27 Aralık 2014 Cumartesi

Täze ýylyň öňüsyrasynda sirk şüweleňi.

Täze ýyl dabaralarynyň öňüsyrasynda türkmen paýtagtynda Russiýanyň "Rosgossirk" döwlet kompaniýasynyň çykyşlary badalga aldy. Şol çykyşlar Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň sahnasynda bolar we munuň özi bu sungaty söýüjileriň hemmesine ajaýyp Täze ýyl sowgady bolar. Daşary ýurtly myhmanlaryň ajaýyp sirk şüweleňi gyzykly täsinlikleri, tomaşaçylaryň, aýratyn hem çagalara şadyýan baýramçylyk şadyýanlygyny wada berýär, mekdep dynç alyş günlerinde hem sirk ertekisi olaryň göwnünden turar. 

Russiýaly artistleriň ilkinji çykyşyndan öň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň "Galkynyş" milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşy ýaýbaňlanýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen bu topar üstüne ýüklenen wezipäni: dünýä ýüzünde milletiň baý mirasyny wagyz etmek wezipesini abraý bilen ýerine ýetirýär. Ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleri onuň öçmejek baýlygy bolup durýar. "Galkynyş" topary türkmenstanlylaryň söýgüsini gazanyp, daşary ýurtly tomaşaçylary maýyl etmegini dowam edýär. Belarusda, Ukrainada, Hytaýda, Türkiýede, Täjigistan görkezilen ajaýyp çykyşlar, şeýle hem geçen ýyl Moskwada (Russiýa Federasiýasy) geçirilen sirk sungatynyň Bütindünýä festiwalynda we şu ýylyň oktýabrynda Italiýanyň Latina şäherinde geçirilen sirk sungatynyň XVI Halkara festiwalynda gazanylan üstünlikler munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. 

Rus artistleriniň getiren baý sirk maksatnamasy "Ýolbarslaryň arasynda bir özi" diýlip atlandyrylýar. Onuň çäklerinde şol bir at bilen ondan gowrak ýolbarsyň gatnaşmagynda ajaýyp tomaşany görkezýän täsin çykyş onuň möhüm bölegi bolup durýar. Dört aýakly artistler tälim beriji Wladislaw Gonçarowyň görkezmelerini ýerine ýetirmek hem-de adaty bolmadyk artistlik çykyşlary bilen tomaşaçylaryň göwnüni göterýär. 

Bu sirk maksatnamasynda ýaşajyk artistleriň çykyşlary hem bar. Olaryň çykyşlary hemişe tomaşaçylaryň aýratyn ünsüni çekýär. "Ikariýa oýunlary" ady bilen ajaýyp çykyşda uly ýaşly artistler bilen bilelikde, alty ýaşly Maksim Duhanin başarjaň ukyplaryny görkezýär. Daşary ýurtly myhmanlaryň sirk şowhunlary sazly çykyşlarda, tälim berilýän haýwanlaryň çykyşlarynda, akrobatikada, ekwilibristikada, žonglirlemekde we beýleki ençeme çykyşlarda dürli şadyýan, täsin çykyşlary özünde jemleýär. Elbetde, şadyýan, masgarabazlar çykyşlaryň çäklerinde özleriniň degişmeleri we täsin çykyşlary bilen tomaşaçylary maýyl edýär. 

Artistler tarapyndan döredilen gahrymanlaryň aýdyň, özüne çekiji baý keşpleri, çylşyrymly çykyşlar, masgarabazlaryň hoşniýetli degişmesi we beýleki täsirli çykyşlar şatlygyň hem-he haýran galmagyň baýramçylygy türkmen tomaşaçysynyň uzak wagtlap ýadynda galar. 

Bütin dünýäde sungatyň aýratyn görnüşi hökmünde sirk aýdyňlygy, özüne çekijiligi, ýiti täsiri bilen çagalar üçin hem, ulular üçin hem söýgüli çykyşdyr. Sahnada çykyş etmek hemişe hakyky baýramçylyk, täsin dünýä bolup durýar, şonda çeýelik we kaşaňlyk, gözellik hem-de başarnyk, batyrlyk we ussatlyk dabaralanýar. 

Halkymyzyň döredijilik däplerini baýlaşdyrmaga hem-de wagyz etmäge aýratyn üns berýän Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň atalyk aladasy netijesinde sirk sungatyň bir görnüşi hökmünde ýurdumyzda gaýtadan dikeldilmek bilen çäklenmän, eýsem medeni dynç-alyş ulgamynda görnükli orny eýeledi. 

Iň gowy daşary ýurt toparlarynyň, şol sanda Wernadskiý şaýolundaky özboluşly ussatlygy bilen dünýä sungatyny baýlaşdyran Uly Moskwa sirkiniň çykyşlary baýramçylyk dabaralarynyň geçirilýän günlerinde asylly däbe öwrüldi. Çykyşlaryň atlary hem muny beýan edýär, ýagny "Tans edýän begemotlaryň", "Günorta Amerikanyň ýyrtyjylarynyň" , "Deňiz ýolbarslarynyň", "Professor Kreýziň barlaghanasy" atly illýuzion attraksionyň we beýlekileriň artistleri çykyş etdiler. 

Sirkiň ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekde, şol sanda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, täze başarjaňlary höweslendirmekde, ýaşlaryň döredijilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmekde hem orny örän uludyr, sebäbi ol beýleki islendik sungat ýaly özboluşlydyr, şonuň üçin hem beden güýjüniň we adam ruhunyň güýjüniň birligini beýan edip, adamlary kämilleşdirmäge hyzmat edýär. Sirk döredijilik üçin täze gözýetimleri açmak bilen, halkyň hakyky gymmatlyklaryny gaýtadan dikeltmegiň maksatlaryna hyzmat edýär we şol bir wagtyň özünde dünýäniň medeni mirasynyň gazanan üstünliklerine goşant goşýar. 

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň goldaw bermeginde guralan "Rosgossirkiň" çykyşlary iki dostlukly halklaryň medeni gatnaşyklarynyň taryhynda ajaýyp sahypa bolar. 

Türkmen paýtagtynda Russiýanyň sirk sungatynyň ussatlarynyň döretjek ajaýyp döredijilik baýramçygy geljek ýylyň 18-nji ýanwaryna çenli dowam eder.
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2637

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder