31 Aralık 2014 Çarşamba

Täze ýyl 2015.

Täze ýyl 2015.

http://www.turkmenhabargullugy.com/gallery_photo.php?pg_id=655

TÄZE ÝYLYŇYZ GUTLY BOLSUN.

TÄZE ÝYLYŇYZ GUTLY BOLSUN.



2015 ýyly ilkinji bolup Täze Zelanda garşy aldy.

2015 ýyly ilkinji bolup Täze Zelanda garşy aldy.

Wideony seretmek üçin aşaky Linke basyň!

http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2650



2014-nji ýylyň Maliýe-ykdysady ulgamy.

Türkmenistan taryhy nukdaýnazardan gysga döwrüň – Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde ykdysadyýeti çalt depginler bilen ösýän ýurtlaryň hataryna girdi we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda täze döwürde saýlap alan döredijilik we rowaçlyk ýoly bilen öňe tarap ynamly gadam urmagyny dowam edýär. Milli Liderimiziň syýasatynyň esasynda we tutuş alanyňda döwlet özgertmeleriniň baş ugrunyň esasynda ylmy çemeleşme, hojalygy sowatly dolandyrmak we strategik meýilleşdirmek ýaly esasy şertler durýar. Olar Türkmenistanyň ägirt uly ykdysady kuwwatyny doly we hemmetaraplaýyn amala aşyrmaga ýardam edýär. 

Döwlet Baştutanymyzyň uzakmöhletleýin geljegi nazarlaýan durmuş-ykdysady strategiýasy bilen bir hatarda, häzir ýurdumyzda ähli pudaklary ösdürmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda” ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň pudaklaýyn düzümini eksport ugurly, şeýle hem daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutýan, täze önümçilikleri döretmek, ösüşi senagat-innowasion ugra geçirmek, ilatyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak ýaly diwersifikasiýalaşdyrmak ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlendi. 

Geçen döwürde her bir ulgamyň –durmuş üpjünçiligi, ylym we bilim, saglygy goraýyş, ulag we aragatnaşyk, medeniýet, kanunçykaryjylyk, maliýe, oba hojalygy, ýangyç-energetika toplumy, gurluşyk senagaty ulgamlarynyň öňünde möhüm wezipeler goýuldy. Olaryň many-mazmuny täze özgertmeleri geçirmekde, döwlet maksatnamalarynyň we taslamalarynyň esasynda işleri täzeden guramakda, iş netijeliligini ýokarlandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde, mähriban halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen täze belent sepgitlere ýetmekde jemlenýär. Milli we döwlet maksatnamalarda bellenilen ilkinji nobatdaky wezipeleriň çözülmegi önümçiligiň ýokary düşewüntliligini gazanmaga, ýurdumyzyň sarp edijileriniň isleg bildirýän we dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleriniň möçberlerini durnukly artdyrmaga gönükdirilendir. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işläp taýýarlan, ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmagy, diwersifikasiýalaşdyrmagy we erkinleşdirmegi, şeýle hem erkin bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmegiň şertlerinde bazar alamatlaryny we döwlet kadalaşdyrmasyny sazlaşykly we netijeli utgaşdyrmagy göz öňünde tutýan ösüş konsepsiýasy halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň durnukly we sazlaşykly ösmegini üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Pul-kraz, walýuta, maliýe we salgyt – býujet ulgamlaryny kämilleşdirmek maksadynda türkmen döwletiniň Baştutanynyň başlangyjy bilen görülýän toplumlaýyn çäreler hem uly ähmiýete eýedir. Olar ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösdürmek üçin mäkäm binýat bolup hyzmat edýär. 

Halk hojalyk toplumy boýunça makroykdysady görkezijiler munuň subutnamasy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, içerki bazaryň çalt ösmeginiň we eksport önümlerine bolan islegiň artmagy Türkmenistanyň ykdysady taýdan ösmegine goldaw berýändigini bellemek gerek. 2014-nji ýylyň dowamynda jemi içerki önümiň ösüşi ortaça 10 göterimden gowrak derejede saklandy. Bu görkezijiniň durnukly ösmegi ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda—senagat, gurluşyk, ulag, aragatnaşyk we söwda pudaklarynda içerki goşulan bahanyň ýokarlanmagy bilen şertlendirilendir. Şunuň bilen bir hatarda, senagat önümleriniň öndürilýän möçberleriniň, daşary söwda dolanyşygynyň, durmuş ulgamyna gönükdirilýän maýa goýumlarynyň artmagy göze ilýär, harytlaryň we hyzmatlaryň içerki bazarynda bahalaryň durnukly bolmagy saklanýar. 

2014-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň işjeň maýa goýum syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetine gönükdirilen maýa goýumlarynyň sazlaşykly ösüş depginleri gazanyldy. 2014-nji ýylyň 11 aýynda esasy maýa gönükdirilýän serişdeleriň möçberi 2013-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 6,7 göterim ýokarlandy we ýurdumyzyň jemi içerki önümine düýpli maýa goýumlarynyň deňeçerligi 44 göterime deň boldy, munuň özi döwlet Baştutanymyzyň işläp taýýarlan milli maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. 

Geçen ýyl ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygyny artdyrmakda üstünlikler gazanyldy. Ol 3,6 göterim ýokarlandy. Şonda eksportuň ösüş depginleri üpjün edildi. Netijede, daşary söwda dolanyşygynyň oňyn aratapawudy ep-esli berkidilýär. 

26-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçip barýan ýyl üçin edilen işleriň netijelerini häsiýetlendirip, häzirki döwürde dünýä ykdysadyýeti haýallyk bilen bolsa-da, maliýe-ykdysady çökgünlik ýagdaýyndan çykýar diýip belledi. Ýurdumyzyň ykdysadyýeti hem dünýä ykdysadyýetiniň bir bölegi bolup durýar. Şoňa görä-de, dünýäde bolup geçýän hadysalar ýurdumyzyň ykdysadyýetine hem gönüden-göni öz täsirini ýetirýär. Bu bolsa, bizi bolup geçýän özgertmeler bilen bagly çalt we netijeli çözgütleri tapmaga borçly edýär, şunuň bilen baglylykda, biz bellenilen maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmak hem-de halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin zerur bolan ähli çäreleri görýäris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. 

Mälim bolşy ýaly, sowatly ykdysady kadalaşdyrmanyň amala aşyrylmagy köp babatda netijeli býujet ulgamyna bagly bolup, onuň dogry guralmagy ykdysady ösüşe we durmuş ulgamynyň berkidilmegine, ylmy-tehniki ösüşiň depginleriniň ýokarlanmagyna uly täsirini ýetirýär. Şunuň bilen baglylykda, degişli maddalar boýunça döwlet býujetini düzmek, kabul etmek we bölmek döwletiň syýasatynda esasy orny eýeleýär. Olar bellenilen serişdeleriň nirä we nähili sarp ediljekdigini kesgitleýär. Bu işde degişli hukuk kadalarynyň maliýe gatnaşyklary babatda kesgitlenmegine we ulanylmagyna aýratyn üns berilýär. Bu bolsa maliýe serişdelerini netijeli dolandyrmaga, ykdysady bähbitleri goramaga mümkinçilik berýär hem-de berk maliýe düzgün-nyzamyny üpjün edýär. 

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň martynda kabul edilen “Türkmenistanyň Býujet kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda” Türkmenistanň Kanunynyň ähmiýetini bellemek gerek. Bu kanunçylyk namasynda býujet ulgamynyň esaslary, onuň düzümi, ýörelgeleri, hukuk gatnaşyklary, býujet ygtyýarlyklary, býujet işleri we býujetara gatnaşyklary, döwlet karzlarynyň esaslary, býujet hasabaty we hasabatlylygy, býujetiň ýerine ýetirilişine gözegçilik we býujet kanunçylygynyň bozulmagy üçin jogapkärçilik kesgitlenendir. Kodeksde býujetleri çaklamak, ýerine ýetirmek usullary we ençeme beýleki kadalar kämilleşdirildi. Olar özüni tassyklan halkara tejribesine laýyk gelýär. 

Býujet kodeksiniň täzelikleriniň arasynda üç ýyllyk döwür üçin býujeti döretmek hakynda düzgüni, şeýle hem Türkmenistanyň has kämilleşdirilen býujet klassifikasiýasynyň girizilmegini bellemek gerek. Ol orta möhletleýin meýilleşdirmegiň, býujetleşdirmegiň maksatlaýyn usulyna we buhgalter hasabatynyň we maliýe hasabatlylygynyň milli ülňülerine laýyk gelýär. Täze ulgamyň ornaşdyrylmagy býujet serişdelerini döretmek we sarp etmek işiniň aýdyňlygyny üpjün etmäge mümkinçilik berer. Býujet işinde esasy orun döwlet býujetiniň döredilmegine degişli edilýär. Ol ähli edaralaryň, döwlet gulluklarynyň, hökümet maksatnamalarynyň maliýe smetalarynyň jemi bolup durýar. 

Köp ugurly ykdysadyýeti döretmek, senagatyň gaýtadan işleýän pudaklaryny ösdürmek, kiçi we orta telekeçiligi goldamak we höweslendirmek maksadynda görülýän anyk çäreler ýurdumyzyň esasy maliýe meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegine oňyn täsirini ýetirýär. Soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ep-esli profisit bilen ýerine ýetirilýändigi munuň aýdyň mysaly bolup durýar. 

Tamamlanýan ýylda deslapky baha berilmegine görä, döwlet býujetiniň girdeji bölegi 15 göterimden gowrak artygy bilen ýerine ýetiriler. Döwlet býujetiniň profisiti ykdysadyýetiň önümçilik, şeýle hem durmuş ulgamlarynyň möhüm desgalaryny maliýeleşdirmek üçin ýurdumyzyň Durnuklaşdyryş gaznasyna gönükdirilýär. 

Durmuş ulgamy ýurdumyzyň içerki syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwlet tutuş jemgyýetiň bähbidine bazar ykdysadyýetiniň durmuş ugurlylygynyň kepili bolup çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen giň gerimli durmuş syýasatynyň işlenip taýýarlanylmagy we amala aşyrylmagy munuň subutnamasy bolup durýar. Ol ägirt uly maliýe serişdeleriniň bölünip berilmegine, durnukly kanunçylyk binýadyna, durmuş maksatnamalaryny amala aşyrýan edaralaryň giň ulgamyna esaslanýar. Her ýyl döwlet býujetiniň 70 göterimden gowragynyň durmuş ulgamyny ösdürmäge gönükdirilýändigini aýdyň mysal hökmünde görkezmek bolar. 

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, ilatyň giň gatlaklarynyň durmuş derejesini üpjün etmek, türkmenistanlylaryň durmuşyny amatly şertler bilen üpjün etmek üçin döwletiň kabul edýän we amala aşyrýan çäreleriniň toplumy hakynda aýtmak möhümdir. Üstünlikli amala aşyrylýan “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň” çäklerinde girdejiler düzüminde toplaýyş we sarp ediş deňeşdirmesinde amatly ölçegleri ösen ýurtlaryň derejesine ýetirmek bilen gazanmak boýunça anyk çäreleriň görülýändigini bellemek gerek. Gürrüň, hususan-da, ilatyň girdejileriniň artmagy hakynda barýar. Ol aýlyk iş hakynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň yzygiderli ýokarlanmagy bilen üpjün edilýär. 

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň iýulynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleri üstünlikli çözmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini we durmuş goraglylygyny has-da ýokarlandyrmak maksadynda 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň aýlyk hakyny, şeýle hem pensiýalary, döwlet kömek pullaryny, talyplaryň we diňleýjileriň haklaryny ýokarlandyrmak hakynda Permana gol çekilendigini bellemek gerek. 

Ilaty durmuş taýdan goldamak boýunça çäreleriň hatarynda dünýä tejribesinde deňi-taýy bolmadyk ýeňillikler bolup, olaryň içinde gazdan, suwdan we duzdan mugt peýdalanmak, elektrik energiýany ýeňillikli şertlerde bermek, jemagat we ulag hyzmatlary, un we çörek önümleri üçin ujypsyz töleg ýaly ýeňillikler bar. Elbetde, bu ýagdaýlar halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen we “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda öz beýanyny tapan strategiýanyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň aýdyň subutnamasy bolup hyzmat edýär. 

Milli ykdysadyýetimiziň esasyny düzýän ygtybarly bank ulgamyny kemala getirmek türkmen döwletiniň syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ulgamyň durnukly işlemegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyny we onuň çalt ösmegini, dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulmagy üçin kesgitleýji ähmiýete eýedir. 

2014-nji ýylyň dowamynda “2011-2030-njy ýyllar üçin bank ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasyna” laýyklykda, bank kartoçkalary arkaly nagt däl tölegleriň möçberini artdyrmak, orta we kiçi telekeçiligi karzlaşdyrmagy ösdürmek, ippoteka karzlaşdyrmagy giňeltmek, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak, esasy halkara maliýe guramalary bilen netijeli gatnaşyklary berkitmek boýunça uly işler amala aşyryldy. 

Soňky ýyllarda milli walýuta – türkmen manady öz hümmetini ep-esli berkitdi. Manadyň daşary ýurt puluna bolan ýeke-täk resmi hümmetiniň girizilmegi bu işde esasy orny eýeläp, ol şeýle hem onuň satyn alyjylyk ukybyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Okgunly durmuş-ykdysady ösüşiň ýene bir ähmiýetli şertleriniň biri, ol hem milli pulumyzyň häzire çenli kesgitlenen hümmetiniň durnukly saklanmagy bolup durýar. Bu durnuklylyk bolsa manadyň satyn alyjylyk ukyby bilen daşary ýurt pullarynyň satyn alyjylyk ukybynyň arasyndaky üýtgewsiz gatnaşygyň, ýagny puluň hümmetiniň durnuklylygynyň gazanylan netijesidir. 

2014-nji ýylda berlen karz serişdeleriniň möçberi ep-esli artdy, olaryň agramly bölegini uzakmöhletleýin karzlar düzýär. Karzlaryň uly möçberiniň senagata we hususy ulgamy ösdürmäge gönükdirilýändigini bellemek gerek. 

Ýeri gelende bellesek, noýabrda milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 21 ýyllygy mynasybetli çäreler, şol sanda 1-2-nji noýabrda “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe pul-karz özgertmeleri, bäsdeşlige ukyplylyk we ykdysady ösüş” atly maslahat guraldy. Maslahata gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzümi dünýäniň esasy maliýe düzümleriniň ösüşinde ýokary görkezijileri gazanýan we uly ykdysady kuwwata eýe bolan ýurdumyza ägirt uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Olaryň hatarynda Halkara pul gaznasynyň, Bütindünýä bankynyň, Ýewropanyň ösüş we abatlaýyş bankynyň, Ýewropa komissiýasynyň, Türkiýe Respublikasynyň bank assosiasiýasynyň, “Doýçe bank AG-niň”, “De La Ru” we “Roýal Mind” belli kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri boldy. 

Şol maslahatda çykyş eden abraýly maliýe guramalarynyň wekilleri uzakmöhletleýin durnukly ösüşi üpjün etmek üçin makroykdysady dolandyryşy kämilleşdirmek, maliýe ulgamyny özgertmek we hususy ulgamyň işini giňeltmek maksadynda türkmen döwletiniň hökümeti tarapyndan görülýän çäreleriň netijelidigini belläp, şol işleriň netijesinde Türkmenistanyň jemi içerki önümiň ösüş depginleri boýunça dünýä liderleriniň hataryna girendigini nygtadylar. Halkara maliýe bilermenleriniň pikirine görä, soňky ýyllarda ýurdumyzyň ösüşiniň oňat makroykdysady görkezijileri amala aşyrylýan özgertmeleriň netijeliliginiň aýdyň mysaly bolup durýar. Geljek 2015-nji ýylda hünärmenleriň çaklamalaryna görä, şol makroykdysady görkeziji 11,5 göterime deň bolar. Bu görkezijiniň halkara pul gaznasynyň synynda görkezilen ýurtlaryň arasynda iň ýokary görkeziji bolup durýandygy bellärliklidir. 

Maslahata gatnaşan bilermenleriň köpüsiniň pikirine görä, serişdeler, senagat, zähmet we intellektual kuwwaty diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen türkmen ykdysadyýetini ösdürmegiň konsepsiýasynyň üstünligi ozaly bilen onuň takyk hasaplamalardan, dürli ýagdaýlaryň seljermesinden ugur almak bilen, mäkäm ylmy esasda işlenip taýýarlanmagynda jemlenýär. Oňyn netijeleri gazanmakda maliýe ulgamynyň ösüşini, döwletiň salgyt-býujet we nyrh syýasatyny düzgünleşdirýän kanunçylyk-hukuk binýady hem uly ähmiýete eýe bolup durýar. Ol döwrüň ýagdaýlaryna we halkara ülňülerine doly laýyk gelýär. 

Netijeli gatnaşyklar we hyzmatdaşlygyň netijeli ugurlaryny bilelikde gözläp tapmak, ozaly bilen ykdysady ulgamda gözläp tapmak Türkmenistanyň halkara giňişliginde gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar, şol sanda iri maliýe düzümleri bilen özara bähbitli gatnaşyklaryny ösdürmegiň esasy bolup durýar. Bu babatda geçip barýan ýylyň möhüm wakalarynyň birini – 2014-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Bütindünýä bankynyň Toparynyň arasynda bu abraýly maliýe guramasynyň we onuň işiniň biziň ýurdumyzda hemişelik wekilhanasyny açmak hakynda Ylalaşyga gol çekilendigini bellemek gerek. Bu waka hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady strategiýasynyň üstünliklere beslenmeginiň, şeýle hem Türkmenistanyň hem-de dünýäniň maliýe institutlarynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň netijeliliginiň nobatdaky mysalyna öwrüldi. 

Synymyzy dowam etmek bilen, Türkmenistanyň pul-karz syýasatynyň ileri tutulýan strategik ugurlaryny gazanmak üçin hümmetsizlenmäniň pes derejesini saklamak, maliýe hyzmatlaryny ösdürmek, pul dolanyşygynyň düzümini kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň görülýändigini bellemek gerek. Olar elektron tölegleri ulgamlaryny ornaşdyrmagyň we ösdürmegiň hasabyna nagt pullaryň paýyny tapgyrlaýyn kemeltmegi göz öňünde tutýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň başynda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň daşary ykdysady iş döwlet banky bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “MasterCart“ kompaniýasynyň arasynda Lisenzion ylalaşyga gol çekmäge ygtyýar bermek hakynda Buýruga gol çekendigini ýatlamak gerek. Bu çözgüdiň kabul edilmegi ýurdumyzyň bank ulgamynyň işini, töleg hasaplaşyklarynyň geçirilmegini has-da kämilleşdirmäge, şeýle hem biziň ýurdumyzda hyzmatlaryň halkara tejribesine laýyklykda MasterCart halkara töleg ulgamyny ornaşdyrmaga gönükdirilendir. 

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Daşary ykdysady döwlet banky VISA halkara ulgamynyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, kartlaryň birnäçe görnüşleri: “Visa Electron”, “Visa Classic”, “Visa Gold” we “Visa Business” kartlary boýunça hyzmatlary hödürleýär. Ilatyň girdejileriniň artýan wagtynda biziň ýurdumyzda elektron pullaryň meşhurlygy giňelýär we döwletimiz bu işi has-da höweslendirýär, degişli düzüm, onuň programma – tehniki üpjünçiligi döredilýär. Internet-söwda ulgamy ýola goýulýar. 

Elektron kartlaryň çykarylmagy dünýäniň bank hyzmatlar ulgamyna goşulmaga, bankyň işewürlik abraýyny artdyrmaga, giň bazara çykmaga, müşderileri çekmäge mümkinçilik berýär. Halkara kart ulgamyna gatnaşmak täze bank tehnologiýalaryna eýe bolmaga, dünýä möçberindäki hasaplaşyklary amala aşyrmak üçin ägirt uly düzümi peýdalanmaga mümkinçilik berýär. 

Türkmenistanlylaryň ençemesi eýýäm elektron “gapjyklaryň” we nagt däl hasaplaşyklaryň artykmaçlyklaryna baha berip ýetişdiler. Çünki döwlet edaralarynyň birnäçesinde aýlyk iş haklaryny plastik kartlaryna geçirmek usuly ornaşdyryldy. Plastik kartlaryny, şol sanda halkara görnüşlerini peýdalanmagyň artykmaçlyklary aýdyňdyr. Elektron pullaryny peýdalanmagyň bähbitleriniň umumy sanawyndan uly möçberdäki pullary ýitirmek töwekgelçiliklerini peseltmek, satyn alnan harydyň bahasyny tiz wagtda tölemek we puly çalyşmak mümkinçiligini görkezmek bolar. Ýene bir ähmiýetli tarapy, ol hem şahsy býujetiň ýeňilligi we gözegçilik oňaýlylygy bolup durýar. 

Türkmenistanda “MasterCart” plastik kartlaryny dolanyşyga girizmegiň ähmiýeti barada aýdylanda, nagt däl hasaplaşyklaryň möçberleriniň artmagy bilen bir hatarda, milli ykdysadyýetimiziň subýektleriniň maliýe serişdeleriniň gelip gowuşmagynyň artjakdygyny bellemek gerek. Bu bolsa bank ulgamynyň tölege ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder, şeýle hem pes göterimler boýunça karzlary bermek üçin şertleri döreder. Degişli ugurda ýurdumyzyň banklarynyň tejribe toplamagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bank işlerini kämilleşdirmek, şol sanda 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna guramaçylykly taýýarlyk görmek bilen baglylykda, kesgitlän möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. 

Halkara töleg ulgamynyň kartlaryny, hususan-da, dünýä belli “Visa” we “MasterCard” kartlarynyň Türkmenistanda ulanylmagy ýurdumyzyň raýatlaryna we myhmanlaryna söwda nokatlaryna we dürli hyzmatlary hödürleýän edaralarda tölegleri bökdençsiz amala aşyrmaga mümkinçilik berer. 

Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan 2014-nji ýylyň täze modifisirlenen nusgalarynyň – gymmaty bir, elli we ýüz manada deň bolan pullaryň çykarylmagy we dolanyşyga girizilmegi ähmiýetli wakalaryň biri boldy. Bu iş 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda dolanyşyga girizilen milli pulumyzyň gorag alamatlaryny ýokarlandyrmak we wizual elementlerini kämilleşdirmek maksady bilen amala aşyryldy. 

2014-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje giren “Döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrmak hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaşaýyş jaýlaryny döwlet ýaşaýyş jaý gaznasyna göni (salgylaýyn) mugt bermek görnüşinde hususylaşdyrmagyň tassyklanan Tertibini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirilýän ykdysady strategiýasynyň aýdyň mysaly hökmünde atlandyrmak gerek. Ýurdumyzyň ilatyny hususy ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmegi mundan beýläk-de gowulandyrmagy maksat edinen bu resminamanyň kabul edilmegi ykdysadyýetde bolup geçýän oňyn üýtgetmeleriň logiki netijesi boldy, munuň özi Türkmenistanyň ilatynyň sanynyň artmagynyň ýokary depginleri, döwlet tarapyndan mäkäm durmuş kepillendirmeleri bilen göwnejaý häsiýetlendirilýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Milli önümleriniň haryt dolanyşygyny öwreniş institutynyň döredilmegini türkmen ykdysadyýetiniň ösüşi üçin ähmiýeti bolan geçip barýan 2014-nji ýylyň esasy wakalarynyň hatarynda atlandyrmak bolar. Şu edara Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň bäsdeşlige ukyplydygyny pugtalandyrmak hem-de ýokarlandyrmak, eksport önümlerini ýerlemegiň ylmy-barlag usullaryny işläp taýýarlamak, daşky söwdanyň ýagdaýyny hem-de ösüş ugurlaryny öwrenmek, ýurdumyzyň öndürilýän hem-de eksport üçin niýetlenilen önümleriniň görnüşleriniň giňeltmek maksatlary bilen döredildi. 

Bu babatda 19-njy dekabrda bolan Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Türkmen döwletiniň Baştutanynyň institutyň ýurdumyzyň ähli söwda-ykdysady ulgamynda, şol sanda onuň içerki böleginde kesgitleýji hem-de ugrukdyryjy orny eýelejekdigini belländigini aýdyp geçmeli. Türkmenistanyň Prezidenti içerki bazaryň bäsleşiginiň oýlanyşykly seljermesi söwdany kämilleşdirmegiň has netijeli usullaryny hem-de gurallaryny agtarmagy, elýeterli nyrhlar boýunça sarp edijileri olar üçin zerur bolan harytlar bilen ýeterlik mukdarda we talap edilýän hilde üpjün etmegi, durnukly nyrh syýasatyny maksat edinmelidir diýip nygtap, bu institutyň işini kämilleşdirmek hakyndaky Karara gol çekdi. 

Maýa goýum işiniň işjeňleşdirilmegi, daşary ýurt maýa goýumlaryny hem-de ýurdumyzyň telekeçilik ulgamynyň serişdelerini çekmek üçin amatly ýagdaýy kemala getirmek, strategiki ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmek maksady bilen karz bermegiň möçberlerini artdyrmak ykdysady syýasatyň möhüm ugry bolup çykyş edýär. Bu ugurda durmuşa geçirilýän strategiýa diňe bir milli ykdysadyýete daşary ýurt maýasynyň akymyny üpjün etmegi däl, eýsem, öňdebaryjy dünýä tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmagy, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň hünärli hünärmenlerini taýýarlamagy maksat edinýär. Bu babatda soňky ýyllarda Türkmenistanda salgyt gümrük, wiza, ätiýaçlandyryş we beýleki ýeňillikler görnüşinde maýadarlara düýpli döwlet goldawy berilýär. 

Türkmenistan “açyk gapylar” syýasatyny durmuşa geçirip, ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýyny, işewürligi üstünlikli alyp barmak üçin ähli şertleri döredip, uzakmöhletli, özara peýdaly hem-de netijeli hyzmatdaşlyk etmäge çalyşýar. Bu babatda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtap geçişi ýaly, biziň üçin ýakyn we uzak ýurtlar, uly hem-de kiçi kompaniýalar ýokdur, eýsem, diňe öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýän, ak ýürekli hem-de ynamdar hyzmatdaşlar bardyr. Bu hyzmatdaşlygyň esasy ýörelgeleri bilelikdäki taslamalaryň ykdysady taýdan netijeliligidir, olaryň durmuş taýdan ähmiýetidir we ekologiýa taýdan howpsuzlygydyr, gyzyklanýan taraplaryň hemmesiniň mäkäm hem-de uzakmöhletli üstünligini gazanmak üçin has netijeli gurallary bilelikde agtarmakdyr. 

Türkmenistan bu wezipeleri çözmek bilen ykdysadyýetiň ähli ugurlary we hyzmatlar ulgamlary boýunça öňdebaryjy tejribä hem-de innowasion tehnologiýalara eýe bolan gyzyklanýan ähli kompaniýalar bilen halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge aýratyn üns berýär, olar ýurdumyzda köp sanly maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilen mahaly üstünlikli peýdalanylyp bilner. Esasy daşary ýurt maýadarlarynyň biziň ýurdumyza strategiki gyzyklanma bildirmegi bolsa tebigy serişdeleriň baý gorlary, onuň eksport we üstaşyr geçirmek mümkinçilikleri, şeýle hem işjeň industrializasiýalaşdyrylmagy we ösýän bazar bilen şertlenendir. 

Bu işde ýurdumyzda hem, onuň çäklerinden daşarda hem geçirilýän, ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, netijeli işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýän ykdysady we işewür maslahatlaryň hem uly ähmiýeti bardyr. Maslahatlaryň her ýyl geçirilmegi maýa goýum ulgamynda Türkmenistanyň gazanan täze ýokary üstünliklerini görkezmäge hem-de dünýäniň işewür toparlary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin mümkinçilikleri işjeň peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Maslahatlara gatnaşyjylar Türkmenistanda makroykdysady ýagdaýlar, maýa goýum ýagdaýy, maýa goýam işiniň ykdysady, durmuşa we hukuk esaslary bilen tanyşýarlar, şeýle hem halk hojalygynyň dürli pudaklarynda işewürligi ýöretmek we maýa goýumlary üçin mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşýarlar. 

Şu ýylyň 14-15-nji oktýabrynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň VI halkara maýa goýum maslahaty boldy, ol 20-ä golaý ýurtdan wekiliýetleriň 150-ä golaýyny, şeýle hem Russiýadan, ABŞ-dan, Hytaýdan, Ýaponiýadan, Beýik Britaniýadan, Fransiýadan, Germaniýadan, Türkiýeden, Bolgariýadan, Polşadan, Sloweniýadan, BAE-den, Belarusdan, Ukrainadan, Özbegistandan, Gazagystandan, Azerbaýjandan we beýleki ýurtlardan abraýly halkara maliýe düzümlerini, iri daşary ýurt kompaniýalaryny ýygnady. 

Mejlisde türkmen wekillerinden başga-da, Aziýanyň Ösüş bankynyň, hususy ulgamy ösdürmek boýunça Yslam korporasiýasynyň departamentiniň, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň dolandyryş edarasynyň we Ukrainanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri çykyş etdiler. 

Yslam ösüş bankynyň, Russiýa Federasiýasynyň GDA we ŞHG ýurtlarynyň ykdysady taýdan ýakynlaşmak meseleleri boýunça söwda-senagat edarasynyň komitetiniň, Moskwanyň Söwda-senagat edarasynyň, Türkmen-türk işewürler geňeşiniň, Hytaý Halk Respublikasynyň Rižao şäheriniň söwda edarasynyň wekilleri hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny, maýa goýum-innowasiýa düzümini emele getirýän düzümlerini çuňlaşdyrmak babatda garaýyşlaryny paýlaşdylar. Şeýle hem Russiýanyň we Sloweniýäniň kompaniýalarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary, meşhur “Sifal” fransuz kompaniýasynyň wekili anyk teklipler bilen çykyş etdiler. 

Şeýle hem “Türkmenistanyň bank we maliýe hyzmatlary, halkara söwdasynyň ösüşi” we “Türkmenistanyň energetika we senagat pudagyna maýa goýumlar” bölümleriniň işleri geçirildi. Olaryň çäklerinde maslahata gatnaşyjylar maliýe ulgamy, Türkmenistanda amala aşyrylan maýa goýum taslamalar, ätiýaçlandyryş ulgamynyň ösüşi, şeýle hem ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynyň, şol sanda gurluşyk we binagärlik, dokma senagaty pudaklarynyň ösüşi bilen tanyşdylar. 

2014-nji ýylyň 15-16-njy noýabrynda Türkmenistanyň wekiliýeti HHR-iň paýtagty Pekinde geçirilen IV halkara maýa goýum we maliýe sergisine gatnaşdy. Wekilçilikli türkmen wekiliýetiniň düzümine birnäçe ministrlikleriniň pudaklaýyn edaralaryň, döwlet banklarynyň ýolbaşçylary wa esasy hünärmenleri, şeýle hem ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary girdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň bu foruma gatnaşmagynyň esasy maksady ikitaraplaýyn strategiki gatnaşyklara, şol sanda türkmen-hytaý söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmäge täze itergileri we depginleri bermekden ybaratdyr. Mundan başga hem bu çäre Hytaý hem-de beýleki daşary ýurt maýadarlaryny uly möçberli milli maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge çekmek ýurdumyzyň maýa goýum taýdan özüne çekiji abraýyny HHR-iň işewürlik gurşawynda kemala getirmek, geljegi uly, sebitleýin taslamalara göni maýa goýumlarynyň akymyny artdyrmak üçin giň mümkinçiliklerini açdy. 

Şunuň bilen baglylykda, IV halkara maýa goýum we maliýe sergisiniň çäklerinde geçirilen hem-de ikitarapyň strategiki hyzmatdaşlygy, özara gatnaşyklaryň ägirt uly mümkinçiliklerini göwnejaý durmuşa geçirmegi maksat edinýändigini aýdyň görkezen türkmen-hytaý ykdysady forumyň ähmiýetini hem belläp geçmeli, onuň aktiwinde dürli ulgamlarda üstünlikli amala aşyrylan we häzirki wagtda durmuşa geçiriýlän bilelikdäki taslamalaryň birnäçesi bar. 

Özgertmeler maksatnamalary durmuşa geçirilen mahaly ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamynyň maýa goýumlaryny giňden çekmäge aýratyn ähmiýet berilýär, olar soňky ýyllarda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň barha uly düýpli bölegine öwrülýär. Bu ugurda hususy telekeçiligi ösdürmek üçin, şol sanda karz bermegiň möçberlerini giňeltmegiň hasabyna göwnejaý şertleri döretmek boýunça işler dowam etdirilýär. Döwletimiz telekeçilere goldaw bermek bilen bir hatarda, ykdysady taýdan kuwwatly hususy kärhanalaryň artmagyna ýardam edýär. Bu kärhanalar häzir ýurdumyzyň sarp ediş bazarynda senagat we azyk harytlarynyň bolçulygyny üpjün etmäge uly goşant goşýarlar. Orta we kiçi işewürligi höweslendirmek hem-de goldamak hem ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine we Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady giňişligine çalt goşulyşmagyna ýardam edýär. 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan hem-de Garaşsyz Watanymyzyň häzirki zaman taryhynyň baş baýramçylygynyň öňüsyrasynda däp boýunça geçirilýän ykdysady gözden geçiriliş milli ykdysadyýetimiziň haýran galdyryjy üstünlikleriniň aýdyň beýany bolan ýylyň özboluşly hasabaty boldy. Maslahat ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ähli ugurlarynda gazanylan täze üstünlikleri, onuň egsilmez döredijilik mümkinçiliklerini, Türkmen döwletiniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüşiniň geljegi uly ugurlaryny ýene-de bir gezek görkezdi, oňa ykdysadyýetiň döwlet ulgamynyň düzümleýin birliklerine, bilim we medeniýet ulgamlarynyň, sportuň we syýahatçylygyň edaralaryna, ýurdumyzyň telekeçilik kärhanalaryna wekilçilik edýän sergä gatnaşyjylaryň ýüze golaýy gatnaşdy. 

Şu syndan görnüşi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda milli bähbitleri we dünýä ösüşiniň umumy meýillerini nazara alýan durmuşa ugur alan bazar ykdysadyýetiniň öz modelini kemala getirmek we yzygiderli kämilleşdirmek babatda ýokary netijeler gazanyldy. Ýurdumyzyň okgunly durmuş-ykdysady ösüşini maksat edinýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjikli we oýlanyşykly özgertmeler ugry 2014-nji ýylda depginli ykdysady ösüşi, maliýe we durmuş taýdan durnuklylygy üpjün etdi, şeýle hem esasy strategiki maksatlary—ýurdumyzyň raýatlarynyň maddy hal-ýagdaýyny dünýäniň ýokary derejede ösen döwletleriniň derejesine çenli ýokarlandyrmagy gazanmaga ýardam etdi.

Täze ýyl gutlagy.

Täze ýylyňyz gutlu bolsun! Täze 2015-ýyl size, maşgalaňyza berk jan saglyk, egsilmez bagt getirsin! Goý, 2015-ýyl işleriňize rowaşlyk getirsin!
Admin: Türkmen Habar Gullugy 

30 Aralık 2014 Salı

Aşgabat-Ankara-Aşgabat täze gatnaw.

2015-ýylyň 16-njy ýanwaryndan başlap Aşgabat-Ankara-Aşgabat aralygynda Türkmen Howa Ýollary ýolagçylary gatnadyp başlar. Gatnaw hepdäniň 2-nji we 5-nji günleri amala aşyrylar.  

http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2647

Türkmen Howa Ýollarynda ýolagçylar üçin ýeňillikler.

2015 - ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Aşgabat-Istanbul-Aşgabat aralygynda ýolagjylaryň el goşlarynyň agramy ekonom klsda 70 kg biznes klasda bolsa 80kg rugsat edildi. 

http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2646

Türkmen Programma size Web Saýty hödürleýär.

Hormatly işewir adamlar, kompaniýa we firma ýolbaşçylary web saýt programmasyna eýe boljak bolsaňyz aşakdaky Telefon belgimize jaň ediň.
Telefon Nomerimiz:     +90 555 484 53 77 
Whatsapp we Line üçin: +90 553 525 46 75
Email: turkmenprogramma@hotmail.com
Web Saýtymyz: turkmenprogramma.com
Biz Hakda. 
Günümiz iş dünyäsinde internet eýýääm firmalar üçin bir keýpine dälde bir zerurlyk halyna geldi. Konkurinsiýanyň ösmegi  we ýakyn ýyllarda  ýinede  artmagy düşünülende firmaňyzy bir ädim öňe çykarmak we bir üýtgeşiklik döretmek üçin täzeliklere açyk bolmak, täzelikleri gollamak  we muňa görä pozisýaňyzy ornaşdyrmagyňyz zerurdyr. Profesional bir web siýtyna eýe bolmak bu üýtgeşikligi döretmek üçin juda gerekli ädimdir.

Hemişe aýdylan klassik bir pikir bar; İnternette hiç kim siziň kimdigiňizi bilmiýär. Hakykatdanam şeýle, juda ägirt bir firma bolmagyňyz ýaly kiçi göwrümli bir firma eýe bolup bilersiňiz emma  saýtyňyza girenler muny bilmezler. Erbet disign edilen we fundamenti düzgin bolmaýan bir web saýtyna  eýe bolan ägirt göwrümli bir firma özüni bolanyndan juda kiçi we öwrenje ýaly görkezýär
 , profesional bir maksatnama we design fundamentine eýe bolan  kiçi bir firma özüni boldugundan juda biyik we profesional görkezer. Bu umuman web siýtyňyzyň nähili boldugyna bagly. Bärden profesional bir web saýtyna eýe bolmagyň firmala üçin nä derejede peýdaly boldygyny orta çykarmakdadyr.. 

Ine  bu pyrsatda biz İnternet Sistema Maksatnamasy we Informasiýa Hyzmatlary bolup tejribeli, profesional kadry, ynamly, modern, iň soňky teknologiýa ulanan maksatnama we gurnaýjy fundamenti bilen, firmaňyz isläň kiçi göwrümli isleseň-de uly göwrümli bir firma bolsun hiç tapawudy ýok, sizi hyýaly dünyädä iň gowy şekilde goldan profesional bir web saýty hyzmaty bermek üçin orta çyktyk.  
surat 1 
 Missiýamyz:
Müşderi hemişe haklydyr diýen pikir diňe bir sözde bolman, eýsem durmuşa geçirilip müşderiniň hoşal bolmagy bilen, müşterimiziň talaby we umudynyň ýokary derejede çalt çözülmegidir. 
surat 2 
Wizýonymyz:
Hyzmat beren guramalaraymyza we olaryň işiniň hilini artdyrmak we eýe bolan önümlerini orta derejede  ulanyşyny üpjün etmek bilen; hilliniň ýokarlandyrlan hyzmatyny hödürläp bu guramalaryň eýe bolan önümlerini orta derejede ulanmagyny hödürläp; firmanyň abraýyny artdyrmak, firmanyň ösmegine şert döretmek we şeýlelikde ýurdumyzyň hem ykdysadiýetiniň ösmegine goşant goşmakdyr. 

TÄZE ÝYL ERTEKISI ÇAGALA ÜÇIN IŇ GOWY SOWGAT.





KÖÝTENDAG WE BATHYZ DÖWLET GORAGHANALARY BÜTINDÜNÝÄ ÝONESKO GURAMASYNYŇ SANAWYNA GIRMÄNE TAÝÝAR.






2014-nji ýylyň ylym-bilim ulgamy.

Häzirki zaman şertlerde islendik döwletiň üstünlikli ösüşi ozaly bilen, bilimiň we ylmyň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär. Şonda jemgyýetiň intellektual mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak möhüm şert bolup durýar. Öňdebaryjy ylmy gazanylanlary peýdalanmak bolsa ösen döwletleriň hereket etmeginiň aýrylmaz şertidir. 

Galyberse-de, ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň bir tarapdan düýpli we amaly barlaglary geçirmek babatda, beýleki tarapdan bolsa olaryň netijelerini önümçilige ornaşdyrmak babatda öňdebaryjylygy gazanmaga ymtylmasy täze döwrüň tapawutly aýratynlygy, häsiýetli alamaty bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Baştutanynyň häzirki zaman türkmen ylmyny işjeň ösdürmek başlangyjy ýurdumyzy innowasion tehnologiýalary işläp taýýarlaýjynyň ornuna dalaşgärleriň hataryna çykarmak bilen çäklenmän, eýsem, durmuş-ykdysady ähmiýete eýe bolýar. 

Hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, ykdysady ylymlaryň we lukmançylyk ylymlarynyň doktory Guranguly Berdimuhamedowyň „Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy” atly giň göwrümli ylmy işinde belleýşi ýaly, „iň öňdebaryjy tejribeleri özüne siňdiren häzirki zaman jemgyýetiniň hakyky gymmatlygy baýlyklarda däl-de, adamlarda, olaryň ylmynda, biliminde, hünär derejesinde hem-de zähmetiniň netijesinde jemlenýär”. Şu nukdaýnazardan, milli Liderimiziň döwleti gurnamak, dolandyrmak we ösdürmek baradaky ylmy pragmatizme ýugrulan taglymatynda esasy orun innowasiýalara we bilimlere esaslanan ykdysadyýetlere berilýär. Sebäbi aýratyn ýurduň halk hojalyk toplumynyň ýa-da dünýä ykdysadyýetiniň hil taýdan täze derejelere çykmagyna ylmyň täze ugurlarynyň, ýokary tehnologiýaly pudaklaryň, nazary, amaly ylymlaryň we innowasion tehnologiýalaryň ösmegi gönüden-göni täsir edýär. 

Ylma döwlet tarapyndan berilýän goldaw ýylsaýyn giňelýär, geljegi uly barlaglary, tejribe-synag we tehnologik işleri maliýeleşdirmek gowulanýar. Döwletimiz ylmy işleri ösdürmek we barlaglaryň gerimini giňeltmek, ylmy-barlag işleri toplumlaýyn geçirmek we olaryň netijelerini tejribä ornaşdyrmak üçin zerur bolan ähli şertleri döredýär. Ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär, olaryň işine täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary, şol sanda Internet arkaly maglumatlaryň dünýä bazasyna we elektron kitaphanalaryna ýokary tizlikli elýeterlilik giňden ornaşdyrylýar. 

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda şu ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi ulanmaga berildi. Bu merkez ýurdumyzyň innowasion ykdysadyýetini emele getirýän esasy düzüjileriniň biridir. 

Tehnologiýalar merkezi adam kapitalyny we “bilimleriň ykdysadyýetini” ösdürmäge, Türkmenistanyň ykdysady we tehnologik howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam berip, ylmy çözgütleri, amaly işläp taýýarlamalary we olary önümçilige ornaşdyrmagy bir bitewi ulgama birleşdirýän esasy edara bolup durýar. 

Tehnologiýalar merkeziniň çözgütleri bir bütewi ulgamy emele getirýän ylmy-barlaglaryň, tejribe-konstruktorçylyk, tejribe-tehnologik, marketing barlaglaryň we utgaşykly alnyp barylýan beýleki işleriň geçirilmeginiň netijesinde taýýarlanylýar. Onuň düzümine ylmy-barlag barlaghanalar, taslama-konstruktorçylyk, patent-maglumat bölümler, tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak we beýleki bölümler girýär. 

Merkeziň barlaghanalarynda bio-, nano-, maglumat we himiýa tehnologiýalar ulgamynda toplumlaýyn barlaglar, maddalary fiziki-himiki taýdan düýpli öwrenmek, biomateriallary, uglewodorod çig mallary molekulýar we atom derejede derňemek bilen bagly ylmy işläp taýýarlamalar amala aşyrylar. 

Şeýle hem 12-nji iýunda Tehnologiýalar merkeziniň uly maslahatlar zalynda “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ylym, bilim ulgamynyň wekilleri bilen bir hatarda, dünýäniň dürli döwletleriniň 50-den gowragyndan alymlar we hünärmenler gatnaşdylar. 

Bölümler boýunça geçirilen mejlisleriň barşynda täze ylmy işleriň netijeleri bilen tanyşdyryldy, ylmy jemgyýetçiligiň ünsüne mynasyp bolan özboluşly pikirler we nazaryýetler öňe sürüldi, Bilimler we tehnologiýalar ulgamynyň dünýä meýillerine, ykdysadyýetiň we önümçilik pudaklarynyň öňünde durýan wezipeleri çözmekde ylmy-tehnologik merkezleriň tejribesine garaldy. 

Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Energetikada, himiýa we ýangyç senagatynda, maglumatlar-kommunikasiýa ulgamynda innowasion tehnologiýalar” diýen bölüm boýunça işler geçirildi. Bu bölümde edilen çykyşlarda köp ýurtlaryň ylmy-barlag we tejribe-gurluş merkezleriniň üstünlikli amala aşyrylan taslamalaryna, şol sanda ekologik taýdan howpsuz bolan täze materiallary, şeýle hem ylmy işleri köp talap edýän önümçilik işlerini alyp barmak üçin gurallary işläp taýýarlamak bilen bagly taslamalara seredildi. 

Alternatiw energetikasyny ösdürmek, şol sanda gün energiýasyny peýdalanmak, geljegi uly bolan bu pudak üçin iri möçberli önümçilikleri döretmegiň mümkinçilikleri maslahata gatnaşyjylaryň sereden esasy mowzuklarynyň biri boldy. 

Şeýle hem seýsmiki taýdan durnukly gurluşyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, hususan-da, türkmen paýtagtynyň mysalynda beýleki birnäçe döwletlerde şunuň bilen baglanyşykly wezipeleri çözmegiň tejribelerine garaldy. 

Dürli ugurlarda informasion tehnologiýalara degişli çykyşlaryň uly toplumy bagyşlandy. Bu babatda Aşgabat şäherinde täze Tehnologiýalar merkeziniň binýadynda Tehnologiýalar transferiniň Merkezi Aziýa platformasyny döretmekde, şeýle hem maglumatlar meýdançasy hökmünde intellektual eýeçiligiň Merkezi Aziýa biržasyny guramakda Türkmenistanyň eýeleýän ornuna garaldy. 

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde maslahata gatnaşyjylar tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak we ekologiýa işleri hem-de obasenagat toplumynda innowasion tehnologiýalar meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. 

Daşary ýurtly alymlar tarapyndan Türkmenistanda Ýeriň täsin ekoulgamlary hökmünde çölleriň ylmy-tehnologik klasterini döretmek teklibi öňe sürüldi. Çykyşlaryň birnäçesi dünýäde howanyň üýtgeýän şertlerinde klimatalogiýany ösdürmegiň möhüm meselelerine bagyşlandy. Maslahata gatnaşyjylaryň nygtaýşy ýaly, ösýän düzümli Türkmenistan hem-de howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek boýunça Sebitara merkez bu ugurda hünärmenler üçin we halkara hyzmatdaşlygy üçin özüne çekýän ýere öwrülip biler. Şol merkezi döretmek başlangyjy bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. 

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda “Lukmançylyk we dermanlaryň öndürilişi” diýen bölüm boýunça mejlis geçirildi. Bu ýerde kliniki lukmançylyk we derman önümçiligi babatda ýöriteleşdirilen esasy ylmy merkezleriň we institutlaryň ylmy- barlaglarynyň we innowasion işleriniň netijeleri bilen tanyşdyryldy. 

Täze tehnologiýalary lukmançylyk işine, innowasion derman serişdelerini işläp taýýarlamaga, keseli anyklaýyş enjamlaryň önümçiligine hem-de saglygy goraýyş üçin IT-çözgütlerine ornaşdyrmak bu bölümde çykyşlaryň içinden erş-argaç bolup geçdi. Maslahata gatnaşyjylar Aşgabat şäherinde Tehnologiýalar merkeziniň açylmagy lukmançylyk ylmyny ösdürmekde uly ädim boldy diýip bellediler. Täze merkeziň binýadynda diňe saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin innowasion çözgütler synagdan geçirilmän, eýsem, ýokary lukmançylyk mekdebiniň özboluşly tehnologik kafedrasynda işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak işleri hem geçiriler. 

Dünýäniň ylmy bileleşiginiň wekilleri öz türkmen kärdeşleri bilen bilelikde Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň we talyplarynyň arasynda geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna hem gatnaşyp, ylmy hereketiň işjeň ösýändiginiň şaýatlary boldular. Şol hereket bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, türkmen halkynyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny ugur edinýär. 

Häzir bu merkeziň alymlary milli ykdysadyýetimiziň durli pudaklarynda ylmy işleri köp talap edýän wezipeleri çözmäge işjeň gatnaşýarlar. Asfalt-beton örtüklerinde kükürdi ulanmak; halk hojalygynda kükürdi peýdalanmagyň tehnologiýalaryny işläp düzmek, ýerasty suwlarynyň, nebitiň, gazyň, kondensatyň we dag jynslarynyň düýpli barlagyny geçirmek; Türkmenistanda ösýän dermanlyk ösümliklerinden öndürilýän dermanlyk serişdeleriniň klinika çenli barlaglaryny geçirmek; ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän gowaçanyň, gawunyň we beýleki ekinleriň sortlarynyň we düzüminiň arassalygyny öwrenmek, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň suwuny peýdalanmagyň tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak; ýurdumyzyň geografik maglumatlar ulgamyny döretmek; ýerli çig maly peýdalanmak bilen oda durnukly serişdeleri öndürmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmek – ine, şular milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň alymlarynyň öňünde goýan wezipeleriniň doly bolmadyk sanawy bolup, alymlar olary halk hojalygynyň dürli pudaklaryny mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmek maksadynda çözýärler. 

Şu ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň mejlisler zalynda “Energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ulanmakda innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. 

Iki günlük maslahata türkmen tarapyndan hünärmenler, bilermenler, görnükli alymlar, professorlar gatnaşdylar, olar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň pudaklaýyn ylmy-barlag institutlaryna, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine, ugurdaş döwlet düzümlerine wekilçilik edýärler. Gatnaşyjylaryň hatarynda “Türkmengaz”, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleri, Gün energiýasy instituty, Seýsmologiýa instituty, Türkmenistanyň Biologiýa we derman ösümlikleri instituty, Himiýa instituty we beýlekiler bar. 

Maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada gelen köpsanly daşary ýurt wekiliýetleriniň düzüminde Russiýadan, Belarusdan, Bolgariýadan, Ýaponiýadan, Koreýadan, Latwiýadan, Eýrandan, Fransiýadan we beýleki ýurtlardan alymlar, ylymlaryň kandidatlary, professorlar, inženerler, daşary ýurt ylmy we ylmy-barlag institutlarynyň, edaralarynyň, ugurdaş guramalarynyň tehnologlary, bilermenleri we pudaklaýyn kärhanalaryň, kompaniýalaryň hünärmenleri bar. 

Türkmenistan energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini giňden peýdalanmak üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Bu bolsa senagatyň daşky gurşawa we adam saglygyna zyýanly täsirini, daşky gurşawa zyňyndylaryň möçberini peseltmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň milli ylmynyň dünýä ylmy giňişligine goşulyşmagy bu ugurda ylym we tehnologiýalar ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekde we pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýedir. 

Hormatly Prezidentimiz şu ýyl 20-nji oktýabrynda Türkmenabatda geçirilen Ýaşulularyň maslahatynda: „Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, biz Ylymlar akademiýasynyň garamagynda innowasion ugurlar boýunça bilim berjek inžener-tehnologik uniwersiteti döretmegi göz öňünde tutýarys“ diýip belledi. 

Türkmenistanyň inžener-tehnologik uniwersitetiniň açylmagy milli ykdysadyýetiň mundan beýläk hem ösmegi üçin uly itergi bolar. Häzirki wagtda alymlaryň hünärini ýokarlandyrmak, dünýäniň iri ylym-bilim merkezleri, halkara guramalar we gaznalar bilen uzakmöhletli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin mümkinçilikler görnükli artdy. Muňa, hususan-da, Aşgabatda hem-de welaýatlaryň merkezlerinde yzygiderli geçirilýän halkara maslahatlar, sergiler, ylym işgärleriniň we terbiýeçileriň duşuşyklary şaýatlyk edýär. Olara dünýäniň dürli ýurtlaryndan köpsanly myhmanlar işjeň gatnaşýarlar. 

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň esasy wezipeleriniň biri düýpli we tejribe ähmiýetli ylmy-barlaglary höweslendirmek, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipelerini çözmäge gönükdirilen has möhüm ylmy-barlaglary gyradeň geçirmek bolup durýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goldawy netijesinde ylmy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary boýunça geçirilýän ylmy-barlag işleri döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýär. 

Türkmenistanda toprakdan we suwdan aýawly peýdalanmak, ekin dolanyşygyny kämilleşdirmek we ekinleri etraplar boýunça paýlamak, ylmy esasda oba hojalyk ekinleriniň /pagta, däne ekinleri we beýlekiler/ hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri kämilleşdirmek, Aral we Hazar deňizleriniň, Garagum çölüniň, Köýtendagyň ekologiýasyny, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň hem-de onuň zeý akabalarynyň töweregindäki ösümlik we haýwanat dünýäsiniň bioköpdürlüligini ylmy esasda öwrenmek, oba hojalygy, ulag we aragatnaşyk pudaklary, şähergurluşygy we beýleki ulgamlar üçin geografik maglumatlar ulgamyny döretmegiň ylmy ensaslaryny işläp taýýarlamak, ýurdumyzyň tebigatyny goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, ýerli çig maldan senagat we durmuş ähmiýetli önümleriň önümçiligi, ekologiýa taýdan arassa, galyndysyz, energiýa we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary işläp taýýarlamak, täze usullar esasynda nebithimiýa önümlerini, gazy, mineral serişdeleri gaýtadan işlemek boýunça tehnologiýalary döretmek, keselleriň öňüni alyş, olary anyklamak we bejermek, senagatda, energetikada, ekologiýada düýpli meseleleri çözmek – ýurdumyzyň akademiki, pudaklaýyn hem-de ýokary okuw mekdepler bilen şu we ençeme beýleki meseleleri çözmäge gönükdirilendir. 

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň işgärleri ýurdumyzyň tebigatyna, baýlyklaryny rejeli peýdalanmaga, daşky gurşawy goramaga we ençeme beýlekilere degişli dürli meseleler boýunça barlaglary geçirýärler. Türkmen alymlary tarapyndan “Altyn asyr” Türkmen kölüniň hem-de onuň zeýakabalarynyň suwlarynyň gidrohimiýasyny öwrenmegiň usullary işlenip taýýarlanyldy. Olar kesgitli şertlerde synaglary geçdi. Türkmen kölüniň suwunyň himiki düzüminiň üýtgemegine üznüksiz gözegçilik amala aşyrylýar. Bu barlaglar kölüň suwuny arassalamaga we peýdalanmaga degişli netije çykarmaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň alymlary “Altyn asyr” Türkmen kölüni, onuň zeýkeşlerini hem-de töweregindäki ýerleri oba hojalygynda we durmuş-ykdysady pudakda netijeli peýdalanmagyň tehnologiýalaryny döretmek boýunça degişli işleri alyp barýarlar. 

Tebigy baýlyklara, şol sanda oba hojalyk ekinleriniň, ylmyň we tehnikanyň täze gazananlaryny nazarda tutup, ýurdumyzyň dürli tebigy-geografik sebitleriniň ekologiýa ulgamlaryna baha bermek üçin geografik maglumatlar ulgamyny döretmek, älem giňişliginden düşürilen suratlary peýdalanmak bilen, dürli kartalary düzmek boýunça işler alnyp barylýar. 

Häzirki Gün batareýalarynyň önümçiligi hemme wagtdakydan zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, Garagumyň çägesinden kremniý öndürmegiň, şeýle hem ýerli çig maldan seýrek duşýan serişdeleri almagyň tehnologiýasyny işläp taýýarlamaklyk alnyp barylýar. Deslapky ylmy-barlaglaryň görkezişi ýaly, Türkmenistanyň çäginiň agramly bölegini eýeleýän Garagum çölüniň çägesiniň düzüminde kremniý maddasynyň uly mukdary saklanylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen alymlarynyň öňünde möhüm wezipäni – Garagumuň çägesinden kremniý almagyň netijeli tehnologiýasyny işläp taýýarlamak boýunça wezipäni goýdy. 

Häzir bar bolan usullar bilen, çägeden kremniý almagyň tehnologiýasy gymmat düşýändigi, köp energiýa sarp edijiligi hem-de ekologiýa taýdan zyýanlydygy bilen tapawutlanýar. Häzirki wagtda türkmen alymlary ýapon hünärmenleri bilen bilelelikde çägeden kremniý almagyň dünýäde iň arzan, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýasyny döretmegiň üstünde işleýärler. Çägäniň ýokary temperaturalarda /Selsiýa boýunça + 1800 gradusda/ eräp, köp energiýa sarp etmegi bilen baglylykda, ýurdumyzyň ylmynyň öňünde kremnini senagat taýdan almak maksady bilen, Garagum çägesini gyzdyrmagyň täze, az harajatly usullaryny işläp taýýarlamak barada wezipe goýuldy. 

Häzirki wagta çenli senagat taýdan önümçilikde Garabogaz aýlagynyň ýerasty duzlary peýdalanyldy. Hünärmenleriň pikirine görä, ol dünýäde deňiz duzlarynyň, aýratynda-da mirabilitiň iri ýatagy hasaplanýar. Ýurdumyzyň alymlary ýeriň ýüzündäki duzly erginleriň fiziki-himiki düzümini kesgitlediler hem-de barlaghana şertlerinde erginleri toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň usullaryny işläp taýýarladylar. Netijede ýokarky erginlerden natriý sulfaty, epsomit, nahar duzy, bişofit, deňiz duzy, kaliý sulfaty alyndy. Alnan ähli önümler döwlet standartlarynyň talaplaryna laýyk gelýär. 

Häzir ylmy edaralaryň işgärleri seýsmiki howpy çaklamagyň usullaryny işläp taýýarlamak we baha bermek, Türkmenistanyň çäklerini, şäherleri we şäherçeleri seýsmiki sebitlere bölmek hem-de olaryň seýsmiki kartalaryny düzmek, geofiziki gözegçiligi kämilleşdirmek, ýurdumyzyň çäklerinde ýer gabygynyň ösüşi bilen baglanyşykly fiziki hadysalaryň ýüze çykmagyny, seýsmogen we tehnogen ýertitremeleri öwrenmek boýunça işleri amala aşyrýarlar. 

Türkmen hünärmenleri, şeýle hem Hazar deňziniň düýbünden turbageçirijilerini gurmagyň innowasion tehnologiýalaryny işläp taýýarladylar. Şeýle hem geçirilen barlaglaryň netijesinde Hazar deňziniň çuň bolmadyk we düz ýerlerinden, pes seýsmiki zolaklarynda we palçykly wulkanlaryň ýok ýerinde gaz geçirijilerini çekmegiň geljegi uly bolan ugurlary kesgitlendi. 

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynda we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen halkynyň kemala gelşiniň we ösüşiniň meselelerini, onuň dünýäniň medeni ösüşindäki ornuny, Türkmenistanyň gadymy, orta asyr, täze we iň täze taryhyny, Garaşsyzlyk döwrüni we hemişelik Bitaraplygyň hukuk derejesini düýpli öwrenmek boýunça işler alnyp barylýar. 

Häzirki zaman taryhy we arheologiýa barlaglarynyň tassyklaýşy ýaly, Türkmenistan gadymy döwürlerde dünýä ösüşiniň ösen merkezleriniň biri bolupdur. Müňlerçe ýyllaryň dowamynda kemala gelen adamzadyň maddy-ruhy gymmatlygynyň genji-hazynasyna giren türkmen halkynyň ylmy we medeni mirasy häzirki wagtda dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň üns merkezinde durýar. Nusaýda, Dehistanda, Merwde, Köneürgençde, Sapahsda, Amulda, Abiwerdde, Änewde we beýleki taryhy-medeni ýadygärliklerde tapylan arheologik tapyndylar gadymy döwürlerde häzirki Türkmenistanyň çäginde ylmyň, medeniýetiň, sungatyň gülläp ösendigine şaýatlyk edýär. Bu ugurda geçirilýän barlaglar ata-babalarymyzyň astronomiýada, biologiýada, fizikada, geometriýada, lukmançylykda, edebiýaty, dili öwrenmekde we beýleki ylymlarda çeken zähmetleri netijesinde giň meşhurlyga eýe bolandygyny doly tassyklaýar. 

Şu ýylda “Abiwerd” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çäklerinde Ýylgynlydepede /Ahal welaýaty/ ýerleşen eneolit /mis-daş asyry/ eýýamynyň täsin ýadygärliginde öz barlaglaryny alyp barýan bilelikdäki türkmen-rus arheologiýa ekspedisiýasynyň haýran galdyran tapyndylary dünýä derejesindäki açyşa öwrüldi. Bu ýerde arheologik barlaglaryň barşynda türkmen halkynyň gadymy ata-babalarynyň maddy medeniýetiniň täsin toplumy—biziň eramyza çenli V müňýyllyga degişli bolan ownuk toýunsow heýkeltaraşlyk önümini taýýarlamak boýunça ýöriteleşdirilen ussahana ýüze çykaryldy. 

2014-nji ýylda ylym-bilim ulgamyndaky möhüm wakalar barada aýtmak bilen, bu ýylyň hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, innowasion bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen şanly ýyllaryň biri bolandygyny bellemek gerek. 

Hünärmenleri taýýarlamagyň kämil ulgamyny döretmek Türkmenistanyň häzirki zaman ylym we bilim mekdebini mundan beýläk-de özgertmegiň maksady bolup durýar. Ol ýaş nesliň wekilleriniň ukyplaryny irki döwürlerde ýüze çykarmaga we ösdürmäge, olary öňdebaryjy dünýä tejribesine hem-de halk terbiýesiniň baý mirasyna daýanyp, terbiýelemäge mümkinçilik berýär. Munuň özi olardan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly meýilnamalaryny amala aşyrmagy üstünlikli dowam edýän ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak maksadyna gönükdirilendir. 

12 ýyllyk bilime geçilmegi bilim prosesine gatnaşyjylaryň öňünde täze wezipeleri goýdy. 2013-2014-nji okuw ýylynyň başlanmagyna çenli umumy bilim berýän mekdepleriň on iki ýyllyk okuwa geçmeginiň Maksatnamasyna laýyklykda halkara ülňülerine ýakynlaşdyrylan hem-de milli terbiýeçilik mekdebi tarapyndan toplanan terbiýe bermegiň köpasyrlyk tejribesini göz öňünde tutýan esasy okuw meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy we tassyklanyldy. Orta okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we mugallymlary üçin okuw – usulyýet kurslary we seminarlary täzelenen okuw meýilnamalary we maksatnamalary boýunça geçirilýär. 

Çagalar üçin halkara derejesinde dürli festiwallar we forumlar yzygiderli guralýar. Ine, şu ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda zehinli çagalaryň “Awaza – dostluk mekany” atly V halkara festiwaly bolup geçdi. Çagalaryň döredijiligini, dürli halklaryň ýaş nesilleriniň arasynda medeni özara alyş-çalşyny, olaryň ruhy ýakynlygyny goldamak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanan bu taslama birnäçe ýylyň içinde meşhurlyga eýe boldy. 

Sentýabryň üçünji ongünlüginde Hazaryň ajaýyp türkmen kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň Mekdep medeni-sport festiwaly geçirildi. Medeni-sport çäresiniň maksady dürli halklaryň çagalarynyň arasynda dostlugy we doganlygy pugtalandyrmak, ýaş türkmenistanlylaryň özleriniň daşary ýurtly deň-duşlary bilen sport aragatnaşyklaryny giňeltmegi, beden taýdan sagdyn nesli terbiýelemek, şeýle hem ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da artdyrmak bolup durýar. Munuň özi türkmen döwletiniň dünýä bilen açyk gatnaşyklara ymtylýandygynyň ýene-de bir aýdyň ýüze çykmasydyr. Şu babatda milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ýaş nesilleriň sesi aýratyn orny tutmalydyr. 

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň bilim ulgamyny ösdürmek boýunça ägirt uly işler geçirildi. Ýurdumyzda okatmagyň iň öňdebaryjy tehnologiýalaryna eýe bolan onlarça iň döwrebap okuw-terbiýeçilik edaralary açyldy. Olaryň gurluşygy 2014-nji ýylda hem güýçli depginler bilen dowam etdi. Ýylyň dowamynda dolandyryş mekezlerinde bolşy ýaly, uzakdaky obalarda hem bilim ulgamynyň köpsanly desgalary—çagalar baglary we umumy bilim berýän orta mekdepler ulanmaga tabşyryldy. 

2014-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda ýurdumyzda umumymilli derejede bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze ýokary okuw mekdebi bolan Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň açylyş dabarasy boldy. 

Döwlet Baştutanymyz bu wakanyň wajypdygyny nygtap, munuň özi biziň ýurdumyz üçin hakykatdan-da taryhy waka bolup durýar diýip belledi. Ol milli ýokary bilimi ösdürmekde bolşy ýaly, bu ugurda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek babatda hem uly ähmiýete eýedir. 

Ýokary okuw mekdebi her ýylda 300 töweregi talyby kabul eder. Olar hünärleriň 14-si: filosofiýa, sosiologiýa, halkara jemgyýetçilik hukugy, halkara hususy hukugy, halkara gatnaşyklary we dünýä syýasaty, žurnalistika, halkara ykdysadyýet, halkara täjirçilik, halkara maliýe, ätiýaçlandyryş işi, halkara menejment, kompýuter tehnologiýalar, kompýuter ulgamynyň maksatnama üpjünçiligi, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary hünärleri boýunça bilim alarlar. 

Täze ýokary okuw mekdebinde okuwlar iňlis dilinde we tölegli esasda alnyp barlar. Şunuň bilen baglylykda, geljekki hünärlere laýyklykda iňlis dilini bilmegi kämilleşdirmegiň hem-de hünärmentçilik adalgalaryny öwrenmegiň bir ýyllyk okuwy göz öňünde tutuldy. Dil bölümi şu ýyl ilkinji talyplary kabul etdi. Umuman, täze uniwersitetde 5 fakultet hereket eder. Olaryň binýadynda 13 kafedra döredildi. 

Ýokary okuw mekdebiniň şäherçesi esasy okuw toplumyny özünde jemleýär, şonda bir wagtyň özünde talyplaryň 2 müňüsi bilim alar, 800 talyp üçin niýetlenilen umumy ýaşaýyş jaýynyň üç binasy, 300 orunlyk naharhana, 240 adam üçin tomaşaçylar münberleri bilen üsti ýapyk sport toplumy, woleýbol, basketbol, tennis oýnamak üçin açyk meýdançalar hem-de beýlekiler, şeýle hem tehniki bloklar we awtoduralga bar. 

Ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň ulgamynda düýbünden täze, öňdebaryjy usulyýet çemeleşmelerinde okuwyň barşyny ýokary tehnologiki derejede guramak boýunça bu ýokary okuw mekdebiniň döredilmegi ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmagyň ýolunda nobatdaky ädim boldy. 

Orta mekdepleriň, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň şu günüň ýokary talaplaryna laýyk gelýän täze binalary gurulýar we ulanylmaga berilýär, şolarda ylmyň gazananlary, öňdebaryjy tehnologiýalar, şol sanda kompýuter tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar. Alymlaryň, professorlaryň we mugallymlaryň, tejribeli hünärmenleriň gatnaşmagynda döwrebap okuw kitaplary we okuw gollanmalary işlenip taýýarlanylýar. 2014-nji ýylda metbugat önümleriniň 188-siniň çap edilendigini belläp geçmeli. 

Bilimler we talyp ýaşlar gününde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersieti bilen bir hatarda, tutuş ýurdumyzda mekdepleriň 60-a golaýy we çagalar baglarynyň 20-den gowragy, şol sanda paýtagtymyzda dikeldiş merkezli okuw-terbiýeçilik toplumy açyldy, şonda beden mümkinçilikleri çäkli çagalar bilim hem-de zerur ähli kömegi alýarlar. 

Mümkinçilikleri çäkli çagalar üçin okuw-terbiýeçilik toplumy öz binagärlik keşbi bilen ertekiler köşgüni ýada salýar. Ol 53 müň inedördül metrden gowrak meýdany eýeleýär. Desga ýurdumyzyň hususy kärhanasy tarapyndan Aşgabat şäheriniň häkimliginiň düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy boýunça guruldy. Desganyň taslamasyny düzmäge potratçy kompaniýanyň hünärmenleri bilen bilelikde Salygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň wekilleriniň, şeýle hem ýöriteleşdirilen mekdepleriň işgärleriniň toplum gurlan mahaly mümkinçilikleri çäkli bolan çagalaryň bilim almagy we bejerilmegi boýunça ähli zatlaryň nazara alynmagy üçin gatnaşandyklaryny belläp geçmeli. 

Täze edara sekiz binadan ybaratdyr. Olaryň birinde lukmanlaryň otaglary, dermanhana, sagaldyş merkezi, okuw-önümçilik ussahanalary, sport zaly, üsti ýapyk suw howuzy, naharhana we başgalar ýerleşýär. Beýlekilerinde psihofiziologiki aýratynlyklaryny nazara almak bilen gurlan ýöriteleşdirilen bölümler ýerleşýär. Olar üçin göwnejaý ýagdaýda gurnalan ýaşaýyş otaglary we okuw synp otaglary bar. 

Çagalar üçin ýörite kompýuterleriň, noutbuklaryň we maksatnamalaýyn üpjünçiligiň kömegi bilen kompýuter boýunça sowatlylylygy okatmak hem göz öňünde tutuldy, “Drafsman” şekilleýin abzallar görüşi pes bolan çagalara surat çekmek endiklerini öwrenmäge, Braýlyň depderi bolsa hat ýazmak we görmeýän çagalara okamak endiklerini kämilleşdirmäge kömek eder. 

Braýlyň elipbiýinde göçürmek üçin şwed printerleri, “Gepleýän kitaplar” atly abzallar hem-de çagalara daşky gurşawyň ähli köptaraplylygyna we baýlygyna akyl ýetirmäge mümkinçilik berýän relýefleýin globuslar bularyň hemmesiniň üstüni ýetirýär. “Gepleýän kalkulýatorlar” matematiki hasaplamalaryň ýörelgelerini özleşdirmäge kömek eder. Hereketlendirijisi kinniwanja bolan “Grafika” kysymyndaky tiflo abzallar el hereketinde bozulma bolan çagalar üçin niýetlenendir. 

Inklýuzitiw bilimi ulgamyny ösdürmek milli bilim ulgamyny özgertmegiň we ösdürmegiň aýrylmaz ugurlarynyň biridir. Mümkinçilikleri çäklendirilen çagalaryň oňat hilli bilime deňhukuklary almak üçin hukuklary Türkmenistanyň kanunçylygy bilen berkidilendir. 

Mundan başga hem orta mekdepleriň, A.Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň, Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň we paýtagtymyzda 500 orunlyk türkmen-türk mekdebiniň, Balkanabat şäherinde Ýokary mugallymçylyk mekdebiniň we beýleki ençeme bilim edaralarynyň gurluşygy dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ähli welaýatlarda mümkinçilikleri çäklendirilen çagalar üçin sagaldyş we bilim-terbiýe beriş toplumlaryny gurmagy göz öňünde tutýan iri durmuş maksatnamasy durmuşa geçirilýär. 

Ýeri gelende aýtsak, bilim edaralarynyň şeýle köpsanlysy şunuň ýaly gysga wagtyň içinde dünýäde hiç ýerde açylmaýar. Bularyň hemmesi bilim beriş özgertmeleriniň köp maksatly häsiýetine, türkmen halkynyň ruhy däplerine we bilimi ösdürmegiň dünýädäki meýillerine, onuň ýokary hil ölçeglerine laýyk gelýän açyk ulgamy döretmäge ýokary ynsanperwerlik taýdan ugur alanlygyna laýyk gelýär. 

2014-2015-nji okuw ýylynda 6 müň 861 adam ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 1-nji ýyl talyplary boldular, olaryň köpüsi abraýly milli we halkara bäsleşikleriniň hem-de ders olimpiýadalarynyň ýeňijileridir. 

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çözgüdine laýyklykda, ýokary okuw mekdepleriň köpüsine talyplary toplamak artdy, şeýle hem ýurdumyzyň işläp gelýän ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenleri taýýarlamagyň täze 19 ugry peýda boldy. Olaryň hatarynda türkmen ýokary okuw mekdepleri üçin täze hünärleriň 11-si bar. 

Mysal üçin, Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynda hünärmenleri taýýarlmagyň ugurlarynyň sany “şäher gurluşygy we hojalygy”, “şäher gurluşyk” hünärleriniň hasabyna artdy. Türkmenistanyň döwlet energetika institutynda “däp bolmadyk we dikeldilýän energiýa çeşmeleri” hem-de “gaz turbina enjamlary we hereketlendirijileri” ýaly ugurlar boýunça talyplary taýýarlamak başlandy. S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda “mekdebe çenli bilim we terbiýe” atly täze hünär peýda boldy. Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “gaz terbina enjamlary we gaz kompressor beketleri” atly hünär boýunça talyplary ilkinji gezek seçip almak geçirildi. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “nyrh gesiş işi” atly täze hünär boýunça, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde “dikeldiş we däp bolmalyk lukmançylyk”, Türkmen oba hojalyk institutynda “tehniki taýdan hyzmat edişi guramak we onuň tehnologiýasy” atly hünär boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. 

Orta hünär bilimi ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmegiň beýleki möhüm ugry bolup durýar. Şu ýyl Türkmenistanyň ýörite hünärment okuw mekdepleriniň 37-si ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, kärhanalaryň we guramalaryň buýurmalaryna laýyklykda 7 müň 716 adamy okuwa kabul etdi, munuň özi geçen ýyldaka garanyňda 1194 adam köpdür. Şol sanda 970 okuwçy täze hünärment mekdeplerinde okaýarlar. Olaryň hatarynda Türkmenabadyň orta derýa hünär mekdebi, Türkmenbaşynyň orta deňiz hünärment mekdebi, Mary şäherinde jemagat hojalygy orta hünär mekdebi bar. 

Türkmen ýaşlarynyň okamaga iberilýän daşary ýurt okuw mekdepleriniň çäkleri her ýyl giňelýär. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistandan iberilenleri okatmak gazanaylan hökümetara ylalaşyklarynyň esasynda ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň, pudak ministrlikleriň we edaralaryň ýollamalarynyň boýunça amala aşyrylýar. 

2014-2015-njy okuw ýylynda Türkmenistanyň ýaş ýigitleriniň we gyzlarynyň müňlerçesi Belarusuň, Hytaýyň, Malaýziýanyň, Azerbaýjanyň, Russiýanyň, Rumyniýanyň, Türkiýäniň, Horwatiýanyň we beýleki döwletleriň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň talyplary boldy. Şeýle hem Türkmenistanyň halkara ýokary okuw mekdepleri dünýäniň dürli ýurtlaryndan talyplary okuwa kabul edýär. Biziň ýurdumyzda Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň işleýändigini ýatlap geçmeli. Şu ýyl oňa ýokarda ýatlanyp geçilen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti goşuldy, şonda talyplary okatmak bakalawrlary taýýarlamagyň maksatnamasy boýunça alnyp barlar. 

Biziň ýurdumyzyň hil taýdan täze derejä çykan bilim ulgamy bagtly geljege tarap barmagyň täze depginini aýdyň görkezýär: bilimleriň, tehnologiýalaryň, ýurdumyzyň intellektual we döredijilik serişdeleriniň işjeň dolanyşygy boýunça täze taryh başlanýar. Şu ýyl Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň halkara ders olimpiadalarynyň 139 medalyna, şol sanda 23 altyn we 34 kümüş medala mynasyp bolandygy muňa şaýatlyk edýär, daşary ýurt intellektual ýaryşlaryna we internet-olimpiadalara gatnaşan talyplar bolsa 68 medala mynasyp boldular, şolaryň 18-si altyn we 18-si kümüş medallardyr. 

“TEMPUC-TACIC” we beýlekiler ýaly Halkara bilim beriş maksatnamalarynyň çäklerinde dürli taslamalary durmuşa geçirmek ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de dünýäniň esasy ylmy-bilim beriş merkezleriniň arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmagyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. 

Hyzmatdaşylygyň iş ýüzündäki netijeleri hünärmenleriň işjeň alyş-çalyş edilmegi, talyplaryň tälim alyş okuwlary dil öwretmegiň häzirki zaman işjeň usullaryna degişli meseleler boýunça seminarlary hem-de maslahatlaşmalary geçirmek, ýurdumyzyň dürli ýokary okuw mekdeplerinde terjime merkezleriniň hem-de ýörite iş otaglarynyň açylmagy bolup durýar. Türkiýäniň iri halkara ýokary okuw mekdebi bolan Fatih uniwersitetinde Magtymguly Pyraga bagyşlanan ylmy maslahat geçirildi, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şol uniwersitetiň hormatly doktorydyr. D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda şu ýyl ýapon dilini öwrenýän talyplaryň arasynda dürli döredijilik bäsleşikleri boldy, Türkmen oba hojalyk instititytynyň talyplary üçin fewral aýynda Ýaponiýanyň “Komatsu” kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan bilim beriş seminarlary we başga çäreler geçirildi. 

Şu ýylyň 11-13-nji noýabrynda “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim we sport” atly halkara ylmy maslahaty we sergi boldy. Maslahata gatnaşyjylaryň hatarynda ABŞ, Italiýa, Germaniýa, Hytaý, Türkiýe, Malaýziýa, Belarus, Litwa, Gazagystan we beýlekiler ýaly ýurtlardan guramalaryň hem-de kompaniýalaryň onlarçasynyň wekilleri bar. 

Her ýyl geçirilýän serginiň esasy maksady döwlet durmuş syýasatynyň möhüm ugurlary hökmünde bilim ulgamyny, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge ýardam etmek, şeýle hem bu ugurlarda möhüm ugurlar hem-de esasy meýiller bilen tanyşmak, okatmagyň hilini, bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň köpçülikleýin häsiýetini ýokarlandyrmaga ýardam edýän häzirki zaman tehnologiýalaryny ösdürmek we öňdebaryjy usulyýetleri ornaşdyrmak bolup durýar. 

Şeýlelikde, 2014-nji ýylda ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamynda gazanylan üstünlikleri, şeýle hem milletimiziň öňünde duran ägirt uly wezipeleriň amala aşyrylmagyny nazara almak bilen, bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmegiň esasy maksatnamalarynyň biri boljakdygyny, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň mundan beýläk-de öňe gadam urmagy üçin işgärler binýadyny üpjün etjekdigini ynam bilen aýtmak bolar.