18 Aralık 2014 Perşembe

Futbol oýunlaryndan hokkeý ýaryşlaryna çenli.

Gyş aýlary sportuň oýun görnüşleri bilen meşgullanýanlar üçin möwsümara döwür bolup, onuň barşynda türgenler täze möwsümiň öňüsyrasynda güýç toplaýarlar. Emma olaryň hemmesi däl, mysal üçin, türkmen futbolçylarynyň gyşky dynç alyş günlerine giden wagty hokkeýçileriň gyzgalaňly döwri başlanýar. Häzir olar ýurdumyzyň 2014-2015-nji ýyllaryň çempionatyna işjeň taýýarlyk görýär. Bu çempionat ýakyn günlerde Aşgabatdaky Sportuň gyşky oýunlar toplumynda badalga alar. 

Şu ýyl futbol boýunça ýurdumyzyň çempiony diýen derejä Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň “Altyn asyr” topary eýe boldy. 2008-nji ýylda döredilen topar bu derejä ýetmek üçin alty ýylyň dowamynda bäsleşmeli boldy. Şeýle ýokary netijäni gazanmakda hünärmenleriň pikirine görä, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojagulyýewiň uly goşandy bardyr. Ol bu topara şu ýylyň başynda, futbol boýunça milli çempionatyň başlanmagynyň öňisyrasynda ýolbaşçylyk edip başlady. “Altyn asyryň” tälimçisi bolsa öz gezeginde ýurdumyzyň çempionatynda gazanylan ýeňşiň köp babatda toparyň futbolçylarynyň hyzmatydygyny, olaryň her bir oýny ussatlyk bilen geçirmeginiň netijesidigini belleýär. 

Türkmenistanyň çempionatyň jemleýji görkezijileri hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Olardan görnüşi ýaly, Aragatnaşyk ministrliginiň futbol topary 36 duşuşykda 29 ýeňiş gazandy, 5 gezek deňme-deň oýnady we bary-ýogy 2 oýunda utuldy. Çempionlyk derejesine tarap ýolda topar bäsdeşleriniň derwezesine 90-dan gowrak pökgini saldy we bäsdeşlere bary-ýogy 25 gezek “Altyn asyryň” derwezesine pökgi salmak başartdy. Başgaça aýdanyňda, geljekki çempion her goýberen pökgüsine 4 pökgi bilen jogap bermegi başardy. “Altyn asyryň” futbolçylarynyň üçüsiniň ýurdumyzyň çempionatynyň iň gowy oýunçylarynyň sanawyna girmegi hem tötänden däldir. 

Şeýle ýokary netijäni gazanmak üçin ähli görkezijiler boýunça köp zat zerurdyr: her bir oýna taýýarlygyň usulyny dogry guramak we ilkinji nobatda has jogapkäli oýunlara dogry taýýarlamak; oýnuň umumy strategiýasyny we her bir oýunçynyň takyktiki wezipesini takyk kesgitlemek; utgaşdyrmak we zerur bolan halatynda toparyň hereketine üýtgetmeleri dessin girizmek; bäsdeşiňe baglylykda her bir oýun üçin toparyň düzümini dogry düzmek; çylşyrymly ýagdaýlarda oýunçylaryň psihologik durnuklylygyny işläp taýýarlamak; her bir oýunda we her bir çempionatda futbolçylary ýokary netijeleri gazanmaga ruhlandyrmak zerur bolup durýar. Bu bolsa baş tälimçiniň hyzmaty bolup durýar. Şowsuzlyk ýagdaýynda hem jogapkärçilik ýüki baş tälimçiniň üstüne düşýär. 

“Altyn asyr” toparyna ýolbaşçylyk edip başlamak bilen, Ý.Hojageldiýew, ilkinji nobatda toparyň düzümini täzeläp, oňa tejribeli oýunçylary çagyrdy. Şol oýunçylaryň hatarynda bolsa Türkmenistanyň çempionatlarynyň altysynda iň köp pökgi geçiren Berdi Şamyradow, derwezeban Rahman Alihanow, toparyň kapitany Ahmet Ataýew (üçüsi hem HTTU futbol toparyndan), Bahtiýar Hojaahmedow (“Balkan”, Balkan welaýaty) we beýlekiler bar. Tälimçi oýunçylaryň 70 göterimine golaýyny çalyşdy, bu bolsa oňa toparyň oýnuny ýagdaýyň talap edişine görä guramaga mümkinçilik berdi. 

Geçmişde futbolçy bolan, oňat sport mekdebini geçen, häzirki çempionlaryň baş tälimçisi öz şägirtlerinden ozaly bilen oýun düzgün-nyzamyny talap edýär. Beýleki futbolçylar bilen özara gatnaşykda öňde goýlan wezipeleri meýdana takyk ýerine ýetirmegi, özüne we ýolbaşlaryna talap bildirmegi, möwsümiň dowamynda oňat sport görnüşi saklamagy talap edýär. Muny bolsa topar gazanmagy başardy. Birbada bolmasa-da, oýunçylaryň hemmesi meýdanda we durmuşda düşünişmegi gazandylar. Hut şunuň özi Ý.Hojageldiýewiň pikirine görä, şu möwsümde “Altyn asyryň” ajaýyp ýeňişleriniň esasy bolup hyzmat etdi. 

Bularyň hemmesi jogapkärçilik, erk-isleg we öz işiňe bolan höwes ýaly häsiýetler bilen bilelikde topary hem-de onuň baş tälimçisini çempionlaryň arzyly medallaryny gazanmaga ýetirdi. “Altyn asyryň” tälimçisi Aragatnaşyk ministrliginiň toparyna gelmezden öň birnäçe ýylyň dowamynda Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň toparynyň ýolbaşçylyk etdi. Bu topar onuň ýolbaşçylygynda ýokary milli liganyň üç gezek ýeňijisi bolup, şonça gezek hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda Halkara ýaryşyň baş baýragyny gazandy. 

Ýurdumyzyň şu ýylky çempionatynda “Altyn asyr” toparynyň esasy bäsdeşiniň “Ahal” topary bolandygyny bellemelidiris. Hut şolar bilen aşgabatlylar ýeňijini kesgitlän soňky aýgytlaýjy oýunda duşuşdylar. Ol ýurdumyzyň futbol ägirtleriniň ýaryşy boldy. 

Paýtagtly futbolçulara altyn medallary almak üçin deňme-deň oýnamak hem ýeterlikdi, emma olar goranyşda oýnaman, duşuşygyň ilkinji pursadyndan hüjüme geçdiler. Şonda-da, “Ahalyň” derwezesine pökgini geçirmek başartmaýardy. Olaryň derwezeçisi örän ynamly hereket edýär. Derwezeçiniň hem ýetişmedik ýagdaýynda urgy derwezäniň sütünine degip yzyna gaýdýardy. Netijede duşuşyk deňme-deň tamamlandy we “Altyn asyr” ýeňiji boldy. 

Indiki ýylyň futbol möwsüminiň başynda ýurdumyzyň Aragatnaşyk ministrliginiň topary we 2014-nji ýylda ýurdumyzyň Kubogyna eýe bolan “Ahal” topary iň güýçli milli topar diýen ady almak ugrunda: Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrunda özara güýç synanyşarlar. 

Ozal hem belleýşimiz ýaly, gyş möwsümi sportuň oýun görnüşleriniň köpüsi üçin möwsümara dynç alyş wagty bolup durýar. Emma şol döwürde ähli oýunçylar dynç almaýar. Mysal üçin, şol döwür hokkeýçiler üçin gyzgalaňly döwür bolup durýar. 

Ýurdumyzyň hokkeý boýunça nobatdaky çempionaty hasap boýunça ikinjidir. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň “Galkan” toparynyň ýeňiş gazanan geçen umumymilli ýaryşy sportuň bu görnüşiniň örän meşhurdygyny aýdyň görkezdi, munuň şeýlidigine her oýunda sport toplumynyň münberlerini doldurýan tomaşaçylar hem aýdyň şaýatlyk edýär. 

2014-2015—nji ýyllaryň çempionaty ýurdumyzyň hokkeý toparlary üçin her ýylyň fewral aýynda geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky hokkeý boýunça Halkara ýaryşyna gatnaşmagyň möhüm tapgyr bolup durýar. Türkmen hokkeýçileriniň köpüsi ýakynda Belarusuň belli “Ratomka” sport toplumynda halkara okuw türgenleşiklerine gatnaşdylar. 

Iki hepdäniň dowamynda biziň ildeşlerimiz Belarusuň at gazanan tälimçileri S.Begulewskiniň we W.Trofimowyň ýolbaşçylygynda türgenleşdiler. 

Ýurdumyzyň “Şir”, “Galkan” we “Oguzhan” toparlaryna wekilçilik edýän türkmen türgenleri okuw türgenleşiklerinde alan tälimlerini we toplan tejribesini Belarusyň esasy toparlary bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşyklarynda synap gördüler. Şol duşuşyklaryň birinde biziň hokkeýçilerimiz Belarusuň çempiony - Minskiniň “Dinamo” topary bilen güýç synanyşdylar. Türkmenistanyň ýygyndy topary özleriniň meşhur bäsdeşleri bilen mynasyp güýç synanyşmagy başardy we diňe oýnuň soňky pursatlarynda belarus hokkeýçileri 3:2 hasabynda üstün çykmagy başardylar. 

Şeýle hem biziň ildeşlerimiz Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň baýragy ugrunda Minskide her ýyl geçirilýän “Altyn şaýba” däp bolan halkara ýaryşlarynyň ýeňijisi “Partizan” topary bilen bäsleşdiler. Geçen ýyl biziň türgenlerimiz bu topar bilen Aşgabadyň gyşky görnüşler sport toplumynda duşuşypdylar. Şol ýoldaşlyk duşuşygynda “Partizan” 2:7 hasabynda utulypdy. Miniskide oýun geçirmek bilen bu gezek hem türkmen hokkeýçileri artykmaçlygyny görkezip, 12:3 hasabynda ýeňmegi başardylar. 

Türkmenistanyň çempionatynyň başlanmagyna galan wagtyň dowamynda biziň hokkeý toparlarynyň öz aralarynda ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirýärler. Öňde boljak milli birinjilige sekiz toparyň gatnaşmagyna garaşylýar. Olaryň iň güýçlüleriniň dördüsi Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşa gatnaşar.
http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2608

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder