaýa uly derejede oňyn täsir etmäge, Aziýada durnuklylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga ýardam etmäge ukyply çynlakaý geosyýasy ýagdaý hem bolup durýar. Ulag ulgamynyň dünýä hojalyk aragatnaşyklarynyň durnuklylygyna we sazlaşyklylygyna gönüden-göni täsir edýän giň möçberli ykdysadyýetiň möhüm düzümleriniň biri bolup durýandygy jedelsizdir. 

Bu babatda döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” halkara demir ýolunyň türkmen-eýran bölegini birleşdirmek bilen bagly dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmäge degişli birnäçe anyk tabşyryklary berdi, şol dabaralar täze taryhy eýýamyň ýokary döredijilik ruhuny, hakyky türkmen toýunyň öwüşginini we asyrlaryň dowamynda halkymyza mahsus bolan iň oňat myhmansöýerlik däplerini özünde jemlemelidir. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe söz berildi. Ol gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şu ýylyň 1-nji martynda kabul edilen “Türkmenistanyň Býujet kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda Ministrler Kabineti tarapyndan Býujet kodeksiniň düzgünlerini amala aşyrmak boýunça çäreleriň kesgitlenmegi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Maliýe ministrligi tarapyndan degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde degişli kararyň taslamasy işlenilip taýýarlanylýar. 

Taslamada 2015-2017-nji ýyllarda geçirilmegi göz öňünde tutulýan anyk çäreler, wezipeler, olaryň ýerine ýetirilmeli möhletleri hem-de jogapkär ministrlikler we pudak edaralary kesgitleniler. Bu çäre ýurdumyzyň durnukly ösüşine, döwletiň we edara-kärhanalaryň çykdajylaryny hem-de maliýe girdejilerini üç ýyla öňünden meýilleşdirmäge, yzygiderli we özara baglanyşygy üpjün etmäge ýardam eder. 

Hasabatyň çäklerinde şeýle hem oba hojalygyny ösdürmek we obalary özgertmek, bilim we adam serişdelerini dolandyrmak ulgamynda taslamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistana tehniki taýdan ýardam bermek boýunça Maliýe ylalaşygyna gol çekmek babatda Ýewropa Komissiýasynyň teklibi barada habar berildi. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hereket edýän halkara ölçeglerine laýyklykda maliýe ulgamyny kämilleşdirmegiň häzirki wagtda Türkmenistanda amala aşyrylýan ykdysady strategiýanyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Bu babatda täze býujet dolandyryş ulgamynyň girizilmegi uly ähmiýete eýedidigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz bu ulgamda öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmegiň wajypdygyna wise-premýeriň ünsüni çekip, aýdylan bellikleri we teklipleri nazara almak bilen, bu babatda düýpli seljeriş işlerini geçirmek bilen baglanyşykly degişli ýolbaşçylara tabşyryklary berdi. 

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz dürli ulgamlarda özgertmeler maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň iri abraýly halkara guramalary, şol sanda Ýewropa Komissiýasy bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýändigini belledi. Biziň ýurdumyzy bu gurama bilen bilelikde işlemegiň köpýyllyk tejribesi we anyk taslamalaryň ençemesi baglanyşdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalygynda, bilim we adam serişdelerini dolandyrmak ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylan teklibi, umuman, makullap, wise-premýere degişli Ylalaşyga gol çekmek we onuň düzgünleriniň durmuşa geçirilişiniň barşyna degişli gözegçiligi üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi. 

Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçykaryjylyk—hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri hakynda habar berdi. Bu işler döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda başy başlanan we geçirilýän giň gerimli özgertmeleri çalt durmuşa geçirmäge ýardam edýär. 

Häzirki wagtda Mejlisiň toparlarynyň 20-den gowragy täze kanunlaryň taslamalaryny işläp taýýarlaýar, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny has-da kämileşdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, gelip gowuşýan teklipler seljerilýär, şeýle hem milli parlamentiň 2015-nji ýyl üçin iş meýilnamasy taýýarlanylýar. 

Milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreleriň wajypdygyny bellemek bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jemgyýetimiziň durmuşynyň möhüm ugurlarynda özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek, ykdysadyýet, ylym, bilim we medeniýet ulgamlaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak, adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramak boýunça parlamentiň yzygiderli işleri geçirmeginiň möhümdigini nygtady. 

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew gözegçilik eýdän düzümlerinde işleriň ýagdaýy, şeýle hem Täze ýyly garşylamaga taýýarlyk görmek we baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede guramak boýunça paýtagtymyzda amala aşyrylýan işler hakynda hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer paýtagtymyzda Täze ýyl arçalarynyň oturdyljak ýerlerini, bezelişini görkezýän şekilleri görkezdi. Ýola goýlan däbe görä, ýurdumyzyň baş arçasy “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdylar. Mundan başga-da, medeni-köpçülikleýin çäreleriň geçiriljek ýerlerinde, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň öňünde, paýtagtymyzyň beýleki künjeklerinde owadan bezelen arçalar oturdylar, Täze ýyl nyşanlary şäherimize bezeg berer. 

Täze ýyl dabarasynyň türkmen halkynyň söýýän baýramçylyklarynyň biridigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda bolşy ýaly, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze ýyl dabaralaryna taýýarlyk görmek meselelerini berk gözegçilikde saklamak barada anyk görkezmeleri berdi hem-de bu işe oýlanyşykly, döredijilikli çemeleşmegiň möhümdigini belledi. 

Türkmenistanlylaryň Täze ýyl baýramyny ruhubelent ýagdaýda garşylamagy üçin ähli şertleri döretmegiň zerurdygy barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz jemgyýetçilik awtoulaglarynyň bökdençsiz hereket etmegini, şeýle hem jemagat we beýleki gulluklaryň sazlaşykly işlemegini üpjün etmegi tabşyryp, şol işleriň paýtagtymyza degişli bolşy ýaly, Türkmenistanyň ähli welaýatlaryna hem degişlidigini aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlerine anyk tabşyryklaryň birnäçesini berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hakynda hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzir welaýatlarda meýdanlarda galan pagtany ýygnamak işleri alnyp barylýar, pagtaçylaryň döwlete tabşyran “ak altyny” üçin özara hasaplaşyklar geçirilýär. Şonuň bilen bir hatarda, güýzlük dänelik ekinlere zerur bolan ideg işleri geçirilýär—ösüş suwy tutulýar, haşal otlara garşy işler we dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. 

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat bermek bilen, sürümli ýerleriň suw üpjünçiligini we melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen görülýän çäreler hakynda habar berdi. 

Şeýle hem 29-30-njy noýabrda Türkmenistanyň pagta önümleriniň IV halkara sergi-ýarmarkasyny hem-de “Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary” atly halkara maslahatyny ýokary guramaçylykly geçirmek, şeýle hem däbe görä noýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Hasyl toýuna taýýarlyk işleri barada aýdyldy. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk ýerlerini suw bilen üpjün etmek babatda öňde durýan wezipelere ünsi çekdi. Munuň özi ýurdumyzyň oba hojalygyny çalt depginler bilen ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýar. Garagum derýasynyň hanasyny, suw göteriji desgalaryny we beýleki düzümlerini döwrebaplaşdyrmak we durkuny düýpli täzelemek boýunça işleriň depginini artdyrmagyň möhümdigini belläp, döwlet Baştutanymyz wise-premýerler A.Ýazmyradowa, M.Artykowa we A.Goçyýewe bu babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz Garagum derýasynyň häzirki ýagdaýy we geljegi bilen bagly meselelere bagyşlanan maslahaty geçirmegi tabşyrdy. 

Milli Liderimiz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyny, şol sanda güýzlik dänä ideg etmek boýunça işleri berk gözegçilikde saklamak barada görkezmeleri berdi. Şol işler agrotehniki kadalaryň berjaý edilmegi bilen geçirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. 

Gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmak we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek, bu ugurda ýurdumyzyň gazananlaryny dünýä ýaýmak babatda Türkmenistanyň pagta önümleriniň IV halkara sergi - ýarmarkasynyň hem-de oňa gabatlanan maslahatyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz bu forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy. 

Milli Liderimiz Hasyl toýy baradaky meseläniň üstünde durup geçmek bilen, täze taryhy döwürde bu ajaýyp baýramçylygyň türkmen daýhanlarynyň—hasyl ussatlarynyň egsilmez gujur-gaýratyny we zähmetsöýerligini, ene topragymyzyň sahylygyny alamatlandyryp, döwletimiziň oba hojalyk zähmetkeşleri hem-de tutuş oba hojalyk toplumyny ösdürmek hakynda edýän hemmetaraplaýyn aladasyna şaýatlyk edýändigini nygtady. Bu baýramçylygyň däp bolşy ýaly, paýtagtymyzda, şeýle hem ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden bellenilýändigi bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere hem-de welaýatlaryň häkimlerine Hasyl toýuna degişli derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, Türkmenistanyň milli nebitgaz kompaniýasyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, ýapyk paýdarlar jemgyýeti hökmünde döredilmegi göz öňünde tutulýan kompaniýanyň Tertipnamasy we beýleki resminamalar taýýarlanyldy. Onuň düzümine paýnamalar esasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentligi, “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy hem-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy girer. 

Türkmenistanyň Milli nebitgaz kompaniýasynyň işiniň esasy ugurlary gözleg-barlag we buraw işlerini geçirmek, nebit we gaz çykarmak, ýangyç-energetika toplumynda halkara taslamalaryny durmuşa geçirmek we beýlekiler bilen baglanyşykly bolar. Wise-premýer döwlet eýeçiliginde boljak kompaniýany “NAPECO” ýapyk paýdarlar jemgyýeti diýip atlandyrmak baradaky teklibi aýdyp, onuň hukuklaryny we borçlaryny häsiýetlendirdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmak meselelerine ünsi çekip, häzirki wagtda Türkmenistanda ägirt uly serişdeler we maýa goýum mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge gönükdirilen giň möçberli taslamalaryň amala aşyrylýandygyny belledi. Umumykrar edilen dünýä tejribesine laýyklykda, täze kärhanalaryň, milli nebitgaz kompaniýalarynyň, şol sanda paýdarlar jemgyýetleri görnüşindäki kompaniýalaryň döredilmegi türkmen ykdysadyýetiniň strategiki ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrar. 

Döwlet Baştutanymyz bu teklibi, umuman, makullap, bu babatda guramaçylyk işlerini has içgin seljermegiň wajypdygyny aýtdy hem-de wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetiniň 22–24-nji dekabr aralygynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň Ýerewan şäherinde geçiriljek altynjy mejlisine gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, duşuşygyň iş maksatnamasy barada habar berildi. Onuň gün tertibine söwda, ylym we bilim, syýahatçylyk we sport, medeniýet, saglygy goraýyş, oba hojalygy, ýangyç-energetika toplumy, şeýle hem howa gatnawlary ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri giriziler. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň Ýerewanda geçiriljek mejlisine türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy barada aýtdy we bu çäräni geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi. 

Milli Liderimiz beýleki meselelere geçip, wise-premýeriň gözegçilik edýän ulgamlary boýunça 2015-nji ýylda ýerine ýetirilmeli işler kesgitlenende, geçirilmeli işleriň maksatnamalary düzülende, olarda göz öňünde tutulan işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin ähli şertleriň döredilmeginiň wajypdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz bu işleriň ählisini berk gözegçilikde saklamagy talap edip, maksatnamalarda göz öňünde tutulan täze mekdepleriň we çagalar baglarynyň gurluşygyny doly tamamlap, wise-premýere we welaýatlaryň häkimlerine olary 1-nji sentýabra çenli ulanmaga bermek üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy. Mekdepleri we çagalar baglaryny ulanmaga bermegiň möhleti 1-nji sentýabrdan gijä goýulmaly däldir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow “Türkmenistanyň nebitgaz, himiýa we balyk hojalygy pudaklaryny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän çäreler, şol sanda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Gyýanly obasynda bekre balyklaryny emeli usulda köpeldýän we balyk önümlerini öndürýän toplumy gurmaga degişli işler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, ýurdumyzyň Döwlet balyk hojalygy komiteti tarapyndan Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi bilen bilelikde şu ýerde bu desgany gurmagyň maksada laýykdygy öwrenildi. Geçirilen seljermeleriň netijeleri boýunça ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek nukdaýnazaryndan önümçilik toplumyny Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde bina edilmelidigi kesgitlendi. 

Şeýle hem wise-premýer hormatly Prezidentimize deňiz balykçylyk flotunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda Türkmenistanda gaýtadan işleýän pudagy hem-de ýokary hilli azyk önümleriniň önümçiligini ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi. Häzir balyk hojalygy depginli ösýän pudaklaryň biri bolup durýar diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, döwrebaplaşdyrylan balykçylyk senagatynyň döredilmegi üçin toplumlaýyn çäreleriň görülýändigini nygtady. Ýurdumyzda balyk önümleriniň önümçiligini artdyrmaga gönükdirilen Türkmenistanyň balyk hojalygyny ösdürmek baradaky maksatnamada kesgitlenen wezipeleri öz wagtynda çözmegiň wajypdygyna ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylan teklibi oňlady we wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Milli Liderimiz pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işlere kanagatlanma bildirip,balyklyçylyk flotunyň üstüniň ýöriteleşdirilen täze tehnikalar bilen ýetirilmeginiň Hazar deňzinde balyk tutulmagyny köpeltmäge, şeýle hem “Balkanbalyk” döwlet kärhanasynyň önümleriniň görnüşlerini giňeltmäge mümkinçilik berjekdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz balykçylyk senagatyny kämilleşdirmek boýunça mundan beýläk-de zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat bilen çykyş etdi. Şol sanda wise-premýer Jemagat hojalygy ministrligi tarapyndan gyş möwsümine taýýarlyk görlüşli boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Hasabatyň çäklerinde paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda ilaty gaz, suw we elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça hemme zerur çäreleriň görülýändigi habar berildi. Ýetip gelen sowuk howa nazarda tutulyp, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladylmagyna aýratyn üns berilýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilatyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, gyş möwsümi bilen baglanyşykly ähli çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmeginiň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýerlerde ilaty elektrik energiýasy, gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça işleriň guralyşy bilen gyzyklanyp, bu babatdaky işleriň birjik-de ünsden düşürilmeli däldigini nygtap, welaýatlaryň häkimlerine anyk görkezmeleri berdi. 

Milli Liderimiz Türkmenistanyň jemagat hojalygy ministri K.Gurbanowa öz garamagyndaky düzümlerde işe gözegçiligi gowşadandygy üçin nägilelik bildirip, oňa işleri döwrebap, talaba laýyk guramak babatda anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow 2015-nji ýylyň 25-27-nji fewralynda Aşgabat şäherinde Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň X ýöriteleşdirilen sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlendi. Şol resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Söwda--senagat edarasy tarapyndan degişli işleriň geçirilýändigi bellenildi. 

Wise-premýer milli Liderimiziň Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmek babatda beren görkezmeleri boýunça görülýän çäreler hem-de 2014-nji ýylyň 1-nji martynda kabul edilen “Haryt-çig mal biržalary we birža söwdasy hakynda” kanuna laýyklykda geçirilýän işler barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, degili ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan TDHÇMB hakynda Düzgünnamanyň we beýleki resminamalaryň taslamalary işlenip taýýarlandy. Olarda degişli düzümiň esasy wezipeleri we borçlary kesgitlenýär we olar biržanyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, ýurdumyzda haryt bazarynyň has-da ösdürilmegine, eksport harytlarynyň möçberini artdyrmaga, olaryň iberilýän ýurtlarynyň sanyny artdyrmaga gönükdirilendir. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň sergisini geçirmek hakynda Karara gol çekip, dostlukly goňşy ýurduň önüm öndürijileriniň önümleriniň sergisini ýokary derejede guramak hakynda görkezme berdi. Däbe öwrülen bu çäre Türkmenistanyň we EYR-nyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmekde, dürli ugurlar boýunça söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň täze ugurlaryny gözläp tapmakda nobatdaky ädime öwrülmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

Ýurdumyzyň söwda-ykdysady toplumynyň edaralary öz işinde döwrebap guramaçylyk usullaryny giňden ulanmalydyr diýip, milli Liderimiz TDHÇMB-nyň işini kämilleşdirmek meselelerini bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak arkaly düýpli işlemegi tabşyrdy. Möhüm düzüm özgertmeleri bilen bir hatarda işiň özüni , onuň mazmunyny düýpli täzelemek, ýolbaşçylaryň ygtyýarlyklaryny we jogapkärçiligini ýokarlandyrmak, söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda ösen özara gatnaşyklaryny döretmek, harytlar bazarynda bäsdeşlige ukyply gurşawy döretmek zerur bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Bu zatlaryň hemmesi halkara işewür gatnaşyklaryny giňeltmäge hem-de ýurdumyzda öndürilýän önümleri daşary ýurt bazarlaryna çykarmaga ýardam etmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. 

Soňra Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew durmuş-jemgyýetçilik durnuklylygy üpjün etmek maksadynda durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. 

Belent Sekrkerdebaşymyz ýurdumyzyň ösüşiniň esaslaryny berkitmekde harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işine möhüm orun berilýändigini bellemek bilen, döwletimiziň durnuklylygyny, halkymyzyň abadançylygyny we agzybirligini gorap saklamagyň ata Watanymyzyň rowaçlygynyň özeni bolup durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz möhüm ähmiýetli iri çäreleri guramaga gatnaşýan degişli düzümleriň taýýarlyk derejesiniň berjaý edilmegine berk gözegçiligiň ýola goýulmagy barada tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet durmuşyna degişli beýleki käbir möhüm meselelere hem garaldy. Olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, abadançylyk hem-de eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi. 
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2531

Türkmenistan-BMG.

 “Ýyldyz” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda 10 ýylyň dowamynda /2014-2024 ýý./ raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça dünýä ähmiýetli işleri wagyz etmäge bagyşlanan çäre geçirildi. Ol Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan BMG-nyň bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň Müdirligi bilen bilelikde guraldy. Duşuşyga ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, milli habar bperiş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çärä şeýle hem Türkmenistanda resmi taýdan işleýän diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň ýolbaşçylary çagyryldy.

Duşuşykda bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň durmuşa geçirýän döredijilik syýasatynyň belent ynsanperwerlige, demokratik ösüşleriň hem-de häzirki zaman hukuk jemgyýetiniň ýörelgelerine öz ygrarlylygyny görkezýändigini bellediler. Häzirki döwürde türkmen döwleti esasy ugurlary dünýäniň dürli döwletleri we abraýly halkara düzümleri bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bolup durýan daşary syýasat strategiýasyny işjeň durmuşa geçirýär. Biziň ýurdumyz dünýä syýasatynyň wajyp wezipelerini çözmäge örän işjeň gatnaşyp, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy, durnukly ösüşi saklamak, döwrüň wehimlerine garşy durmak meselelerine hil taýdan täze çemeleşmeleri öňe sürýär.

Ynsanperwerlik ugry boýunça hyzmatdaşlyk etmegi Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygynyň strategik möhüm ugurlarynyň biri hökmünde garaýar. Oňa migrasiýa babatda, gaçybatalga bermek, bosgunlaryň we raýaty bolmadyk adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek babatda özara hereketler girýär. Biziň ýurdumyzyň adam hukuklary babatda esas goýujy konwensiýalara we teswirnamalara, şol sanda bosgunlaryň hukuklary ulgamynda apatridleriň statusy hakynda 1954-nji ýylyň Kowensiýasyna we raýatsyzlygy azaltmak hakynda 1961-nji ýylyň Konwensiýasyna goşulmak bilen, şeýle hem BMG-niň bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissaryň Ýerine Ýetiriji Komitetiniň Maksatnamasynyň hemişelik agzasy, Migrasiýa baradaky halkara guramasynyň agzasy bolup, öz üstüne alan halkara borçnamalaryna pugta ygrarlylygyny görkezýändigini nygtamak möhümdir. Türkmenistan iri halkara guramalary bilen netijeli özara hereket edip, bosgunlar we raýatlygy bolmadyk adamlar baradaky meseleleriň çözülmegine işjeň gatnaşyp, uly halkara işlerine strategik gatnaşyjy hökmünde özüni anyk hereketler bilen görkezýär.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda milli kanunçylyga halkara hukuknamalarynyň esasy düzgünlerini girizmek boýunça uly işler geçirildi. Bu bolsa Türkmenistanda bosgunlaryň hukuk düzgünlerini ugrukdyryjy hem-de olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirýän berk kanunçylyk binýadynyň kemala getirilmgine ýardam etdi. BMG-nyň bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň Müdirligi, Migrasiýa baradaky halkara guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk amala aşyrylyp, ýurdumyzda bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň meseleleriniň çözülmegine iş ýüzünde ýardam eden onlarça taslamalar we maksatnamalar durmuşa geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, ynsanperwer syýasatynyň alnyp barylmagy netijesinde Türkmenistan dürli sebäplere görä, öz öýlerini taşlap, ýurtlarynyň çäklerinden çykmaga mejbur bolan adamlar üçin ikinji watanyna öwrüldi. Muňa 2005-nji ýylda 13 müňden gowrak adama Türkmenistanyň raýatlygynyň berilmegi aýdyň mysal bolup durýar. Şolardan 2011-nji we 2013-nji ýyllarda ýurdumyzda hemişelik ýaşaýan we raýatlygy bolmadyk 4 müň adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Şu ýylyň 21-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda bolsa, Türkmenistanyň raýatlygyna ýene-de 786 adam kabul edildi.

“Bosgunlaryň hukuk ýagdaýy hakynda” we “Apatridleriň statusy hakynda” Konwensiýalarda göz öňünde tutulan borçnamalary ýerine ýetirmek maksady bilen, şeýle hem ýurdumyzyň çäklerinde ýaşaýan bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hemme hukuklardan peýdalanmaklary üçin türkmen döwletiniň Baştutanynyň Karary bilen, raýatlygy bolmadyk adamlaryň we bosgunyň şahsyýetnamalarynyň hem-de ulag arkaly geçmek boýunça resminamanyň, ýaşamak üçin berilýän goşmaça resminamanyň täze görnüşleri ulanylyp başlady. Bular ISAO /Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň/ standartlaryna laýyk gelýär. Umuman, bu çäreler halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryny iş ýüzünde berjaý etmek babatda oňyn tejribe bolup durýar.

Forumyň barşynda çykyş eden Birleşen Milleler Guramasynyň bosgunlaryň işi baradaky Merkezi Aziýadaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň halkara goragy /raýatlygy bolmadyk/ boýunça sebit geňeşçisi, jenap Jeýson Taker bu ulgamda uly tejribä eýe bolan Türkmenistanyň syýasatyna ýokary baha berip, ýurdumyzyň raýatsyzlygyň garşysyna göreşmekde öňdebaryjy bolup durýandygyny nygtady. Bu ugurdaky netijeli hyzmatdaşlyk belent maksatlaryň hatyrasyna ynsanperwer tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendir hem-de ýurtlaryň bosgunlaryň hukuklaryny goramagy üpjün etmek boýunça anyk hereketlerini işläp taýýarlamaga ýardam etmäge gönükdirilendir diýip, myhman nygtady we Türkmenistanyň oňyn tejribesini beýleki döwletleriň peýdalanjakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşyga gatnaşanlar şeýle hem şu ýylyň iýun aýynda türkmen paýtagtynda geçirilen “Migrasiýa we raýatsyzlyk: meseleleri we indiki ädimleri anyklamak boýunça” halkara maslahatynyň ähmiýetini bellediler. Oňa 29 ýurtdan wekiliýet, abraýly halkara guramalarynyň, hökümete degişli däl düzümleriň 15-sinden wekiller gatnaşdylar. Bu forumyň geçirilmegi pikir alyşmaga, şeýle hem bosgunlaryň we raýatlyry bolmadyk adamlaryň hukuklarynyň halkara goragyny üpjün etmek ulgamynda ýüze çykýan meseleleriň netijeli çemeleşmelerini işläp taýýarlamaga mümkinçilik berdi, şeýle hem bu ugurda giň köptaraply halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga ýardam etdi.

Forumyň çäklerinde Jeýson Taker şeýle hem10 ýylyň dowamynda /2014-2024 ýý./ raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça BMG-nyň bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň Müdirliginiň dünýä ähmiýetli işleri baradaky tanyşdyrylyş çäresini görkezdi. Onuň esasy maksady raýatlygy bolmadyk 10 million adamyň ýakyn on ýylda raýatlyk almagyny gazanmakdan ybaratdyr.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistan-BMG-nyň bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň Müdirligi ugry boýunça oňyn hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga meýillidiklerini beýan etdiler hem-de uly ösüşleriň maksatlaryna we wezipelerine laýyk gelýän ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň mundan beýläkki ýollaryny bellediler. 

http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2532

Saz-sungatynyň ajaýyplylygy.

Gowy saz insan ruhuny köşeşdirýär we öziňi başga bir dünýädedigiňi his etmene başlayan ajaýyp bir duýgy. Saz sungaty gadymdan gelýän ajaýyp inçe bir sungat.  Diňledigiň saz ajayyp bir saz şol bir sazy diňleýän sebäbi o seniň   ýaşaýşyňdaky uzak ýyllaryň ýaşadygyň dünýäni ýatladýar o saz seniň ýaşaýşyňdaky parça ýatlamasyna  öwrilýär sebäbi ony dinläniňde we bütin dünýä ýaşamaga başlaýar. Haçanda  bizin her birimiziň içindäki düşündirip  bilmedigimiz sözleri saz bilen düşündirip bilýänligiň bir duýgy. Sazy gowy gördüm sebäbi onda ulakgan bir ýaşaýyşy  görýäň sazy gowy gördüm sebäbi onda öziňi  görýäň sazy gowy gördüm hiçzatsyz kalbyň eretýär. Saz bu bir arzuw owadan sazy diňläp arzuw etýän  we şo arzuw seni ýaşatmaga başlaýar çuňňur bir sungat her birimiziň gowy gördügimiz sungat. Sazy gowy öwreniň sazyň beýik sungatyny saz size bütin dünýäni açar beýik duýgulary döredýär we pikirlerı sazyň kömegi bilen size görünmeýän ajayyp güýje eýe bolýan siz onda ýaşaýyşyň owadanlygyny we reňkini ritmini görersiň. Saz bu ýeketäk bütin dünýä dili ony öwürmäge gerek ýok onda insan ruhu biri biri bilen gürleşýär. Sözler kä wagt saza geregi bar sazyň bolsa hiç zada geregi ýok. 
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2526

Türkmenistanyň we Russiýanyň sebit hyzmatdaşlygyna täze itergi berilýär.

“Mizan” täjirçilik merkeziniň maslahatlar zalynda Sankt-Peterburgyň Türkmenistandaky günleriniň resmi taýdan açylyş dabarasy hem-de ýurdumyzyň we Russiýa Federasiýasynyň “demirgazyk paýtagtynyň” arasynda ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge bagyşlanan işewürler forumy boldy. 

Türkmenistanyň we Sankt-Peterburgyň hökümetleriniň arasynda baglaşylan ykdysady, ylmy we medeni hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygyň çäklerinde ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy we Medeniýet ministrligi tarapyndan bilelikde geçirilýän çärä gatnaşmak üçin ýörite wekiliýet paýtagtymyza geldi. Onuň düzümine döwlet edaralarynyň, iri kompaniýalaryň we ylmy merkezleriň birnäçesiniň wekilleri, şeýle hem meşhur medeniýet işgärleri girdiler. 

Işewürlik duşuşygyna gatnaşýanlaryň arasynda ýurdumyz bilen köpden bäri gatnaşyk edýän ygtybarly hyzmatdaşlar – “Baltiýskaýa russkaýa energetiçeskaýa kompaniýa” we “Wozroždeniýe” holdingleri bar. Olar indi köp ýyllaryň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň senagat, gurluşyk, ulag, energetika ýaly möhüm pudaklarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Wekilleriň arasynda şeýle hem “Nowgorodstroýproýekt”, “Petrosoft”, “Rosinžiniringproýekt” , “Plastpolimer” kompaniýalary, “Gazprommaş” zawody, “Institut InžGazProýekt” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýet bar. Olaryň ählisi işewür gatnaşyklary giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýärler. 

Türkmen tarapyndan duşuşyga Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň, Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiň, Energetika ministrliginiň, Aragatnaşyk ministrliginiň, Senagat ministrliginiň, Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, “Türkmenawtoýollary”, “Türkmengaz” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Ylymlar akademiýasynyň, Söwda-senagat edarasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşýarlar. 

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky däp bolan köpugurly hyzmatdaşlyk strategiki häsiýete eýe bolup, üstünlikli ösdürilýär we özara bähbitlere hem-de häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýär. Russiýa Federasiýasynyň sebitleri we iri senagat hem-de medeni merkezleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän halkara ylmy we ykdysady forumlar, pudaklaýyn sergiler, şeýle hem medeni çäreler, dürli derejelerdäki wekiliýetleriň alşylmagy muňa ýardam edýär. Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň, Astrahan oblastynyň, Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleriniň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk munuň aýdyň mysalydyr. Iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň, şol sanda ýokary tehnologiýaly maşyngurluşyk önümlerini ibermegiň hasabyna haryt dolanyşygynyň artmagy, iri rus kompaniýalarynyň türkmen bazarynda netijeli işlemegi gatnaşyklaryň ösýändigine şaýatlyk edýär. 

Söwda-ykdysady we gumanitar ugurlarda ýylsaýyn giňelýän we çuňlaşýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesi Russiýa Federasiýasynyň iň iri senagat, medeni-ylmy we innowasion merkezleriniň biri bolan Sankt – Peterburg bilen hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini görkezýär. 

Sankt-Peterburgyň meşhur kompaniýalarynyň biri bolan “Wozroždeniýe” köpugurly holding kärhanasy ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikli tejribesini görkezýär. Bu kärhana ýol-ulag gurluşygynda we beýleki birnäçe ugurlarda işleýär. Mälim bolşy ýaly, “Wozroždeniýe” türkmen paýtagtynyň ýol düzüminiň desgalaryny, şol sanda awtomobil ýol aýrytlaryny, köprüleri gurmak boýunça giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmekde baş potratçy bolup çykyş edýär. “Baltiýskaýa russkaýa energetikçesikaýa kompaniýa” şereketi hem işjeň ösdürilýän hyzmatdaşlyga gatnaşyjylaryň biri bolup durýar. Bu kompaniýa ýurdumyzda energiýa üpjünçiligi ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, bu babatda täze desgalary gurmak ulgamynda bilelikdäki taslamalaryň onlarçasyny amala aşyrdy. 

Işewürler maslahatynyň öňýanynda geçirilen Sankt-Peterburgyň günleriniň açylyş dabarasynda çykyş eden şäheriň daşary gatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygynyň orunbasary S.Markow russiýaly hyzmatdaşlaryň hususan-da, peterburgly kompaniýalaryň we firmalaryň biziň ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmäge ymtylýandygyny belledi. Myhman häzirki işewürler maslahatynyň geljek üçin hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak babatda ajaýyp şertleri döretjekdigine ynam bildirdi. Onuň baş maksady özara gatnaşyklaryň täze görnüşlerini we ugurlaryny kesgitlemek, iki ýurduň telekeçileriniň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin amatly şertleri döretmek bolup durýar. 

Işewürler maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň we Sankt-Peterburg şäheriniň ykdysadyýetleriniň ýagdaýy hakynda filmler görkezildi. Olar özara bähbitlere gabat gelýän häzirki ýagdaýlary we täze mümkinçilikleri nazara almak bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlykda açylýan mümkinçilikler hakynda gürrüň berdi. 

Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, häzir Türkmenistan sazlaşykly ösýän ykdysadyýete eýe bolmak bilen, daşary ýurt maýalary üçin özüne çekiji ýurt bolup durýar. Soňky ýyllaryň dowamynda ýurtda milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistany dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda çykaryjak oňyn özgertmeler yzygiderli durmuşa geçirilýär. 

Ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga tarap alnan ugur Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Ol döwrebap senagat düzüminiň, innowasion ugurly gaýtadan işleýän iri önümçilikleriň döredilmegini göz öňüne tutýar. 

Energetika, gurluşyk, nebit we gaz himiýa senagaty, jemagat hojalygy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bu babatda Sankt-Peterburgyň wekiliýetiniň agzalary dürli senagat we jemgyýetçilik desgalary, şol sanda durmuş ulgamyna we şäher düzümine degişli kärhanalar gurlanda taslamak we konsalting hyzmatlary ulgamynda hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirdiler. 

Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, täze enjamlary, ulag serişdeleriniň dürli görnüşleri üçin ätiýaçlyk şaýlaryny getirmek, şeýle hem demirýol pudagynyň tehniki parkyny döwrebaplaşdyrmak üçin buýurmalary ýerine ýetirmek babatda hyzmatlar boýunça teklipler beýan edildi. 

Ýokary tehnologiýalar ulgamy hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunda kärhanalaryň, ylmy-barlag we okuw mekdepleriniň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak, pudagara derejesinde peýdaly gatnaşyklary giňeltmek üçin şertleriň döredilmeginiň ähmiýeti bellenildi. 

Umumy mejlis tamamlanandan soň iki ýurduň döwlet edaralarynyň wekilleriniň we işewürleriniň arasynda gepleşikler geçirildi, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Forumyň netijelerini jemlemek bilen oňa gatnaşanlar türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň okgunly häsiýetini belläp, geljekde netijeli gatnaşyklar üçin bir bitewi binýady döretmäge umumy çemeleşmeleri işläp düzmek maksadynda şunuň ýaly duşuşyklary yzygiderli geçirmegiň möhümdigini nygtadylar. Duşuşyga gatnaşyjylaryň belleýşi ýall, işewürler maslahaty—bu ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmekde ileri tutulýan täze ugurlary kesgitlän möhüm ädim boldy. Ol Türkmenistanyň we Sankt-Peterburgyň işewür toparlarynyň işjeňligini ähli ugurlar boýunça giňeltmäge gönükdirilendir. 

Myhmanlaryň türkmen paýtagtynda bolmagynyň iki günlük maksatnamasynda degişli ministrliklerde we degişli edaralarda işewür duşuşyklaryny geçirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýa merkezine baryp görmek göz öňünde tutuldy. 

Paýtagtymyzyň iň gowy meýdançalarynda belli artistleriň gatnaşmagynda konsertleri öz içine alýan medeni maksatnama Sankt-Peterburgyň Türkmenistandaky günleriniň esasyny düzer. 

Peterburgyň “MA.GR.IG.AL” toparynyň hem-de Russiýanyň at gazanan artistleri S.Sidorenkonyň we A.Diçkowskiniň gatnaşmagynda guralan gala-konsert Russiýanyň ýerine ýetirijilik sungatynyň hakyky muşdaklary üçin ajaýyp sowgat boldy. Bu konsert Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň sahnasynda ýaýbaňlanyp, ol Sankt-Peterburgyň biziň ýurdumyzdaky Günleriniň birinji agşamyny tamamlady. 
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2533

Elektron maglumatlar ulgamy boýunça halkara tejribe.

Türkmen paýtagtynda ylmy-tehniki ösüşiň häzirki eýýamynda ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda, şol sanda döwlet dolandyryş edaralarynda işiň möhüm ähmiýetli bölegine öwrülýän onlaýn-- resurslary döretmek we dolandyrmak boýunça halkara tejribäniň öwrenilmegine bagyşlanan okuw maslahaty öz işine başlady.
Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň birnäçesiniň, gazetleriň we žurnallaryň, elektron neşirleriň Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guralan bu okuw maslahatyna gatnaşan wekilleriniň öňünde çagyrylan daşary ýurtly hünärmenler P.Georgiew we O.Hommenok çykyş etdiler. Olar ýurdumyzda Internet neşirler boýunça okuwlary geçirmekde eýýäm tejribe topladylar.

Ýeri gelende aýtsak, häzirki wagtda maglumatlar ulgamy syýasy, durmuş-ykdysady we medeni ösüşde möhüm ähmiýete eýe boldy. Türkmenistan dünýädäki ylmy-tehniki ösüşe işjeň goşulyşýar. Şunda maglumatlar ulgamlarynyň mümkinçilikleri wajyp ähmiýetli ugurdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzda ählumumy görnüşde kompýuterleşdirmek we “internetleşdirmek” boýunça amala aşyrýan strategiýasy hut şuňa gönükdirilendir. Dürli edaralar we guramalar, kärhanalar we döwürleýin neşirler Internetde öz sahypalaryny açýarlar. Soňky ýyllarda türkmen hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanan köp sanly täze tematiki saýtlar hem şulara degişlidir. Olaryň arasyndan Türkmenistanyň Döwlet migrasiýas gullugunyň web-saýtyny, “Nowruz baýramy” web-saýtyny, “Behişdi bedewler” portalyny, “Ak şäherim Aşgabat” web-saýtyny, türkmen medeniýetine bagyşlanan habarlar we öwrenijilik web-saýtyny we başga-da birgidenleri görkezmek bolar.

Çykyş edenler birnäçe günläp dowam etjek şu okuw maslahatynyň sanly tehnologiýalary ösdürmek boýunça dünýäde toplanan tejribäni göz öňünde tutmak arkaly, onlaýn – resurslary has-da netijeli döretmekde we dolandyrmakda iş ýüzünde uly ähmiýete eýe boljakdygyny bellediler. 

http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2528

26 Kasım 2014 Çarşamba

Hytaýda kömür käninde ýangyn boldy.

Hytaýda kömür käninde ýangyn boldy. Hytaýyň demirgazyk gündogarynda Liaoning welaýatyndaky Hengda magdanynda ýangyn boldy. Ýangynda 26 işçi ýogaldy, 50 işçi ýaralandy.
Ýaralananlardan käbiriniň ýagdaýy agyr. Ýangyndan ozal sebitde 1,6 bal ululygynda ýer titremesiniň bolandygy nygtaldy. Şol magdanda geçen ýyl tebigy gaz sebäpli 8 adam ýogalypdy.

http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2523

BSGG: Saglygy goraýşyň ählumumy diplomatiýasynyň işjeňleşdirilmegi ugrunda.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropadaky sebitleýin býurosy hem-de Halkara barlaglar we ösüş boýunça ýokary institutyň ählumumy saglygy goraýyş baradaky maksatnamasy (Ženewa, Şweýsariýa) hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bilelikde ýolbaşçy işgärler üçin guralyp, türkmen paýtagtynda halkara derejesinde geçirilýän okuw "Saglygy goraýşyň diplomatiýasy" diýlip atlandyrylýar. 

Foruma gatnaşýan köpsanly daşary ýurtlularyň pikirine görä, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň howandarlyk etmeginde bu möhüm ähmiýetli nobatdaky çäräniň geçirilýän ýeri hökmünde Aşgabadyň saýlanyp alynmagy türkmen döwletiniň we milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adamlaryň saglygyny goramak hem-de hut saglygy goraýşyň ählumumy diplomatiýasynyň täsirlerini artdyrmak boýunça işjeň orny eýelemegi boýunça bitirýän hyzmatlarynyň halkara derejesinde ykrar edilmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Geçen ýylyň dekabrynda Aşgabatda "Saglyk-2020" syýasatynyň düzgünleri bilen baglylykda, BSSG-nyň Ýewropadaky ministrleriň ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi-de muňa aýdyň şaýatlyk edýär. 

Şu forumyň işine gatnaşmak üçin halkara bilermenleriniň wekiliýeti geldi, olar leksiýalar bilen çykyş ederler. Myhmanlaryň arasynda BMG-niň Baş sekretarynyň HIV/ALDS boýunça Gündogar Ýewropada we Merkezi Aziýadaky Ýörite wekili (BSGG-nyň şu okuwynyň direktory), BSGG-nyň Ýewropadaky sebitleýin býurosynyň wekilleri, Şweýsariýadan alymlar, şeýle hem Serbiýanyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gruziýanyň, Ermenistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Täjigistanyň ugurdaş, lukmançylyk we diplomatik düzümleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri bar. Okuwa Türkmenistanyň dürli ministrlilkeriniň, ýokary okuw mekdepleriniň, lukmançylyk we beýleki edaralaryň wekilleri gatnaşýar. 

Şu gün, okuwyň birinji gününde onuň açylyşynda BSGG-nyň Ýewropadaky sebitleiýn edarasynyň direktory Žužanna Ýakabyň wideoşekilli ýüzlenmesi diňlenildi, şeýle hem giriş hökmünde ählumumy saglygy goraýyş boýunça diplomatiýa degişli çykyşlar diňlenildi, şolarda ýurtlaryň umumy bähbitleri hem-de şu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri kesgitlenildi. 

Çykyşlarda ХХI asyrda diplomatiýanyň konsepsiýasynyň düýpli özgerişleri başdan geçirýändigi we ählumumy saglygy goraýşyň şol ugurlaryň biri bolup, bu ýagdaýyň has-da täsirli äşgär bolýandygy bellenildi. Saglygy goraýyş ýurtlaryň daşary syýasatynda, howpsuzlyga we söwda-ykdysady gatnaşyklara degişli has möhüm ugra öwrülýär, munuň özi dürli derejedäki ýolbaşçylaryň döwrüň ýagdaýlaryna görä ygtyýarlyklarynyň giňeldilmegini şertlendirýär. 

BSGG-nyň Ýewropadaky sebitleýin býurosynyň we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de Ženewanyň halkara ylmy barlaglary we ösüş boýunça barlaglar baradaky Diplomdan soňky institutynyň – bu okuw boýunça guramanyň täze taslamasy saglygy goraýyş boýunça ählumumy diplomatiýanyň mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna gönükdirilendir. Bu okuw ilkinji nobatda diplomatiýa we saglygy goraýyş boýunça bu ugurdaky hünärmenler üçin foruma öwrülmelidir. Şol okuw olara daşary syýasata degişli meseleleriň biri hökmünde saglygy goraýyş boýunça maksatlaryň umumydygyna düşünmäge mümkinçilik berer. 

Okuw maslahatynyň işiniň birinji gününiň barşynda köpugurly täze dünýäniň globallaşmagynyň we onuň kemala gelşiniň barşynda Merkezi Aziýa sebitindäki ýurtlarda saglygy goraýyş ulgamlaryna ýetirýän täsiri; saglygy goraýşyň diplomatiýasynyň konsepsiýalary, oňa mahsus ýagdaýlar we usullar, bularyň daşary syýasat bilen özara baglanyşygy, şeýle hem GDA ýurtlarynyň bu meseleleriň çözgütleriniň tapylmagyna goşýan goşandy ýaly meseleler orta atyldy. Umumy mejlisleriň käbiri saglygy goraýşyň ählumumy derejede ileri tutulýan ugur hökmünde görkezilmegine hem-de 2015-nji ýyldan soňra gün tertibine goşuljak meseleleriň kesgitlenmegine bagyşlanyldy. 

Okuw maslahatynda daşary ýurtly bilermenlerden we hünärmenlerden başga-da, türkmen hünärmenleri hem-de BMG-nyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Jassinta Barrins çykyş etdiler. Forumyň çäklerinde toparlarda işler geçirildi we umumy mejlisler guraldy. 

Umuman alanyňda, "Saglygy goraýşyň diplomatiýasy" boýunça leksiýalaryň toplumy bäş gün üçin niýetlenendir, şonda okuw maslahatyna gatnaşyjylar gyzyklanma bildirýän köp sanly taraplaryň döwlet dolandyryşynyň dürli derejelerinde hem-de şu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy bilen baglylykda, özara arkalaşykly hereket etmeginiň ýollaryna has içgin gararlar. BSGG-nyň ugry boýunça, beýleki halkara guramalarynyň çäklerinde hem-de saglygy goraýyş ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň geljekki mümkinçiliklerine aýratyn üns berler. Türkmenistanyň milli, sebit we ählumumy derejelerde saglygy goraýşa degişli gepleşikleri taýýarlamak boýunça toplan tejribesindäki mysallar bilen tanşarlar. 

Okuwyň maksatnamasy boýunça BSGG-nyň ýokanç däl keselleriň öňüni almak we bulara garşy göreşmek boýunça Ýewropanyň ministrleriniň geçirilen maslahatynda kabul edilen Aşgabat jarnamasyny hem-de "Saglyk-2020" syýasatynyň düzgünlerini göz öňünde tutmak arkaly, ýokanç däl kesellere garşy göreşmek boýunça bilelikdäki işiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. 

Şeýle hem daşary ýurtly hünärmenler Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň öňünde çykyş ederler. Şeýle duşuşyklar Halkara ynsanperwerlik we ösüş uniwersitetinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hem-de Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde hem geçiriler.


http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2519