10 Aralık 2014 Çarşamba

Türkmenistanyň bitaraplygy.

Türkmen halky döwlet Bitaraplygynyň 19 ýyllygyny ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uly buýsanç we ägirt uly ruhubelentlik duýgusy bilen dabaraly hem-de agzybir ýagdaýda baýram edýär. 

Bitaraplyk güni, hakykatdan hem, esasy milli baýramçylyklaryň hataryna girýär, çünki halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gelýän parahatçylygy söýüjilik, dostluk we ynsanperwer däpleriniň dabaralanýandygyny beýan edýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde şu ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenabatda bolan Ýaşulularyň maslahatynyň 2015-nji ýyly Türkmenistanyň bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygy astynda geçýän Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýip yglan etmek baradaky çözgüdi kabul etmegi doly kanunalaýykdyr. 

Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Bas Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň dekabryndaky 50-njy ýubileý maslahatynda kabul edilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly BMG-niň ýörite kararnamasyna laýyklykda, ýurdumyz dünýäniň iň täze taryhynda Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilen ilkinji bitarap döwlet diýlip jar edildi. Jemgyýetçiligiň giň seslenmesini döreden bu özboluşly waka özbaşdak Türkmenistanyň berk we yzygiderli ýöredýän, dünýäniň ähli döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we özara peýdaly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan parahatçylyk söýüji daşary syýasatyna ýokary baha berilmeginiň nobatdaky ykrar edilmegi boldy. 

Biziň ýurdumyz tarapyndan amala aşyrylan bu taryhy seçip almak köp babatda döwlet ösüşiniň ähli ugruny öňünden kesgitledi. Özboluşly halkara-hukuk derejesi diňe bir uly möçberli döwlet özgertmeler maksatnamalaryny we durmuş-ykdysady özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin däl, eýsem, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, ähli ýurtlar hem-de abraýly halkara guramalary bilen özara gatnaşyklary giňeltmek üçin esas boldy. Şeýlelikde, syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim we beýleki ulgamlarda giň hem-de netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda ähmiýetli orny eýelän bitaraplyk diňe bir beýik umumymilli gymmatlyk däl, eýsem, tutuş adamzadyň äşgär, jedelsiz baýlygy diýlip ykrar edildi. 

Türkmenistan Bitarap döwletiň belent derejesine eýe bolmak bilen birnäçe borçnamalary, hususan-da, syýasy, ykdysady, harby bileleşiklere we toplumlara goşulyşmazlygy, köpçülikleýin gyryş ýaraglaryndan boýun gaçyrmagy, umumadamzat gymmatlyklara ygrarlylygy, ýurduň içinde asudalygy üpjün etmegi, şeýle hem dünýäniň döwletleri bilen deňhukukly gatnaşyklary we gumanitar halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlygy we beýlekileri öz üstüne aldy. 

Halkara harby we harby-syýasy toparlanyşyklara hem-de toplumlara gatnaşmakdan doly boýun gaçyrmak bize sebitde we bütin dünýäde güýç ulanyp garşy durmagyň haýsydyr bir görnüşlerine çekilmekden gaça durmaga, şunda öz howpsuzlygymyzy kepillendirmegi gorap saklamaga mümkinçilik berdi. 

Sebitde parahatçylykly, durnukly ösüşiň bähbitlerine gyzyklanyp, oňyn gatnaşyklar üçin açyk meýdança öwrülen Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm düzümi—BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň Aşgabatda ştab-kwartirasynyň açylmagy dünýä bileleşiginiň Türkmenistana we onyň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa bildirýän ýokary ynamynyň görkezijisi boldy. 

Şeýlelikde, Türkmen döwletiniň bitaraplyk syýasaty onuň köptaraply daşary syýasat strategiýasynyň möhüm, esasy ugry bolmak bilen, üçünji müňýyllygyň giň möçberli maksatlaryna tutuşlygyna laýyk gelýär, şolaryň iň möhümleriniň hatarynda ählumumy parahatçylygy, durmuş taýdan ösüşi we ykdysady taýdan rowaçlygy gazanmak bar. 

Häzirki wagtda Türkmenistan seçip alan ugruna eýermek bilen ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň esaslarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam edip, häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge örän işjeň gatnaşýar. Parahatçylygy üpjün edijilik syýasatyny geçirmek üçin syýasy--diplomatiki we ykdysady çareleriň ähli gurallaryny peýdalanmak bilen ýurdumyz soňky ýyllarda Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde strategiki ähmiýetli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň hasabyna ýagdaýlary düzgünleşdirmek boýunça netijeli başlangyçlary öňe sürdi we sebitde syýasy we ykdysady durnuklylygy pugtalandyrmakda ägirt uly orny eýeledi. Täze möhüm ulag geçelgelerini, hususan-da, Gazagystan-Türkmenistan-Eýran halkara demir ýoluny döretmek hakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlaryny ýatlamak ýeterlikdir, şol demir ýol birnäçe gün mundan öň iri möçberli we hakykatda, sebitiň taryhynda deňsiz-taýsyz bolan taslama gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda açyldy. 

Bu waka beýleki birnäçe wakalar bilen bir hatarda, türkmenistanlylara ruhubelentlik berdi. Milli senenamamyzyň 12-nji dekabrda boljak şanly senesiniň hormatyna bütin ýurdumyzda baýramçylyk dabaralary aýratyn gerim bilen ýaýbaňlandyryldy, esasy dabaralar türkmen paýtagtynda bolýar. 

Birnäçe halkara we milli maslahatlar, sergiler, konsertler, sport ýaryşlary hem-de desgalaryň açylyşlary, şol sanda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň täzelenýän şäherleriniň we obalarynyň keşbini bezejek medeni-durmuş hem-de senagat ähmiýetli möhüm desgalaryň açylyşlary şu ýyl bellenilýän döwlet Bitaraplygymyzyň 19 ýyllygyna bagyşlandy. 

“Türkmenistanyň Bitaraplygy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň strategiýasy” atly halkara maslahat şol sanawda esasy orny eýeleýär, baýramçylygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçiriljek bu maslahata daşary ýurtlardan köpsanly myhmanlar gatnaşar. 

Däp boýunça ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary, aýry-aýry ministrlikleri we pudak edaralary, bilim ulgamynyň edaralary Bitaraplyk gününe bagyşlanan medeni-köpçülik çärelerini guraýar. Aýyň başyndan bäri ähli ýokary okuw mekdeplerinde we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy institutlarynda däp boýunça ylmy-amaly maslahatlar geçirilýär, şolaryň maksatnamasyna gyzykly we aň-bilim mowzuklaýyn çykyşlar goşuldy. 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşiniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikdäki tagallalary bilen guralan “Türkmenistanyň Bitarap daşary syýasaty we sebitde hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmekde onuň ähmiýeti” atly maslahaty Bitaraplyk derejesini gazanmagymyzyň taryhyna, Bitarap Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine we ösüş mümkinçiliklerine bagyşlanylan möhüm maslahatlaryň hatarynda belläp geçmek bolar. 

Ýurdumyzyň jemgyýetçilik--syýasy durmuşyna işjeň gatnaşýan ýaşlarymyz hel ýyl “Merdana nesil—2014” atly watançylyk bäsleşigine gatnaşýarlar, onuň jemleýji tapgyry baýramçylygyň öňüsyrasynda Döwlet gurjak teatrynda boldy. 10-njy dekabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi Türkmenistanyň ýaşlar baýraklaryny gowşurmak dabarasyny Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirer. 

Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Ahal welaýatynyň häkimligi tarapyndan Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda--hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän 27-nji orta mekdepde guralan “Türkmenistanyň Bitaraplygy we özbaşdaklygy Watanymyzyň abraýydyr we buýsanjydyr” atly maslahat bitaraplyk gününe bagyşlandy. 

Şu günler “Altyn ýyldyz” medeni--dynç alyş merkezinde, “Toý mekany” dabaralar merkezinde we Türkmenistanyň Döwlet sirkinde geçirilýän baýramçylyk çäreleri hem-de aýdym-sazly dabaralar uly hem-de köp dürli medeni maksatnamadan ybaratdyr. 

Sagdyn durmuş ýörelgesiniň we sportuň dürli görnüşleri bilen işjeň meşgullanmagyň giňden wagyz edilmegi netijesinde, soňky ýyllarda aýratyn gerim alan sport ýaryşlary hem baýramçylyk dabaralarynyň aýrylmaz bölegi boldy. 

Baýramçylyk çäreleriniň resmi maksatnamasyna girizilen iri möçberli ählihalk çärelerinden başga hem, ýurdumyzyň birnäçe ministrliklerinde we pudak edaralarynda dabaraly ýygnaklar hem-de duşuşyklar geçirilýär. 

Köp ýyllyk däplere görä, 12-nji dekabrda irden, baýramçylyk gününde Türkmen döwletiniň parahatçylykly gözbaşlarynyň we döredijilik ýörelgeleriniň üýtgewsizliginiň, milletimiziň şöhratly ata--babalarymyz tarapyndan wesýet edilen ýokary ynsanperwer gymmatlyklarynyň nyşany bolan Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy bolar. 

Ajaýyp Maslahat köşgünde medeniýet we sungat ussatlarynyň döwlet konserti özbaşdak türkmen döwletiniň Bitaraplyk derejesine eýe bolan gününiň 19 ýyllygynyň şanyna baýramçylyk dabaralarynyň jemini jemlär. 

Şol gün agşam Bitaraplyk binasynyň öňünde hem-de paýtagtymyzyň “Watan” we “Türkmenistan” kinokonsert merkezlerinde, ýurdumyzyň welaýatlarynyň ähli estrada meýdançalarynda hem Türkmenistanyň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk konsertleri bolar.
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2590

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder