18 Aralık 2014 Perşembe

Prezidentimiz täze taslamalar bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan we şäher düzüminiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde paýtagtymyzy ösdürmegiň täze taslamalary bilen tanyşdy. 

Mälim bolşy ýaly, bu meseleler Aşgabady ösdürmegiň täzeçillik ugrunyň başyny başlaýjy döwlet Baştutanymyzyň mydama üns merkezinde durýar. Şeýle aladalar netijesinde ak mermerli Aşgabadymyz sebitiň we dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri hökmünde ykrar edildi. Paýtagtymyzy ösdürmegiň esasy ugurlary adamlaryň amatly ýaşaýyş we durmuş şertlerini kemala getirmekden, bu ulgamda öňdebaryjy tehnologiýalary we döwrebap işläp taýýarlamalary ulanmak arkaly oňaýly şäher gurşawyny döretmekden ybaratdyr. Paýtagtymyzda bina edilen birnäçe ajaýyp desgalaryň, Aşgabadyň şeýle hem dünýäde ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi edil aşgabatlylar ýaly, tutuş ýurdumyzyň ilatynyň guwanjyny goşalandyrdy. 

Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň öň hatarynda bolmak bilen, Aşgabadyň keşbi gözümiziň alnynda özgerýär we giň möçberli gurluşyklary bilen haýran galdyrýar. Soňky ýyllarda paýtagtymyzyň binagärlik toplumyna özboluşly desgalaryň birgideni goşuldy. Olar hormatly Prezidentimiziň durmuş ulgamyny ugur edinýän oňyn syýasatynyň özenini düzmek bilen, täze taryhy eýýamyň baş nyşanlaryna öwrüldi. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlynyň 23 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda paýtagtymyzy ösdürmegiň 12-nji nobatdakysynyň çäklerinde bina edilen iri desgalaryň toplumy gurlup ulanmaga berildi. Olaryň hatarynda ähli amatlyklary özünde jemleýän 14 gatly belent ýaşaýyş jaýlary bar. Olarda ýurdumyzyň dürli pudaklarynyň işgärleriniň maşgalalarynyň 1072-si jaý toýlaryny toýladylar. Häzirki döwürde paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky tapgyrlarynyň taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça işler batly depginlerde alnyp barylýar. 

Şunda adamlaryň abadan we bagtyýar durmuşy üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň Türkmenistanyň ähli sebitlerinde, şäherlerinde we obalarynda durmuşa geçirilýändigini bellemeli. 

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň günorta künjeginde ýerleşýän “Aşgabat” myhmanhanasyna geldi. Bu ýerde täze edara ediş-işewürlik we we medeni merkezi kemala gelýär. 



Myhmanhananyň ýanynda milli Liderimizi ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi garşyladylar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, ýurdumyzyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň taýýarlan taslamalary bilen tanyşdy. Onda şäheri ösdürmegiň geljekki ugurlary aýdyň görünýär. 

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Aşgabady ösdürmegiň nobatdaky 15-nji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň baş meýilnamasy we taslamalary görkezildi. Onuň çäklerinde jemi 1544 öýi bolan ýaşýayş jaýlarynyň şol sanda 2 gatly kottež jaýlarynyň 200-si gurlar. Şeýlelikde, paýtagtymyzda ýene-de bir iri ýaşaýyş toplumy emele geler. Ol ähli ölçegler boýunça häzirkizaman ülňülerine doly laýyk derejede bina ediler. Mundan başga-da, bu ýerde durmuş ulgamyna degişli beýleki desgalaryň, şol sanda 160 orunlyk çagalar bagynyň, 600 okuwçy orunlyk umumybilim berýän mekdebiň, şeýle hem 2 sany seýilgähiň gurluşygy meýilleşdirilýär. 

Taslamalar bilen tanyşdyrylyşyň barşynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýew milli Liderimiziň garamagyna 2 we 4 gatly kottež jaýlarynyň taslamalaryny hödürledi. Olarda desgalaryň binagärlik keşbi, içki bezeg aýratynlyklary, ulanylmagy meýilleşdirilýän örtük serişdeleri, hususan-da, ýokary tehnologiýaly täze görnüşli hem-de berkligi bilen tapawutlanýan örtük serişdeleri görkezilýär. 

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl hormatly Prezidentimiz öýleri satyn almak ýa-da şahsy taslama boýunça ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin uzak möhletleýin ýeňillikli karz serişdelerini bermegiň düzgünlerini ýeňilleşdirilmegi göz öňünde tutýan Karara gol çekdi. Ýörite işlenip taýýarlanylan maksatnama laýyklykda döwlet Baştutanymyzyň halkymyzyň abadançylygy we olaryň durmuş derejesiniň ýokarlanmagy hakynde edýän aladasynyň aýdyň subutnamasyna öwrülen bu resminamadan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. 

Halkymyzyň ýaşaýyş şertleriniň gowulandyrylmagy, durmuş düzüminiň yzygiderli kämilleşdirilmegi milli Liderimiziň hemişelik üns merkezinde durýar. Ýurdumyzyň llatyna berilýän ýeňillikli karz serişdeleri şäherleriň we obalaryň ilaty üçin amatly ýaşaýyş jaýlarynyň elýeterli bolmagyny üpjün etdi. Aşgabatda ýaşaýyş jaýlarynyň giň möçberde gurulamagy netijesinde häzirki döwürde ähli amatlyklary özünde jemleýän belent ýaşaýyş jaýlaryna müňlerçe maşgalalar göçüp geldi. Öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin,döwlet Baştutanymyzyň çözgüdine laýyklykda, ýokary amatlyklary bolan we otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan belent jaýlar bilen bir hatarda kottež görnüşli jaýlarynyň gurluşygyna hem giň gerim berildi. Munuň özi ilatymyzyň oňaýly we özi üçin amatly, şeýle hem häzirkizaman talaplaryna we şahsy isleglere laýyk gelýän jaýlary edinmäge bolan mümkinçiliklerini has-da artdyrdy. 

Şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerinde häzirki döwrüň ruhuna laýyk gelýän täze obalaryň gurlyşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň döredijilikli we öňden görüjilikli döwlet ösüş strategiýasynyň anyk netijeleridir. Onuň esasynda bolsa halkymyzyň, her bir maşgalanyň we her bir raýatyň abadançylygyny, bagtyýarlygyny ugur edinýän ýörelgeler bar. 

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew döwlet Baştutanymyzy ýokary amatlyklary bolan 12 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalary bilen tanyşdyrdy. 

Görkezilen taslamalara birnäçe anyk tabşyryklary aýdyp we düzedişleri girizip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow her bir desganyň bezeg aýratynlyklaryna örän oýlanyşykly çemeleşilmelidigini belledi we olaryň binalaryň ähmiýetine laýyk gelmelidigini aýtdy. 



Binalaryň gurluşynda ýerli tebigy aýratynlyklaryň we şertleriň göz öňünde tutulmagynyň zerurdygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz olaryň ähli ugurdaş düzümlerini ylmy esasda öwrenmek boýunça degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. 

Kottež jaýlarynyň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine, beýik ýaşaýyş jaýlary bolsa ýurdumyzyň Gurluşyk we binagärlik ministrligine tabşyrmak bilen, hormatly Prezidentimiz täze jaýlarda amatly ýaşaýyş üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini belledi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy ösdürmegiň 13-nji we 14-nji tapgyrlarynda gurulmagy göz öňünde tutulýan desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. 

Paýtagtymyzy ösdürmegiň 13-nji nobatdakysynda ýokary amatlyklary bolan ak mermerli belent ýaşaýyş jaýlaryň we ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň buýurmalary boýunça dürli maksatly desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Olaryň hatarynda ýaşayş jaýlary, her biri 160 orunlyk çagalar baglarynyň ikisi, her bir 600 orunlyk orta mekdepleriň 2-si, halkara ölçeglerine laýyk gelýän ýokary hilli lukmançylyk hyzmatyny hödürleýän Saglyk öýi bar. 

Aşgabady ösdürmegiň 13-nji nobatdakysynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine möhüm orun degişlidir. Häzirki döwürde ýurdumyzyň işewür düzümleriniň wekilleri ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar we Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýarlar. 

Şeýle hem bu ýerde hormatly Prezidentimiziň garamagyna paýtagtymyzy ösdürmegiň 14-nji nobatdakysynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taslamalary görkezildi. 

Söwda we hyzmatlar ulgamyna degişli, hususan-da, A.Nowaýy we Oguzhan köçeleriniň ugrunda guruljak söwda we hyzmat merkezleriniň taslamalary görkezildi. Şunuň bilen bir hatarda, milli Liderimiziň garamagyna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Rysgal” bankynyň, işewürlik we söwda merkeziniň, 8 gatly ýaşaýyş toplumynyň, “Täjir” kottežler toplumynda bejeriji ähmiýeti bolan mineral suwlar peýdalanyljak sagaldyş merkeziniň taslamalary hödürlenildi. 

Görkezilen taslamalara birnäçe bellikleri aýdyp, döwlet Baştutanymyz olary umuman oňlady. Şunda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk işlerine öňdebaryjy binagärlik tejribeleriniň we kämil ýörelgeleriniň işjeň çekilmeginiň, şeýle hem gurluşyk işlerinde ýokary hiliň üpjün edilişine we olaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagyna gözegçilik etmegiň zerurdygyny belledi. 

Mundan başga-da, bu ýerde Ahal welaýatynda bezeg daşlarynyň we serişdeleriniň önümçiligi boýunça täze sehiň, bazalt zawodynyň, taslamalary görkezildi. 

Bu taslamalary oňlap, döwlet Baştutanymyz esasan ýerli serişdeler bilen işleýän täze önümçiligiň döredilmeginiň, esasan-da. Lebap welaýatynda ýerleşýän gips ýataklarynyň binýadynda täze zawodyň gurluşygynyň mümkinçiliklerini öwrenmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi. 

Binalaryň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylanda, seýilgäh zolaklary gurlanda ulanylýan serişdeleryň, özboluşly oturgyçlaryň, gök zolaklary döretmekde ulanylýan beýleki serişdeleriň birnäçe görnüşleri görkezildi. Olary milli Liderimiziň garamagyna Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministri hödürledi. 

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyklarda ýokary hilli we döwrüň ýokary talaplaryna laýyk gelýän häzirkizaman gurluşyk hem-de bezeg serişdeleriniň ulanylmalydygyny, olaryň ekologiýa we gözellik babatda aýratyn netijeli bolmalydygyny nygtady. 

Bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, desgalaryň we binalaryň daşky we içki bezeg aýratynlyklarynyň meselelerine toplumlaýyn çemeleşilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz olaryň keşbinde milli binagärlik ýörelgeleriniň we häzirkizaman ösen tejribeleriniň sazlaşykly utgaşmalydygyny belledi. Şunda, hormatly Prezidentimiz taslamalar ýerine ýetirilende degişli gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we olaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagynyň döwrüň möhüm talabydygyny aýtdy. 

Paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky tapgyrlarynyň taslamalaryny durmuşa geçirmegiň möhüm wezipeleriniň üstünde durup geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz ilatyň ýokary durmuş derejesiniň üpjün edilmegini nazarlaýan ýaşaýyş jaýlaryň gurluşygynyň meýilnamalary ýerine ýetirilende onda zerur bolan durmuş, tehniki- ulag we aragatnaşyk düzümleriniň döredilmegine örän oýlanyşykly çemeleşilmelidigini tabşyrdy. 

Soňra milli Liderimiz myhmanhananyň 15-nji gatyndan ak mermerli Aşgabadyň we köpsanly gurluşyklaryň keşbini synlady. Paýtagtymyzyň ähli düzümlerini mundan beýläk-de toplumlaýyn ösdürmek bilen baglanyşykly meýilnamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegine degişli meselelere ünsi çekmek bilen, döwlet Baştutanymyz ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna, gök zolaklaryň, seýilgähleriň, şeýle hem bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin şertleriň döredilmegine aýratyn ähmýet bermelidigini nygtady we bu babatda wise-premýer Ş.Durdylyýewe, Aşgabat şäherniň häkimi R.Nurmämmedowa birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz täze işläp taýýarlamalary we uzakmöhletleýin hasaplamalary işjeň ornaşdyrmagyň, gözellik bilen amatly şertleriň utgaşygyny döretmegiň, adamlar üçin amatly durmuş derejesini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Munuň özi paýtagtymyzda we ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde, obalarynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmekde esasy ýörelgä öwrülmelidir. 

Hormatly Prezidetimiz bu ýere ýygnananlara işlerinde hem-de öňde durýan möhüm we jogapkärli wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikler arzuw edip, bu ýerden ugrady.
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2606

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder