28 Kasım 2014 Cuma

Elektron maglumatlar ulgamy boýunça halkara tejribe.

Türkmen paýtagtynda ylmy-tehniki ösüşiň häzirki eýýamynda ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda, şol sanda döwlet dolandyryş edaralarynda işiň möhüm ähmiýetli bölegine öwrülýän onlaýn-- resurslary döretmek we dolandyrmak boýunça halkara tejribäniň öwrenilmegine bagyşlanan okuw maslahaty öz işine başlady.
Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň birnäçesiniň, gazetleriň we žurnallaryň, elektron neşirleriň Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guralan bu okuw maslahatyna gatnaşan wekilleriniň öňünde çagyrylan daşary ýurtly hünärmenler P.Georgiew we O.Hommenok çykyş etdiler. Olar ýurdumyzda Internet neşirler boýunça okuwlary geçirmekde eýýäm tejribe topladylar.

Ýeri gelende aýtsak, häzirki wagtda maglumatlar ulgamy syýasy, durmuş-ykdysady we medeni ösüşde möhüm ähmiýete eýe boldy. Türkmenistan dünýädäki ylmy-tehniki ösüşe işjeň goşulyşýar. Şunda maglumatlar ulgamlarynyň mümkinçilikleri wajyp ähmiýetli ugurdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzda ählumumy görnüşde kompýuterleşdirmek we “internetleşdirmek” boýunça amala aşyrýan strategiýasy hut şuňa gönükdirilendir. Dürli edaralar we guramalar, kärhanalar we döwürleýin neşirler Internetde öz sahypalaryny açýarlar. Soňky ýyllarda türkmen hünärmenleri tarapyndan işlenip taýýarlanan köp sanly täze tematiki saýtlar hem şulara degişlidir. Olaryň arasyndan Türkmenistanyň Döwlet migrasiýas gullugunyň web-saýtyny, “Nowruz baýramy” web-saýtyny, “Behişdi bedewler” portalyny, “Ak şäherim Aşgabat” web-saýtyny, türkmen medeniýetine bagyşlanan habarlar we öwrenijilik web-saýtyny we başga-da birgidenleri görkezmek bolar.

Çykyş edenler birnäçe günläp dowam etjek şu okuw maslahatynyň sanly tehnologiýalary ösdürmek boýunça dünýäde toplanan tejribäni göz öňünde tutmak arkaly, onlaýn – resurslary has-da netijeli döretmekde we dolandyrmakda iş ýüzünde uly ähmiýete eýe boljakdygyny bellediler. 

http://www.turkmenhabargullugy.com/haber.php?haber_id=2528

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder