13 Aralık 2014 Cumartesi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi.

Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisde daşary syýasat ulgamyndaky wezipeler, onuň geljek ýyldaky ileri tutulýan wezipeleri we ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy hem-de durmuş-ykdysady meseleleriniň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy, möhüm döwlet çözgütleri we resminamalary kabul edildi. Hökümetiň mejlisine gatnaşmak üçin, Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, ýurdumyzyň diplomatik we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary hem-de beýleki ýolbaşçylar çagyryldy. 

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine geçip, beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, ýurdumyzda bellenýän baýramlar mynasybetli, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen adamlaryň günäsini geçip, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri yzygiderli geçirip durýarys diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Bitaraplyk baýramy mynasybetli hem şunuň ýaly sahawatly çäräni geçirmek barada karara geldik. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň günä geçmek barada resminamalary taýýarlandygyny aýdyp, bu ugurda geçirilen işler barada hasabat bermek üçin bu Toparyň başlygy, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe söz berdi. 

Milli howpsuzlyk ministri bu babatda alnyp barylýan işler barada hasabat bilen çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň garamagyna «Türkmenistanyň Milli baýramy – Bitaraplyk güni mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçmek hakyndaky» Permanyň taslamasyny hödürledi. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, asylly däbimize eýerip, iş kesilen jemi 602 raýatyň Bitaraplyk baýramy mynasybetli günäsiniň geçiljekdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz degişli Permana gol çekip, günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň baýramçylyk günleri öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna tabşyrdy. Biz şunuň ýaly sahawatly çäreleri geçirmek bilen, eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmetleri bilen ýuwup, ýurdumyzda alnyp barylýan işlere işjeň gatnaşmaga mümkinçilik döredýäris diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, şeýle hem beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew garamagyndaky düzümlerinde alnyp barylýan işler, ykdysadyýet we bank ulgamynyň ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň 2015-nji ýyl üçin iş meýilnamalarynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda taýýarlanan taslamalary hakynda hasabat berdi. 

Wise-premýeriň habar berşi ýaly, meýilnamalaryň taslamalary milli we döwlet maksatnamalarynda, ýurdumyzyň geljek ýyl üçin Döwlet býujetinde kesgitlenen ileri tutulýan wezipeleri nazara almak bilen işlenip taýýarlanyldy. Maliýe-ykdysadyýet we bank edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, kanunçylyk-hukuk binýadyny pugtalandyrmak, býujetiň üstünlikli ýetine ýetirilmegini üpjün etmek, täze iş orunlaryny döretmek, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar . 2015-nji ýylda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Hazar” myhmanhanasyny, “Ätiýaçlandyryş hyzmatlary” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň täze edara binasyny, 12 gatly ýaşaýyş jaýyny ulanmaga bermek hem meýilleşdirildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, iş meýilnamalarynyň taslamalarynda milli ykdysadyýetimiziň depginli ösüşine ýardam etmek maksady bilen makrodüzgünleşdirmegiň hem-de makrogözegçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça anyk çäreleriň göz öňünde tutulmagynyň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz netijeli maliýe we karz-pul syýasatyny işjeň durmuşa geçirmegi dowam etmäge, milli manadyň durnuklylygyny saklamaga, maliýe-bank ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen işleri hem meýilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz iş meýilnamalaryny gaýtadan işlemegiň möhümdigini belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Energetiki Hartiýanyň 9-njy dekabrda Aşgabatda geçirilen “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi” atly maslahatyň netijeleri barada hasabat berdi. Oňa gatnaşmak üçin abraýly halkara guramalarynyň we dünýäniň onlarça ýurdumynyň wekilleri, şol sanda energetika kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri türkmen paýtagtyna geldiler. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça geçirilen hem-de halkara energetika hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen bu ýokary derejeedäki duşuşyk dünýjä jemgyýetçiliginde giň we oňyn seslenme döretdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň forumda eden çykyşy uly gyzyklanma döretdi. Onda Türkmenistanyň bu strategiki ugurda hyzmatdaşlyk etmek we ählumumy energiýa howpsuzlygynyň häzirki zaman binýadyny döretmäge täzeçe çemeleşmeleri işläp taýýarlamak meselelerinde garaýyşlary beýan edildi. 

Foruma gatnaşyjylar onuň netijelerine ýokary baha berdiler we Aşgabatda başlanan işiň işjeň dowam etdirilmeginiň möhümdigini bellediler. Bu duşuşyk ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha artýandygynyň we milli Liderimiziň oňyn başlangyçlarynyň hemmetaraplaýyn goldanylýandygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Energetiki Hartiýanyň Başlyklygyna saýlanylmagy hem muňa şaýatlyk edýär. 

Hasabatyň çäklerinde wise-premýer, daşary işler ministri paýtagtymyzda täze halkara-hukuk resminamasyny işläp taýýarlamak boýunça halkara bilermenler toparynyň birinji mejlisiniň geçirilişi barada habar berdi. Bu resminama ählumumy energetika giňişliginde gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam eder. Bu duşuşyk Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň "Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty" hakynda Rezolýusiýasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek bilen baglylykda guraldy. Oňa BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň, Energetiki Hartiýanyň Sekretariatynyň, beýleki halkara guramalarynyň, daşary ýurtlaryň we ýurdumyzyň hökümet edaralarynyň wekilleri, halkara bilermenler gatnaşýarlar. 

Şeýlelikde, paýtagtymyz açyk halkara meýdançasy hökmündäki derejesini has-da berkitdi, onda durnukly dünýä ösüşiniň meseleleri, şol sanda ählumumy abadançylygyň we ösüşiň möhüm şerti hökmünde ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň ileri tutulýan meselelerine garalýar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň giň özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk ugruna ygrarlydygyny belledi we ýurdumyzyň mundan beýläk hem häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeleýändigini nygtady. 

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan dünýäniň energetika döwleti bolmak bilen, özüniň ägirt uly serişdeler kuwwatyny tutuş adamzadyň hyzmatyna goýmaga çalyşýar, bu meýilleri anyk ädimler bilen berkidýär hem-de bu ulgamda ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak we energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak ýörelgelerine esaslanýan syýasaty durmuşa geçirýär. 

Ýurdumyz bu ugurda halkara tagallalaryna saldamly goşant goşup, oňyn energetika hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge gönükdirilen, önüm öndüriji, üstaşyr geçiriji we sarp ediji ýurtlaryň bähbitleriniň deňagramlylygyna esaslanan başlangyçlar bilen çykyş etdi. Bu başlangyçlaryň wajyplygy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen degişli Rezolýusiýada öz aýdyň beýanyny tapdy. Hormatly Prezidentimiz bular barada aýtmak bilen, dünýäniň köpugurly düzümi hökmünde BMG-niň eýeleýän ornuny nygtady. Onuň çäklerinde energiýa howpsuzlygynyň täze arhitekturasyny döretmek meseleleri boýunça giň halkara ylalaşygyny gazanyp bolar. 

Milli Liderimiz ýangyç-energetika toplumynda gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen, Türkmenistan möhüm wekilçilikli forumlaryň we duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi babatda başlangyçlar bilen çykyş edýär. Olaryň hatarynda Energetiki Hartiýanyň bolup geçen Forumy hem-de paýtagtymyzda geçirilýän täze halkara-hukuk resminamasyny işläp taýýarlamak boýunça halkara bilermenler toparynyň birinji mejlisi bar. Bu mejlis energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna iberilmeginiň ygtybarlylygynyň we howpsuzlygynyň hukuk esaslaryny kadalaşdyrmaga ýardam etmelidir. Şol çäreler bu strategiki ulgamda hyzmatdaşlygyň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin täsirli meýdança öwrüldi. 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, daşary işler ministrine energetika hyzmatdaşlygyna, şeýle hem beýleki möhüm ugurlarda, şol sanda ulag-kommunikasiýa ulgamynda Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny mundan beýläk-de ilerletmek we iş ýüzünde durmuşa geçirmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berdi. Ol milli Liderimize ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça parlamentiň alyp barýan işleri barada habar berdi. Türkmenistanyň Mejlisiniň nobatdaky maslahatyna taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy. Onda hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanylan hem-de türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň esaslaryny has-da pugtalandyrmaga, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan oňyn durmuş-ykdysady özgertmeleri amala aşyrmaga gönükdirilen täze kanunlaryň we kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň ençemesiniň taslamalaryna garalar. Häzirki wagtda Mejlisiň 2015-nji ýyl üçin iş meýilnamasy işlenip taýýarlanylýar, ýerlerde we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde düşündiriş işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň wezipeleri bilen birlikde, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna doly laýyklykda milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň zerurdygyny nygtady. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew Aşgabat atçylyk sport toplumynyň durkuny täzelemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Aşgabat şäheriniň häkimligi tarapyndan potratçyny seçip almak üçin bäsleşik geçirildi. Geçirilen işleriň netijesi boýunça “Täze jaý” hojalyk jemgyýeti ýeňiji diýlip saýlanyldy. 

Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, Aşgabat atçylyk sport toplumynyň durkuny täzelemegiň käbir meselelerini degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen ylalaşmagyň zerurdygyny belledi. Bu desganyň durkuny täzelemek boýunça geljekki işlerde şeýle desgalaryň tehniki çözgüdine döwrebap çemeleşmeleri we ýokary hilli gurluşyk serişdelerini ulanmak wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu işleri bellenilen möhletlerde tamamlamagyň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününe gabatlanan baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasy barada hasabat berdi. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň gazanan üstünliklerini we ony mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan maslahat, pudagyň iň gowy işgärlerini sylaglamak dabarasy, baýramçylyk konserti bar. Soňra Türkmenistanyň Nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, uglewodorod serişdeleriniň täze ýataklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserni we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan geçirilýän gözleg-barlag we buraw işlerini işjeňleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi. 

Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna döwrebap buraw desgalarynyň onusyny satyn almak hakyndaky kararyň taslamasy hödürlendi. 

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmek barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. 

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ýangyç-energetika toplumynyň möhüm ornuny nygtady we şunuň bilen baglylykda, onuň düzümine girýän pudaklaryň düzümini döwrebaplaşdyrmagyň we täze tehnikalar bilen üpjün etmegiň wajypdygyny belledi. 

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň geljegi uly ugurlary barada durup geçip, nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberlerini has-da artdyrmagyň, şol sanda täze ýataklary senagat taýdan çalt özleşdirmegiň hasabyna artdyrmagyň möhümdigini belledi. 

Hormatly Prezidentimiz «Türkmennebit» döwlet konserniniň buraw desgalaryny satyn almagy hakyndaky» karara gol çekip, pudaklaýyn önümçilik binýadynyň netijeli ulanylmagyny üpjün etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy, milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işler hakyndaky hasabat bilen çykyş etdi. Wise-premýer “ Türkmenistanyň gurluşyk, energetika we senagat pudagyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasyna” laýyklykda, gurluşyk serişdeleri senagatynyň düzümlerini önümçilik taýdan diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de döwrebaplaşdyrmak, şol sanda täze desgalary gurmagyň hem-de işläp gelýän desgalary tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmagyň hasabyna döwrebaplaşdyrmak boýunça çäreleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigi barada hasabat berdi. 

Döwrebap iri kärhanalaryň – “Balkan” hem-de “Lebap” sement zawodlarynyň işe girizilmegi bilen ýurdumyzyň gurluşyk desgalaryny özümizde öndürilen ýokary hilli sement bilen doly üpjün etmäge mümkinçilik döredildi. Pudagy ösdürmek boýunça wezipeleri mundan beýläk-de çözmek maksady bilen hem-de çig malyň baý gorlaryna eýe bolan Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabyny senagat taýdan ösdürmek boýunça meýilnamalara laýyklykda, sement öndürmek üçin etrapdaky demir ýol düzümini netijeli peýdalanmak arkaly daşary ýurt bazarlarynda ýerlemek boýunça eksport kuwwatyny artdyrmak üçin bu ýerde ýyllyk kuwwaty 1 million tonna deň bolan täze sement zawodyny gurmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer degişli desgany gurmak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň senagat pudagynyň hil taýdan täze ösüş derejesine çykýandygyna kanagatlanma bildirdi. Munuň özi, maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýan pudagyň köpsanly senagat desgalarynyň ulanmaga berilmegi bilen tassyklanýar. Döwlet Baştutanymyz pudaklaýyn önümçilik düzümi döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça bellenilen meýilnamalaryň öz wagtynda durmuşa geçirilmegi üçin tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmaga hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary çekmäge gönükdirilen taslamalary amala aşyrmaga üns bermegiň wajypdygyny aýtdy. 

Milli Liderimiz ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan giň gerimli gurluşyklar üçin sement önümlerini öndürmegiň möçberini has-da artdyrmagyň, ähmiýetini bellemek bilen, wise-premýere Köýtendag etrabynda täze sement zawodyny gurmagyň taslamasy bilen bagly meseleleriň üstünde düýpli işlemek barada anyk tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Artykow gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy we milli Liderimiziň elektrik energiýasynyň harçlanylyşyny hasaba almak ulgamyny kämilleşdirmek boýunça beren tabşyryklary babatda geçirilen işler barada hasabat berdi. 

Habar berlişi ýaly, “Türkmenistan boýunça elektrik energiýasyny sarp edijilere hasaplaýjy enjamlary gurnamagyň Meýilnamasyna” laýyklykda, bu iş doly tamamlandy. 

Ahal döwlet elektrik bekedinde 10-njy dekabrda ulanylmaga tabşyrylan iki sany täze gazturbina desgasy barada aýdyp, wise-premýer ýurdumyzyň energetikleriniň adyndan Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen tagallalary üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdi. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ykdysadyýetiň ösmegi, täze zawodlaryň barha köp gurulmagy, ilatly ýerleriň köpelmegi bilen sarp edilýän elektrik energiýasynyň hemişe artýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, energiýa üpjünçiliginiň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, pudagyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini gowulandyrmak, şol sanda dünýäniň esasy öndürijilerinden kämil enjamlary almagyň, hereket edýän energetika desgalaryny düýpli bejermegiň we abatlamagyň hasabyna gowulandyrmak meselelerine ünsi çekdi. 

Milli Liderimiz munuň elektrik energiýasynyň içerki sarp edilişini durnukly üpjün etmäge, häzirki hereket edýän ugurlarda bolşy ýaly, täze ugurlar boýunça hem daşary ýurtlara iberilişiniň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berjekdigini aýdyp, wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy baradaky hasabatynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň döwrebap tehnologiýalary, şol sanda energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini peýdalanmak bilen baglanyşykly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak boýunça beren tabşyryklary esasynda işlenip taýýarlanan taslamany hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürledi. 

Taslamada "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gurluşygy alnyp barylýan kottejler şäherçesinde gün panellerini oturtmak göz öňüne tutulýar. Şäherçe üçin 4,48 gektar ýer bölünip berildi. Şol ýerde jemi 700 orunlyk ýokary amatlykly kottejleriň 54-si ýerleşer. Olaryň gurluşygyny 2015-nji ýylyň oktýabrynda tamamlamak meýilleşdirilýär. Şol kottejlerde günüň ýagtylyk energiýasynyň elektroenergiýasyna öwrülmegi üçin gün panellerini oturtmak teklip edilýär. Işlenip taýýarlanan elektroenergiýanyň galan bölegi bolsa akkumulýatorlarda toplanylar hem-de gijelerine we bulutly günlerde peýdalanylar. Gün batareýalarynyň ýokary ygtybarlylygy, netijeliligi we uzak döwür hyzmat edip bilýändigi bilen tapawutlanýandygy wajypdyr. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taslama baradaky pikiri goldap, onuň üstünde ýene-de işlemek boýunça görkezme berip, ekologiýa taýdan arassa energiýanyň alternatiw çeşmeleriniň ulanylmagynyň Awazanyň desgalaryny energiýa bilen üpjün etmek üçin geljegi has uly we tygşytly görnüşleriň biri bolup durýandygyny nygtady. 

Döwlet Baştutanymyz wise-peremýere söwdanyň netijeli döwrebap görnüşlerini ösdürmäge gönükdirilen meýilnamalaryň we çäreleriň amala aşyrylyşyna gözegçilik etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. 

Milli Liderimiz nyrhlary öwrenmegiň wajypdygyna ünsi çekip, ony ýurdumyzda döredilen Milli önümleriň haryt dolanyşygy institutynyň wezipeleriniň üstüne goşmak barada tabşyryk berdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu institutyň düzgünnamasynyň üstünde täzeden işlemek we eger zerur bolsa, işgär sanyny köpeltmek barada tabşyryk berip, wise-premýere degişli teklipleri taýýarlamak hakynda görkezme berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa Täze ýyl baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görlüşi hakynda hasabat berdi. Häzirki wagtda Täze ýyl telegepleşiklerini, filmleri surata düşürmek işleri alnyp barylýar. Täze ýyly garşylamaga bagyşlanylan medeni-dynç alyş çäreleriniň maksatnamasy daşary ýurtlaryň meşhur estrada ýerine ýetirijileriniň gatnaşmagynda baýramçylyk konsertlerini özünde jemleýär Ýurdumyzyň sungat ussatlary, teatr we sirk artistleri Döwlet sirkiniň we “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada, “Watan” we “Türkmenistan” kinokonsert merkezlerinde çykyş ederler. 

Ýurdumyzyň Täze ýyl Baş arçalarynda yşyklary ýakmak dabarasy ajaýyp çäreleriň biri bolar. Ol döredijilik toparlarynyň, teatrlaryň artistleriniň we ýaş zehinleriň gatnaşmagynda 22-nji dekabrda “Älem” Medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada, ýurdumyzyň welaýatlarynda bolar. 26-njy dekabrda ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda ýaş türkmenistanlylaryň, paýtagtymyzyň döredijilik toparlarynyň we artistleriniň gatnaşmagynda uly dabaralar geçiriler. Wise-premýer bu barada habar berip, milli Liderimizi çagalaryň söýgüli hem-de uzak garaşan çärelerine gatnaşmaga çagyrdy. 

Däp boýunça Täze ýylyň öňüsyrasynda döredijilik bäsleşikleriniň birnäçesiniň jemi jemlener. 26-njy dekabrda paýtagtymyzda “Berkarar” söwda-dynç alyş merkeziniň açylyşyna hem medeni çäreler taýýarlanyldy. 

Aşgabadyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň dolandyryş merkezleriniň arasyndaky Täze ýyl teleköprüsi medeni-köpçülik çäreleriniň esasysy bolar. Wise-premýer şeýle hem mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş döwründe medeni çäreleriň meýilnamasynyň taýýarlanandygyny habar berdi 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Täze ýyly garşylamagyň ajaýyp we ýatda galyjy wakalara baý bolmalydygyny belläp, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ähli medeni-köpçülikleýin baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmäge berk gözegçiligiň zerurdygyny aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz Täze ýyly garşylamaga bagyşlanylan ähli dabaralaryň gyzykly hem-de manyly bolmalydygyna, milli ruhda geçirilmelidigine ünsi çekip, bu çärelere halk we estrada aýdymlaryny meşhur ýerine ýetirijileri, tans hem-de halk döredijiligi toparlaryny, teatr we sirk artistlerini, çagalar döredijilik toparlaryny giňden çekmegiň wajypdygyny aýdyp, bu barada degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler, mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alşyny we Täze ýyl baýramçylyk dabaralaryny guramaga taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. 

Aşgabatda Täze ýyla bagyşlanan çykyşlar “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň we Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançasynda guralar. Mundan başga-da, 1-10-njy ýanwar aralygynda Maslahat köşgünde Täze ýyl döwlet arçasy baýramçylygy geçiriler. Şol şadyýan Täze ýyl dabaralaryna gyşky dynç alyş günlerinde paýtagtymyzdan hem-de welaýatlardan 4 müň çaga gatnaşar. 

Dynç alyş döwrüne ýurdumyzyň körpeleri we mekdep okuwçylary üçin çäreleriň meýilnamasy işlenip taýýarlandy. Ol özünde dürli medeni-dynç alyş çärelerini, sport ýaryşlaryny we döredijilik bäsleşiklerini we beýlekileri jemleýär. 

Gökderedäki çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň 14-sine mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş döwründe çagalaryň 7 müňden gowragy kabul ediler. Çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleriniň ýolbaşçylarynyň, bilim pudagynyň, şeýle hem çagalaryň göwnejaý dynç almagyny hemmetaraplaýyn üpjün etmäge dahylly beýleki edaralaryň hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirilen ýörite maslahat bu baradaky meselä bagyşlandy. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, çagalaryň gyşky dynç alyş döwrüni guramagy aýratyn gözegçilikde saklamagy, çagalaryň merkezlerde bolanlarynda zerur bolan arassaçylyk kadalarynyň hem-de howpsuzlyk talaplarynyň berk berjaý edilmegini üpjün etmegi hem-de sagaldyş edaralarynyň terbiýeçi işgärleriniň işlerine, mekdep okuwçylarynyň gözýetiminiň giňemegi hem-de saglyklarynyň berkemegi üçin günlerini peýdaly geçirip, göwnejaý guramak meselelerine zerur derejede aýratyn üns bermegi tabşyrdy. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulaglar we aragatnaşyk pudaklarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat bilen çykyş etdi. Wise-premýer halkara talaplaryna laýyklykda howa ulagynyň kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilişi hem-de “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň howa ulaglary düzümini ösdürmek bilen baglanyşykly döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi. 

Milli Liderimiziň ýerli howa gatnawlary üçin täze uçarlary satyn almak hakynda öňde goýan wezipelerine laýyklykda howa tehnikasyna halkara gözegçiliginiň geçirlendigi habar berildi. 

Howa gämileriniň parkyny döwrebaşlaşdyrmak bilen birlikde ýerüsti binýat hem ösdürilýär. Welaýatlarda, şol sanda Lebap welaýatynyň Atamyrat we Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherlerinde howa menzillerini halkara ölçeglerine laýyk getirmek boýunça zerur işler geçirilýär. 

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, iri halkara ulag merkezleriniň biri hökmünde Türkmenistanyň derejesini tassyklamak üçin bar bolan ähli mümkinçilikleri herekete girizmek zerurdygyny nygtady. Täze howamenzillerini gurmak hem-de bar bolanlarynyň durkuny täzelemek, şeýle hem täze uçarlary satyn almak boýunça uzakmöhletli maksatnama bu wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. 

Ýerli uçargatnawlary ösdürmek, howa ulagynyň ösen düzümini döretmek boýunça umumy strategiýa sazlaşykly goşular. Döwlet Baştutanymyz türkmen uçarmanlarynyň yzygiderli halkara ýolagçy gatnawlarynyň çägini has-da giňeldip we häzirki ulanylýan ugurlarda uçuşlaryň ýygylygyny artdyryp biljekdigini, munuň Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän “açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlygy syýasat babatda möhüm ähmiýetiniň bardygyny nygtap wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow öz gezeginde obasenagat toplumynda işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hakynda hasabat berdi. Häzir geljek ýylyň ekiş möwsümi üçin ýokary hilli tohumy taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Şonuň bilen bir hatarda, güýzlük dänelik ekinlere zerur bolan ideg işleri alnyp barylýar--ösüş suwy tutulýar we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Balkan we Mary welaýatlarynda güýzki gant şugundyryny ýygnamak dowam edýär. 

Hasabatyň çäklerinde maldarçylyk hojalyklaryny gyşa taýýarlamak, şol sanda ot-iýmler bilen üpjün etmek bilen bagly meseleler beýan edildi. 

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2015-nji ýyl üçin oba hojalyk toplumyna degişli ministrlikleriň we edaralaryň iş meýilnamasy, şol sanda ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň öňdebaryjy tehnologiýalaryny we usullaryny ornaşdyrmak, azyk we beýleki oba hojalyk önümlerini öndürmegiň we ýerlemegiň möçberlerini artdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak ýaly ugurlar boýunça iş meýilnamasy hödürlendi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalygyny özgertmek, dänäniň, pagtanyň we beýleki strategiki ekinleriň möçberlerini artdyrmak babatda döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça işlere toplumlaýyn çemeleşmegiň we olary takyk utgaşdyrmagyň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz geljek ýylda oba hojalyk toplumynda ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulan işleriň meýilnamasyny düýpli işlemegi tabşyryp, bu babatda anyk belliklerini we tekliplerini aýtdy. 

Milli Liderimiz döwlet oba hojalyk syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň hasabyna azyk bolçulygyny döretmek, oba hojalyk pudagynda işleýän döwlet we hususy kärhanalaryň eksport kuwwatyny berkitmek ýaly ugurlaryny aýratyn belledi. 

Döwlet Baştutanymyz geljek ýylyň bereketli hasylynyň esasyny tutýan möwsümleýin oba hojalyk işleri öz wagtynda we ýokary hilli geçirmegiň möhümdigini aýtdy. Milli Liderimiz maldarçylyk hojalyklarynda mallary dok we ýyly ýyşlatmak üçin degişli şertler döredilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi. 

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde Türkmenistanyň dünýäde abraýly we uly hormata mynasyp bolan döwletleriň biridigini nygtady. Biziň ýurdumyz sebitde durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmekde esasy orunlaryň birini eýeleýär diýip, milli Liderimiz aýtdy. Bitarap Türkmenistan öz saýlap alan daşary syýasat ugry bilen ynamly öňe barýar. Biziň alyp barýan daşary syýasatymyzyň esasy maksady üýtgewsiz bolmagynda galýar. Bu syýasat ýurdumyzyň içerki ösüşini üpjün etmek, döwletimiziň garaşsyzlygyny we howpsuzlygyny pugtalandyrmak, Watanymyzy ykdysady taýdan ösdürmek, mähriban halkymyzyň abadançylygyny we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak üçin amatly daşarky şertleri döretmäge gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

Häzirki döwürde ýurdumyzyň kuwwatly ykdysadyýeti çalt depginler bilen ösýär. Döwletimizde daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin ähli şertler döredilendir. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň şu ýyldaky ösüşiniň jemleri hem biziň bu aýdanlarymyza şaýatlyk edýär. Milli pulumyz – manadyň hümmeti hem bellenen derejede durnukly saklanýar. 

Bilim, saglygy goraýyş we ylym ulgamlarynda düýpli özgertmeler dowam edýär. Gurluşykda, senagatda, oba hojalygynda we beýleki pudaklarda hem ýokary ösüş depginleri saklanýar. Iri zawodlaryň we fabrikleriň gurluşygy üstünlikli alnyp barylýar. Durmuşa geçirýän özgertmelerimize laýyklykda, nebitgaz ýataklary özleşdirilýär we abadanlaşdyrylýar. Iri gaz geçirijiler gurulýar. Has oňaýly we ähli amatlyklary bolan belent ýaşaýyş jaýlaryny, mekdepleri, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejeli myhmanhanalary we beýleki köp sanly durmuş maksatly desgalary gurmak hem-de ulanmaga bermek boýunça işler giň gerim bilen alnyp barylýar. 

Biz daşary syýasatymyzy hem üýtgewsiz ýörelegeler esasynda alyp barýarys diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Hemişelik Bitaraplyk, deňhukukly, birek-birege hormat goýmaga esaslanýan, özara bähbitli hyzmatdaşlyk bu ýörelgeleriň esasyny düzýär. Garaşsyz Watanymyz şu ýörelgelerden ugur alyp, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna gyşarnyksyz eýerýär. 

Türkmenistan sebitde hyzmatdaşlygy ösdürmäge öz mynasyp goşandyny goşmagyny dowam edýär. Goňşy ýurtlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy we ynsanperwer ugurda gatnaşyklaryň gerimini giňeltmek boýunça netijeli işleri alyp barýar. 

Siziň bilşiňiz ýaly, biz türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllyk ýubileýini dabaraly belläp geçdik. Bu ýubileý halkara ähmiýetli örän möhüm waka boldy diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Ýubileý çäreleri diňe bir Türkmenistanda däl-de, eýsem dünýäniň onlarça ýurdunda giňden we dabaraly geçirildi. 

2014-nji ýyl türki dilli ýurtlarda Magtymguly Pyragynyň ýyly diýlip yglan edildi. Bu çäreler ýurdumyzyň açyklyk, beýik ynsanperwerlik, halklaryň arasyndaky dostlugy berkitmek ýörelgelerine eýerýändiginiň, medeni we ynsanperwer ulgamda giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. 

Geljek ýylda hem biziň öňümizde giň gerimli we möhüm ähmiýetli, täze wezipeler durýar. 2015-nji ýylda biz dünýä bileleşigi bilen birlikde taryhy senäni – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň 20 ýyllyk şanly baýramyny giňden we dabaraly belläp geçeris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. 

2015-nji ýyl ýurdumyzda Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edildi. Kabul edilen bu karar Türkmenistanyň Ilçihanalarynyň we konsullyk edaralarynyň, halkara guramalarynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalarynyň üstüne uly jogapkärçiligi ýükleýär we olaryň öňünde aýratyn möhüm wezipeleri goýýar. Daşary işler ministrligi, Ilçilerimiz we konsullarymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ägirt uly ähmiýetini bütin dünýäde giňden açyp görkezmelidirler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda anyk tabşyryklary berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň halkara syýasatynyň, durnukly ösüşi üpjün etmegiň düýpli we oňyn şertidigini giňden wagyz etmegiň wajypdygyny belledi. 

Asudalygy goramagyň we özara düşünişmegiň, dünýäde döreýän ähli halkara meselelerini parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar bilen çözmegiň netijeli guraly hökmünde möhüm ähmiýetiniň bardygyny bütin dünýä ýaýmak möhümdir. 

2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda, milli Liderimiz geljek ýylda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda giň gerimli çäreleri guramak we geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri utgaşdyrmagy Daşary işler ministrligine tabşyrdy. Ministrlik bu ugurda geçiriljek işler baradaky teklipleri gysga wagtyň içinde taýýarlap, seretmek üçin bermeli. 

Türkmenistan geljekde hem ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda özara bähbitli hyzmatdaşlygy we netijeli gatnaşyklary giňeltmek we hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça anyk maksada gönükdirilen syýasaty yzygiderli dowam eder. 

Şu babatda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň alyp barýan halkara energetika hyzmatdaşlygynyň örän uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Daşary işler ministrligine, Ilçihanalarymyza, konsullyklarymyza, halkara guramalarynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalarymyza alnyp barylýan energetika diplomatiýasynyň çäklerinde energetika howpsuzlygyny üpjün etmek babatda ýurdumyzyň başlangyçlaryny halkara giňişliginde öňe sürmek boýunça ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. 

Şu maksat bilen, Birleşen Milletler Guramasy, hususan-da, bu Guramanyň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça müdirligi bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmeli. Energetika meseleleri bilen meşgullanýan halkara guramalary bilen gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns bermeli diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. 

Ulaglar pudagy türkmen diplomatiýasynyň hemişe üns merkezinde bolmalydyr. Ýurdumyzyň diplomatlary täze üstaşyr geçelgeleri döretmek, Türkmenistany kontinentde uly ähmiýeti bolan iri ulag merkezine öwürmek boýunça öňe süren başlangyçlarymyzy durmuşa geçirmekde netijeli işleri alyp barmalydyrlar. 

Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, Daşary işler ministrligine, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik edaralarynyň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň ulaglar pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge niýetlenen ähli başlangyçlaryny yzygiderli durmuşa geçirmegi tabşyrdy. Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen çäreleriň toplumyny işläp taýýarlamaly we durmuşa geçirmeli. Bu halkara Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy, Aziýa hem-de Ýuwaş Ummany üçin Ykdysady we Durmuş Komissiýasy bilen hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn üns bermeli diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

Goňşy döwletler bilen ysnyşykly hem-de köpgurly gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň örän möhüm ugrudyr. Goňşy döwletler bilen hyzmatdaşlyk etmek, özara düşünişmäge we ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklary alyp barmak sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde örän möhüm şertleriň biridir. Bu gatnaşyklar sebitde ykdysady we durmuş taýdan ösüşi yzygiderli üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir. 

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ýakyn goňşularymyz bilen däp bolan dostluk gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de berkitmegiň zerurdygyna ýygnananlaryň ünsüni çekdi. Biz Hazar deňzi boýunça bäştaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmegiň çäklerinde alyp barýan işlerimizi, öňe süren başlangyçlarymyzy durmuşa geçirmegi hem dowam ederis. Hazar deňzinde söwda-ykdysady we ulag ulgamlary boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda täze, köptaraplaýyn resminamalary işläp taýýarlamak boýunça işleri alyp bararys. 

Daşary işler ministrligi şu başlangyçlary goldamak, gatnaşyklaryň geljegi uly bolan ugurlary boýunça yzygiderli we anyk maksada gönükdirilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin Hazarýaka döwletleri bilen hemişe iş alyp barmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. 

Biziň ýurdumyzy Hytaý Halk Respublikasy bilen ýakyn dostluk gatnaşyklary we strategik hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde Hytaý biziň iri daşary söwda hyzmatdaşymyz bolup durýar. Bu ýurt bilen gatnaşyklarymyz özara bähbitli we uzakmöhletleýin esasda guralýar. 

Russiýa Federasiýasy biziň ýurdumyzyň strategik hyzmatdaşy bolup durýar. Russiýa bilen ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara guramalarynyň çäklerinde alyp barýan gatnaşyklarymyz özüniň oňat netije berýändigini we iki döwletiň düýpli bähbitlerine laýyk gelýändigini görkezdi. Biz Russiýa Federasiýasy bilen geljekde hem dostukly gatnaşyklarymyzy dürli ugurlar boýunça giň gerim bilen ösdüreris. 

Biz birnäçe ýyllaryň dowamynda Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen gatnaşyklarymyzy hem ösdürýäris. Bu döwlet bilen dünýäde parahatçylygy goramak we durnuklylygy saklamak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek ýaly, möhüm ugurlarda gatnaşyklary ösdürýäris. 

Ýewropa Birleşigi bilen hem biz netijeli hyzmatdaşlyk edýäris. Türkmen-ýewropa hyzmatdaşlygyny talaba laýyk ösdürmek maksady bilen, diplomatik gulluklarymyz Ýewropa Komissiýasy bilen işjeň gatnaşyklary ýola goýmalydyr. Bu mesele şu ýylyň noýabr aýynda Ýewropa Komissiýasynyň öz işini täze düzümde başlamagy bilen baglylykda aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar. 

Daşary işler ministrligi Günorta we Merkezi Amerikada Türkmenistanyň diplomatik gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça alyp barýan işlerini geljekde hem dowam etmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. 

Biz Afrika döwletleri bilen hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini jikme-jik öwrenmäge girişmelidiris. Bu kontinentiň birnäçe iri ýurtlary Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýär diýip, milli Liderimiz belledi we Afrika döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak boýunça geçirilýän işleri dowam etmek babatda anyk tabşyryklary berdi. 

Bitarap döwletimiziň alyp barýan halkara hyzmatdaşlygynyň gerimi yzygiderli giňelýär, köpugurly häsiýete eýe bolýar, dünýä giňişliginde tutýan orny ýokarlanýar we täsiri barha artýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Şunuň bilen baglylykda, Daşary işler ministrligine şol bir wagtda Ilçilerimizi beýleki döwletlerde bellemek bilen 2015–2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň daşary ýurtlarda diplomatik wekilhanalaryny açmagyň meýilnamasyny işläp taýýarlamak tabşyryldy. 

Soňra milli Liderimiz ynsanperwer ulgamda, hususan-da, bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek meselelerine degip geçdi. Ol biziň döwletimiziň halkara gatnaşyklarynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Häzirki döwürde türkmen ýaşlary dünýäniň köp ýurtlarynda bilim alýarlar, şol sanda döwletimiziň ibermegi boýunça hem okaýarlar. 

Biziň ilçihanalarymyz we konsullyklarymyz döwletimiziň raýatlarynyň beýleki ýurtlarda bilim alşy, durmuş we dynç alyş şertleri bilen hemişe gyzyklanyp durmalydyr. Şunuň bilen birlikde, daşary ýurtlarda okaýan türkmen talyplarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini hem goramalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylarynyň ünsüni 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi bilen bagly wezipelere çekdi. Hususan-da, daşary syýasat edarasyna V Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlygy giňden beýan etmek maksady bilen, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda habar beriş çärelerini guramagyň we geçirmegiň meýilnamasyny düzmek tabşyryldy. 

Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygy mynasybetli 2015-nji ýylyň «Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen bagly meseleler hakyndaky» Karara gol çekdi. 

Soňra milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu duşuşygyň uly baýramyň – Türkmenistanyň Bitaraplyk gününiň öňýanynda geçirilýändigini belledi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakyndaky Rezolýusiýany biragyzdan kabul etdi. 12-nji dekabr – Bitaraplyk güni Garaşsyz Türkmen döwletiniň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy biziň döwletimiziň daşary syýasy ugruny kesgitleýär, bu syýasaty durmuşa geçirmegiň esasy şerti bolup durýar. Beýleki döwletler bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmakda we ösdürmekde, halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygymyzy berkitmekde döwletimiziň Bitaraplygy bize syýasy hem-de hukuk taýdan pugta binýat bolup hyzmat edýär. 

Şoňa görä-de, Bitarap döwletimiziň özara hormat goýmaga, deňhukukly gatnaşyklara, netijeli hyzmatdaşlyga esaslanýan parahatçylyk söýüji daşary syýasaty durmuşa geçirmek arkaly, geljekde hem dünýäniň ähli döwletleri we halklary bilen dostlugy we arkalaşykly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürjekdigine berk ynanýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň ahyrynda şu günki mejlisiň gün tertibi bilen bagly ýene-de bir meseläniň üstünde durup geçdi. Bellenip geçilişi ýaly, döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy bizi parahatçylyk söýüji syýasaty alyp barmaga borçly edýär. Bu syýasatyň esasynda goranmak häsiýetli Harby doktrinamyz durýar. Şoňa görä-de, biziň goňşy döwletler bilen serhetlerimiz parahatçylyk we dostluk serhetleridir. 

Goranmak häsiýetli Harby doktrinamyzyň çäklerinde biz Ýaragly Güýçlerimiziň we hukuk goraýjy edaralarymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkidýäris. Ony harby ylmyň we tehnikanyň häzirki döwürde gazanan üstünlikleriniň derejesinde saklaýarys. Harby doktrinamyza eýermek bilen biz, nesip bolsa, ýakyn wagtda Döwlet serhet gullugynyň häzirki zamanyň iň kämil aragatnaşyk we dolandyryş serişdeleri bilen enjamlaşdyrylan täze binalar toplumyny açyp, ulanmaga bereris. Bu bolsa, serhet goşunlarynyň merkezi dolandyryş edarasyna döwletimiziň ähli serhetleri boýunça zerur çözgütleri dessin kabul etmäge mümkinçilik berer. 

Şol gün Serhet institutynyň täze binasyny hem açarys. Institutyň täze gurlan binasy hem iň kämil tehnikalar we enjamlar bilen üpjün edildi. Bu harby okuw mekdebinde serhet goşunlary üçin ýokary hünärli serkerdeler taýýarlanar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. 

Görşüňiz ýaly, biziň döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy diňe bir Bitaraplygymyzy resmi taýdan ykrar eden döwletleriň öz üstüne alan borçnamalary bilen däl-de, eýsem ýurdumyzyň kuwwatly, häzirki zaman Ýaragly Güýçleri bilen hem ygtybarly goralar diýip, milli Liderimiz çykyşyny tamamlady. 

Soňra Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Serdarowa söz berildi. Diplomat türkmen-türk gatnaşyklarynyň oňyn ösýändigini aýdyp, taryhy umumylyga we halkara durmuşynyň esasy meseleleri boýunça garaýyşlaryň ýakyndygyna esaslanýan iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara soňky ýyllarda kuwwatly itergi berlendigini belledi. Dürli derejede, ilkinji nobatda, ýokary derejede duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň iýun aýynda Türkiýä bolan resmi sapary, şeýle hem Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň şu ýylyň noýabr aýynda ýurdumyza bolan resmi saparynyň barşynda gol çekilen resminamalar hem muňa şaýatlyk edýär. 

Daşary ýurtlarda we halkara guramalarynda türkmen döwletiniň bähbitlerine wekilçilik etmek babatda bildiren uly ynamy üçin milli Liderimize türkmen diplomatlarynyň ählisiniň adyndan hoşallyk bildirip, ilçi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurdumyzyň diplomatik korpusynyň öňünde durýan jogapkärli we wajyp wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy. 

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny döwletimiziň bitaraplyk derejesine laýyklykda, şeýle hem sebitde we bütin dünýäde emele gelýän ýagdaýy nazara almak arkaly durmuşa geçirýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, dünýäniň ähli döwletleri bilen birek-birege hormat goýmaga we deňhukuklyga esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmak “açyk gapylar” syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýandygyny aýtdy. Milli Liderimiz häzirki wagtda ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde durýandygyny nygtady we munuň işjeň halkara hyzmatdaşlygy, türkmen döwletiniň häzirki zamanyň wajyp meselelerini çözmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary bilen şertlendirilendigini aýtdy. 

Döwlet Baştutanymyz Milletler Bileleşigi tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli daşary ýurtlarda degişli dabaralaryň geçirilmelidigini belläp, ilçilere bu çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde guramagy tabşyrdy. Milli Liderimiz gumanitar ulgamdaky hyzmatdaşlygy hem möhüm ugurlaryň hatarynda görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere işjeň gatnaşmagy tabşyrdy. 

Milli Liderimiz daşary syýasat konsepsiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhümdigine ýene-de bir gezek ünsi çekip, ýurdumyzyň diplomatlarynyň üstüne aýratyn jogapkärçiligiň ýüklenendigini nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, olar döwletiň milli bähbitlerini işjeň goramalydyr, öz işini häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara almak bilen guramalydyr hem-de ata Watanymyzyň abraýynyň mundan beýläk-de has-da artmagyna hemmetaraplaýyn ýardam etmelidir. 

Soňra Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi S.Nurberdiýewe söz berildi. Ol öz çykyşynda milli Liderimiziň başyny başlan netijeli daşary syýasy strategiýasyndan ugur almak bilen, türkmen diplomatlary daşary döwletler we halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek we giňeltmek boýunça öňde goýlan wezipeleri çözmek üçin ähli tagallalary edýärler diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykan türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň däbe öwrülen dostlukly, netijeli häsiýeti bellenildi. Munuň şeýledigine iki ýurduň arasynda deňhukuklylyk, özara bähbitlilik we uzak möhletli esasda guralýan gatnaşyklaryň okgunly häsiýeti aýdyň şaýatlyk edýär. 

Türkmenistanyň bölümleri we ştab-kwartiralary Awstriýanyň paýtagty Wenada ýerleşýän BMG, ÝHHG we beýleki halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň ösýändigi hem bellenildi. 

Ýurdumyzyň diplomatlarynyň netijeli işlemegi üçin ähli şertleriň döredilmegine, biziň ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki diplomatik wekilhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek meselelerine berýän ünsi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek bilen, ilçi özüniň we kärdeşleriniň Türkmenistanyň döredijilikli daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmek maksadynda geljekde hem tutanýerli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdy. 

Döwlet Baştutanymyz mejlisde çykyşlary jemläp, ertir biz Türkmenistanyň Milli baýramyny – Bitaraplyk gününi giňden we dabaraly belläp geçeris diýip belledi. Bitaraplyk – berkarar Watanymyzyň we bütin türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik, döredijilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýan baýramdyr. Biz bitaraplyk taglymatyna ygrarly bolmak bilen, ata-babalarymyzyň pähim-paýhasyna, halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen asylly däp-dessurlaryna hem-de ynsanperwer ýörelgelerine esaslanyp, örän oýlanyşykly daşary syýasaty alyp barýarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. 

Hemişelik Bitaraplyk syýasatyna eýerýän Watanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli ugurlar boýunça ýokary depginler bilen ösýär we özgerýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Türkmenistan agzybirligiň, dost-doganlygyň, asudalygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň ýurdy hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Şoňa görä-de, mähriban halkymyz dünýäde ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýetiniň barha artýandygyna buýsanmaga doly haklydyr.  
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2598

1 yorum:

  1. Bu, Maýo klinikasynyň köpçülige mälim eden beýany we böwrek satyn almak isleýäris, böwrek satmak isleseňiz, aşakdaky e-poçtaňyz bilen göni habarlaşyň
    mayocareclinic@gmail.com
    Bellik: Bu ygtybarly amal we howpsuzlygy kepillendirilýär.
    Has giňişleýin maglumat üçin bize e-poçta habaryny iberiň.

    YanıtlaSil