22 Aralık 2014 Pazartesi

Putin Kimi Moskwa çagyrdy.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Ýongu 9-njy maý Ýeňiş baýramynyň 70 ýyllygy mynasibetli geçiriljek çärelere gatnaşmak üçin Moskwa çagyrdy.
Kreml çakylyk hakynda berlen habarlary tassyklady.
Çakylygyň iki ýurduň arasynda ýakyndan gatnaşyk edilmegini maksat edinýändigi nygtaldy.
Kremliň metbugat geňeşçisi Dimitri Peskow Britaniýada çap edilýän Guardian gazetine beren beýanatynda “Demirgazyk Koreýanyň liderine resmi taýdan çakylyk ugradyldy” diýdi.
Demirgazyk Koreýanyň hökümeti tarapyndan mesele barada hiç hili beýanat berilmedi.
Wladimir Putiniň çakylygyna oňyn jogap berlen halatynda 2011-nji ýylda kakasynyň ýogalmagyndan soň Demirgazyk Koreýanyň lideri wezipesini öz üstüne alan Kim ilkinji daşary ýurt saparyny Russiýa gurar.
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2618

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder